Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar) / Şahyryň sözi gysga, şerhi köp
    Şahyryň sözi gysga, şerhi köp surady
    21/08/2023

    1700

    Şahyryň sözi gysga, şerhi köp

    30. Bedriň jeňinde Muhammet basyldymy?!

    2013-nji ýylda neşir edilen diwanynyň 2-nji jildiniň 142-nji sahypasynda «Anbar saçdylar» atly 5 bentlik şygyr ýerleşdirilen. Onuň ikinji bendiniň birinji setiri şeýle nusgada:

    Muhammet basyldy Bedriň jeňinde…

    Bu ýerden beýan edilişine görä, hezreti Muhammet pygamber Bedir söweşinde ýeňlipdir.

    Şygyr nusgasynda aýdylýan bu maglumat dogrumyka?! Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda 76 «a» belgi bilen saklanýan golýazma nusgasynda hem-de Sankt-Peterburgyň Aziýa halklary institutynda saklanýan W-3654 belgili nusgada bu setir:

    Muhammet başlady Bedriň jeňinde… –

    diýen görnüşinde. Soňky nusgasyny herhal tasa getirseň boljak. Emma birinji nusgadaky «Muhammet basyldy…» akyldaryň beýan etjek pikiri däl! Çünki ol söweşde pygamberiň tarapdarlary ýeňiş gazanýarlar.

    Maglumat. Asly türkmensähraly, yslam dünýäsinde meşhur taryhçy, arap dilinde «Pygamberleriň we patyşalaryň taryhy» atly dünýä meşhur eser ýazan Muhammet Täberiniň (838-925-nji ýyllarda ýaşan) beýan etmegine görä, Bedir söweşi hijri-kamary hasabynda 2-nji ýylyň Remezan aýynyň 17-sine (milady hasabynda 624-nji ýylyň 14-nji martynda) hezreti Muhammet pygamberiň serkerdeliginde Medine şäheriniň 130 kilometr günbatarynda bolup geçýär. Ol söweşde musulmanlar hezreti Muhammet pygamberiň ýolbaşçylygynda Abu Jahylyň serkerdeligindäki duşman ordasyny derbi-dagyn edýärler. Bu söweş musulmanlaryň duşmana garşy eden ilkinji söweşi hem-de gazanan ilkinji ýeňşidir. Ol söweşe musulmanlardan 313 pyýada, 2 atly we 70 düýeli söweşiji gatnaşan. Abu Jahylyň tarapyndan 900 pyýada, 100 atly we 170 düýeli söweşiji gatnaşypdyr… Şonuň üçin türkmen akyldarynyň hezreti Muhammet pygamberiň gatnaşyp, duşmany ýeňen söweşi barada ýatlap, «Muhammet basyldy Bedriň jeňinde» diýmejegi hakykat. Gynansak-da, bu hataly setir 2013-nji ýyldaky neşirde orun alypdyr, diwany çapa taýýarlan bu setir barada seljeriş geçirmändir. Iň bolmanda, diwany çapa taýýarlan:

    Muhammet başlady…

    – diýen nusgany alan hem bolsa gowy bolardy. Ýöne bu setiriň iň gowy nusgasy häli-häzir hem halk içinde:

    Muhammet bar erdi, Bedriň jeňinde…

    – 
    diýen görnüşde bar. Elbetde, halka hödürlemek üçin, halk içindäki nusga iň amatly nusga bolup galýar.

    * * *

    Bu şygyrda düşündiriş bermegi talap edýän ýene-de şeýle setirler bar:

    Dakýanus döwründe niçe kimerse,
    Bir it bilen hemrah bolup gaçdylar…

    2013-nji ýyldaky neşirde birinji setirde «…niçe kimerse» diýip berlen hem bolsa, ol jümläniň «…ýedi kimerse» nusgasy hem bolup, soňky asyl nusga has golaý görünýär.

    Ol ýedi welileriň öz zamanasynyň zalym hökümdary Dakýanusyň zulumyndan halas bolmak üçin çuň dag gowagyna girendikleri, olaryň ýanynda bir itiň hem bolandygy, olaryň şol gowakda nijeme ýüz ýyl ýatyp, soňra ýüzlerçe ýyldan oýanandyklary barada Gurhanyň «Kehf» («Gowak») süresiniň 9-26-njy aýatlarynda habar berilýär. Ol ýedi şahsyýet yslamda ýedi weli, eshab-i kehf (gowakdaky sahabalar) ýaly atlar bilen meşhurdyrlar.

    Maglumatlara görä, olar gowakda uklap, 309 ýyldan soň oýanýarlar. Olaryň ýanynda bolan köpek itiň ady hem Kitmir bolmaly.

    Juma ATAÝEW,
    terjimeçi, žurnalist.

    Çeşme:
    “Biznes reklama” gazeti 21.08.2023
    https://br.com.tm/sections/5/6852
    https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/50/articles/115939

    Soňky täzelikler

    ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP surady

    26/11/2024

    ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP
    ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP surady

    25/11/2024

    ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP
    ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP surady

    23/11/2024

    ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI