Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar) / Şahyryň sözi gysga, şerhi köp
    Şahyryň sözi gysga, şerhi köp surady
    10/07/2023

    1119

    Şahyryň sözi gysga, şerhi köp

    (Başlangyjy geçen sanlarymyzda).

    15. «Utup durupdyr»

    Akyldarymyzyň «Utup durupdyr» (Magtymguly, şygyrlar, 3 tomluk, Aşgabat, 1992ý., I tom, 229 sah.) atly şygrynda birnäçe sowaly orta atýar. Geliň, ilki, şol bentler bilen tanşalyň!

    Ne düşekdir, aňa basan ýarymaz,

    Ne kiştdir, derýa batar, ýörimez,

    Ne enedir, ölmez, ýitmez, garrymaz,

    Öz balasyn özi ýuwtup durupdyr?

    Ne çyragdyr, gözsüzlere ýarydyr,

    Ne gözgüdir, bu aýnadan a:rydyr,

    Ne sakydyr, pyýalasyn ýörüdir,

    Bir goly bogzumdan tutup durupdyr?

    Başy baryp çykmyş arşyň üstüne,

    Aýagy inmişdir ýeriň astyna,

    Janly, jansyz, her ne gelse destine,

    Dannamaý, dahanna atyp durupdyr?

    Dana Pyragynyň şygra salyp beren sowallarynyň jogaplary şeýle bolsa gerek diýip çak edýäris:

    Ölüm düşegi — oňa basan ýarymaz,

    Ykbal kişti bagtyň ýatsa, ýörimez,

    Ene toprak — ölmez, ýitmez, garrymaz,

    Öz balasyn özi ýuwtup durupdyr.

    Iman nury gözsüzlere ýarydyr,

    Yslam gözgi — bu aýnadan a:rydyr,

    Ol Ezraýyl pyýalasyn ýörüdir,

    Bir goly damakdan tutup durupdyr.

    Ol töhmetdir çykmyş arşyň üstüne,

    Aýagy inmişdir ýeriň astyna,

    Janly, jansyz her ne gelse destine,

    Dannamaý, agzyna atyp durupdyr.

    16. «Haj eýleseň jara döner»

    Akyldarymyzyň 2013-nji ýylda neşir edilen diwanynyň 1-nji jildinde (282 — 283 sah.) «Görüm görülmegen ýerde» atly şygyr ýerleşdirilip, onda şygryň 4-nji bendi şeýle nusgada berlipdir:

    Haj eýleseň jara döner,

    Gül açylsa, hara döner,

    Hyzmat etmek hara döner,

    Gadryň bilinmegen ýerde.

    Öňler daýhanlar orak orup, bugdaý desselerini bir ýere üýşürip, ol üýşmegiň üstünde at aýlap döwek döwüpdirler. Desselerdäki sümmüller baldagyndan döwlüp, däneler saman, harpyk bilen garyşyk halda bolýar. Oňa «nerme» diýilýär.

    Bugdaý dänelerini samandan hem harpykdan saplamak üçin, şemally gün ýeňiljek pil bilen nermeden az-azdan alyp, şemala sowurýarlar. Muňa harman atmak diýilýär. Şonda saman gaýyp gidýär, harpykly däneler golaýa inýär-de, bir ýere jemlenýär. Ol üýşmege «çäç» diýýärler. Soňra-da çäji iri gözli elekden geçirýärler. Harpykdan arassalanan, elekden geçen dänelere «gyzyl» diýip at beripdirler. Elegiň gözünden geçmän galanlaryna bolsa «ja:r» diýipdirler. Türkmenlerde bugdaý orýana, döwek döwýäne, harman sowurýana «Çäjiňe bereket!» diýip, ýagşy dileg etmek däbi bar.

    Şeýlelikde, gadymda galla ýygnamagyň düzgünleriniň yzygiderliligine salgylanyp, biz birinji setirdäki «haj» sözi «çäç» diýip okalmalydyr diýen pikire gelýäris:

    Çäç eýleseň, ja:ra döner.

    Gül açylsa, ha:ra döner

    — diýen setirdäki «ha:ra» diýen söz «gülüň tikeni» diýmegi, şygryň üçünji «Hyzmat etmek hara döner» setirindäki «ha:ra» sözi bolsa «ha:r» sözünden bolup, ol har edilmegi, biderek ýere edilen azaby aňladýar.

    17. «Maňlaýy gülen islärin»

    2013-nji ýyldaky neşirde (Magtymguly, eserler ýygyndysy, 2-nji jilt, 191 sah.) «Kerem islärin» atly şygyr ýerleşdirilen. Onuň 3-nji bendiniň soňky iki setiri şeýle:

    Gaş-gabak çytmaý oturan,

    Maňlaýy gülen islärin.

    «Gabak çytmak», «Maňlaýy gülen» diýen jümleleriň türkmen dilinde edil şu görnüşde ulanylýandygyna mysal bolup biläýjek nusga gabat gelmedik. Şonuň üçin bu iki setiriň 1976-njy ýylda neşir edilen diwanda (70 sah.):

    Gaşlarny çytman oturan,

    Gözleri gülen islärin

    — diýip berlen nusgasyny dogry hasap edýäris.

    (Dowamy gazetiň indiki sanynda).

    * Peýdalanylan edebiýatlar:

    1. Magtymguly, 2 tomluk, Aşgabat, 1994.

    2. Magtymguly, Aşgabat, 1959.

    3. Magtymguly, 2 tomluk, Aşgabat, 1983.

    4. Magtymguly, 2 jiltlik, Aşgabat, 2013.

    Juma ATAÝEW,
    terjimeçi, žurnalist.

    Makala 10.07.2023 senesinde «Biznes reklama» gazetinde çap edildi.
    https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/111419

    Soňky täzelikler

    ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP surady

    26/11/2024

    ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP
    ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP surady

    25/11/2024

    ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP
    ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP surady

    23/11/2024

    ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI