02/02/2026
62
Diplomatik protokol boýunça gysga möhletli okuwlar başlady
2026-njy ýylyň 2-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda we daşary ýurtlardaky diplomatik Wekilhanalarynda, konsullyk edaralarynda we halkara guramalaryň ýanyndaky hemişelik wekilhanalarynda zähmet çekýän diplomatlar, hünärmenler üçin «Diplomatik protokol» atly ýöriteleşdirilen okuw merkeziniň çäklerinde okuw sapaklary gurnaldy.
Bu okuw sapaklarynda diplomatik protokol we onuň esaslary, döwlet protokoly hem-de ýurdumyzyň protokol gullugynyň aýratynlyklary, halkara salyhatlylyk we etiket, saparlaryň hem-de halkara çäreleriniň gurnalyşynyň aýratynlyklary, Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty we halkara gatnaşyklarynda onuň ähmiýetli ornunyna bagyşlanan maglumatlar beýan edildi.
Okuw sapaklaryny ýurdumyzyň diplomatik gullugynda uzak ýyllap zähmet çeken tejribeli diplomatlar, institutyň professor-mugallymlary geçirdiler. Bu okuwlar 2026-njy ýylyň 12-nji fewralyna çenli dowam edip, ýaş hünärmenlerde diplomatik protokol baradaky bilimlerini has-da kämilleşdirmeklige gönükdirilendir.
Ýeri gelende bellesek, 2026-njy ýylyň 16-njy ýanwarynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Protokol gullugyny döwrebaplaşdyrmagyň strategiýasy hödürlenildi. Bu işiň çäklerinde ýurdumyzyň halkara derejesinde ilkinji täsirini emele getirýän hünärmenleriň taýýarlyk derejesini ulgamlaýyn ýokarlandyrmak boýunça degişli işleri durmuşa geçirmek göz öňünde tutuldy.
Mälim bolşy ýaly, 2026-njy ýylda — iri sammitleriň we ýokary derejeli saparlaryň ýylynda — protokol gullugynyň kemsiz işi gepleşikleriň netijeliliginiň möhüm şertine öwrülýär. Bu babatda Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň daşary syýasaty umumy abadançylyga gönükdirilendir, şonuň üçin her bir sapar hyzmatdaşlara bolan hormaty milli mertebäniň aýdyň görkezilişi bilen utgaşdyrýan, takyk sazlanan gural hökmünde guralmalydyr.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň «Diplomatik protokol» atly ýöriteleşdirilen okuw merkeziniň çäklerinde okuw sapaklaryna gatnaşýan diňleýjiler döredilýän şeýle şertdir mümkinçilikler üçin Türkmenistanyň Prezidentine, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden çykýan alkyşlaryny beýan etdiler.
Akmuhammet JUMGAULYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
“Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy”
žurnalynyň
redaksiýasynyň jogapkär kätibi,
«Diplomatik protokol» atly ýöriteleşdirilen
okuw merkeziniň diňleýjisi