Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar) / Şahyryň sözi gysga, şerhi köp
    Şahyryň sözi gysga, şerhi köp surady
    15/08/2023

    1447

    Şahyryň sözi gysga, şerhi köp

    29. Müň iki ýüz on bir ýyldyr bataly

    2013-nji ýylda neşir edilen Magtymgulynyň eserler ýygyndysy kitabynyň 1-nji jildiniň 110 – 114-nji sahypalarynda aryf-danamyz bilen onuň zamanadaşy Zunuby şahyryň sowal-jogap görnüşdäki aýdyşyk şygyrlary ýerleşdirilen. Ol aýdyşygyň iň soňunda Magtymguly Pyragy şeýle sowal berýär:

    Ne kuýaşdyr hasabyny bileli?
    Çendin saldyr gözden nahan bolaly?
    Niçe syrdyr sizden habar alaly?
    Magtymguly, bize mundan habar ber.

    Şahyr ýokardaky bendinde, Zunubydan bu sowal-jogabyň kamary hasabynda näçenji ýylda bolandygyny soraýar. Zunuby şeýle jogap berýär:

    Resul gündür, hasabyny tutaly,
    Müň iki ýüz on bir ýyldyr bataly,
    Ajal köprük, gel, didara öteli,
    Zunuby diýr, bizden habar şeýledir.

    Zunubynyň jogap bermegine görä, Muhammet pygamberiň (Resulyň) Mekgeden Medinä göçmegi bilen başlan senenama boýunça, ýagny hijri-kamary hasabynda bu sowal-jogap 1211-nji ýylda bolup geçipdir.

    Ýokardaky bentlerde hijri-kamary senenamasynyň (hezreti Muhammet pygamberiň Mekgeden Medinä göç eden ýyl senenamasynyň) başlan ýylyndan bäri geçen zaman barada gürrüň edilýär. Ol miladynyň 622-nji ýylyna gabat gelýär.

    Muhammet pygamberiň Mekgeden Medinä göçen ýylyndan başlap, iki senenama hasaby başlaýar.

    Hijri-kamary (Aý) senenamasy. Ol senenamada 1 ýyl 354 — 355 güne deň. Şonuň üçin, her ýyl remezan-oraza aýy geçen ýyla garanyňda, 10 gün (11 gün) öň gelýär. Ýylda 10-11 günüň üýtgemegi bilen hijri-kamary hasabynda her 33 ýyl 6 aýdan ol ýyllaryň üstüne 1 ýyl goşulýar. Mysal üçin, 33 ýaş 6 aý ýaşan adam eýýäm 34 ýaş 6 aý ýaşan, 67 ýaşan adam bolsa (67+2) ertesi 70 ýaşynyň içindäki adam bolýar.

    Hijri-kamary hasabynda 1211-nji ýyl miladynyň 1796-njy ýylynyň iýul aýynyň 7-sinden 1797-nji ýylyň maý aýynyň 25-ine çenli dowam edýär.

    Hijri-şemsi (Gün) hasaby. Munda 622-niň üstüne 1211-i goşsaň, ol miladynyň 1833-nji ýyly bolýar.

    Magtymguly bilen Zunubynyň aýdyşyklarynda hijri-kamary barada gürrüň gidýändigini göz öňünde tutup, ol sowal-jogabyň 1796 — 1797-nji ýyllarda bolup geçendigini aýdyp bileris.

    Şeýlelikde, bu neşiriň 2-nji jildiniň ahyrynda kamary hasaby boýunça 1211-nji ýyl barada: «Muhammet pygamber… 632-nji milady ýylynda dünýäden ötüpdir. 632-nji milady ýylynyň üstüne hijri hasaby bolan 1211 ýyly goşsaň, ol miladynyň 1806-njy ýylyna gabat gelýär» (görkezilen eser, 383 sah.) diýip, berlen maglumatyň hakykata laýyk gelmeýändigini hasaplamalar aýan etdi. Onsoňam miladydaky 632-nji ýylyň üstüne 1211 ýyly goşsaň, ol 1806-njy ýyl däl-de, 1843-nji ýyl bolýar.

    Juma ATAÝEW,
    Terjimeçi, žurnalist.

    “Biznes reklama” gazeti 14.08.23
    https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/50/articles/115215
    https://br.com.tm/sections/5/6712

    Soňky täzelikler

    ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP surady

    26/11/2024

    ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP
    ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP surady

    25/11/2024

    ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP
    ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP surady

    23/11/2024

    ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI