04/02/2026
46
“Parahatçylygyň ýaş çaparlary” atly akyl-paýhas bäsleşiginiň V möwsüminiň IV saýlama oýny
2026-njy ýylyň 4-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Parahatçylygyň ýaş çaparlary” atly akyl-paýhas bäsleşiginiň V möwsüminiň IV saýlama oýny geçirildi.
Institutyň düzüminde hereket edýän Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň guramagynda geçirilýän “Parahatçylygyň ýaş çaparlary” atly akyl-paýhas bäsleşiginiň IV saýlama oýny “Garaşsyz we Bitarap Türkmenistan – parahatçylyk syýasatynyň hem-de özara ynanyşmak dialogynyň merkezi” atly umumy şygar astynda geçirildi. Oňa Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda badalga berildi. Bu bolsa ýaş nesilleriň hemişelik Bitarap döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna bolan gyzyklanmalarynyň artmagyna uly goşant goşýar. Möwsümiň nobatdaky saýlama oýny “Bitaraplyk diplomatiýasy – özara ynanyşmagyň we parahatçylygy dörediji dialogyň nusgasy” atly tema boýunça geçirilýär.
“Parahatçylygyň ýaş çaparlary” atly akyl-paýhas bäsleşiginiň V möwsüminiň IV saýlama oýnuna Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 12-nji synp okuwçysy Nurgözel Gutlyýewa, Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 135-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Sumeýe Amangeldiýewa, Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 12-nji synp okuwçysy Jeýhun Hojageldiýew, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň iňlis dili, fizika we matematika derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Jennet Annaýewa, Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň 36-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Maral Pälwanowa, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Medine Gulberdiýewa, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň takyk we iňlis dili okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 45-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Kowus Geldisaparow dagy gatnaşdylar.
Akyl-paýhas bäsleşiginiň V möwsüminiň IV saýlama oýnuna “Pähimdarlar geňeşiniň” agzalary hökmünde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Begenç Karaýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw bölüminiň hünärmeni, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty we uly mugallymy Annadurdy Kuwadow, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Arheologiýa we etnologiýa kafedrasynyň uly mugallymy, taryh ylymlarynyň doktory Bike Diwangulyýewa dagy adalatly eminlik etdiler.
Gyzgalaňly geçen bäsleşigiň netijelerine laýyklykda, Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 12-nji synp okuwçysy Jeýhun Hojageldiýew hem-de Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Medine Gulberdiýewa nobatdaky oýunda ýeňiş gazanmagy başardylar.
Akyl-paýhas bäsleşiginiň V möwsüminiň IV saýlama oýnuna Türkmenistanyň Demokratik partiýasy hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy hemaýatkärlik etdiler. Bäsleşigiň ýeňijileri we gatnaşyjylary hemaýatkärler tarapyndan taýýarlanylan ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandylar. Şeýle-de olara institutymyzyň Hormat hatlary gowşuryldy.
Yhlas AGÖÝLIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.