21/08/2023
1369
Şahyryň sözi gysga, şerhi köp
30. Bedriň jeňinde Muhammet basyldymy?!
2013-nji ýylda neşir edilen diwanynyň 2-nji jildiniň 142-nji sahypasynda «Anbar saçdylar» atly 5 bentlik şygyr ýerleşdirilen. Onuň ikinji bendiniň birinji setiri şeýle nusgada:
Muhammet basyldy Bedriň jeňinde…
Bu ýerden beýan edilişine görä, hezreti Muhammet pygamber Bedir söweşinde ýeňlipdir.
Şygyr nusgasynda aýdylýan bu maglumat dogrumyka?! Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda 76 «a» belgi bilen saklanýan golýazma nusgasynda hem-de Sankt-Peterburgyň Aziýa halklary institutynda saklanýan W-3654 belgili nusgada bu setir:
Muhammet başlady Bedriň jeňinde… –
diýen görnüşinde. Soňky nusgasyny herhal tasa getirseň boljak. Emma birinji nusgadaky «Muhammet basyldy…» akyldaryň beýan etjek pikiri däl! Çünki ol söweşde pygamberiň tarapdarlary ýeňiş gazanýarlar.
Maglumat. Asly türkmensähraly, yslam dünýäsinde meşhur taryhçy, arap dilinde «Pygamberleriň we patyşalaryň taryhy» atly dünýä meşhur eser ýazan Muhammet Täberiniň (838-925-nji ýyllarda ýaşan) beýan etmegine görä, Bedir söweşi hijri-kamary hasabynda 2-nji ýylyň Remezan aýynyň 17-sine (milady hasabynda 624-nji ýylyň 14-nji martynda) hezreti Muhammet pygamberiň serkerdeliginde Medine şäheriniň 130 kilometr günbatarynda bolup geçýär. Ol söweşde musulmanlar hezreti Muhammet pygamberiň ýolbaşçylygynda Abu Jahylyň serkerdeligindäki duşman ordasyny derbi-dagyn edýärler. Bu söweş musulmanlaryň duşmana garşy eden ilkinji söweşi hem-de gazanan ilkinji ýeňşidir. Ol söweşe musulmanlardan 313 pyýada, 2 atly we 70 düýeli söweşiji gatnaşan. Abu Jahylyň tarapyndan 900 pyýada, 100 atly we 170 düýeli söweşiji gatnaşypdyr… Şonuň üçin türkmen akyldarynyň hezreti Muhammet pygamberiň gatnaşyp, duşmany ýeňen söweşi barada ýatlap, «Muhammet basyldy Bedriň jeňinde» diýmejegi hakykat. Gynansak-da, bu hataly setir 2013-nji ýyldaky neşirde orun alypdyr, diwany çapa taýýarlan bu setir barada seljeriş geçirmändir. Iň bolmanda, diwany çapa taýýarlan:
Muhammet başlady…
– diýen nusgany alan hem bolsa gowy bolardy. Ýöne bu setiriň iň gowy nusgasy häli-häzir hem halk içinde:
Последние новости
16/07/2024
ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP03/07/2024
ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP26/06/2024
ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP