15/08/2023
1158
Şahyryň sözi gysga, şerhi köp
29. Müň iki ýüz on bir ýyldyr bataly
2013-nji ýylda neşir edilen Magtymgulynyň eserler ýygyndysy kitabynyň 1-nji jildiniň 110 – 114-nji sahypalarynda aryf-danamyz bilen onuň zamanadaşy Zunuby şahyryň sowal-jogap görnüşdäki aýdyşyk şygyrlary ýerleşdirilen. Ol aýdyşygyň iň soňunda Magtymguly Pyragy şeýle sowal berýär:
Ne kuýaşdyr hasabyny bileli?
Çendin saldyr gözden nahan bolaly?
Niçe syrdyr sizden habar alaly?
Magtymguly, bize mundan habar ber.
Şahyr ýokardaky bendinde, Zunubydan bu sowal-jogabyň kamary hasabynda näçenji ýylda bolandygyny soraýar. Zunuby şeýle jogap berýär:
Resul gündür, hasabyny tutaly,
Müň iki ýüz on bir ýyldyr bataly,
Ajal köprük, gel, didara öteli,
Zunuby diýr, bizden habar şeýledir.
Zunubynyň jogap bermegine görä, Muhammet pygamberiň (Resulyň) Mekgeden Medinä göçmegi bilen başlan senenama boýunça, ýagny hijri-kamary hasabynda bu sowal-jogap 1211-nji ýylda bolup geçipdir.
Ýokardaky bentlerde hijri-kamary senenamasynyň (hezreti Muhammet pygamberiň Mekgeden Medinä göç eden ýyl senenamasynyň) başlan ýylyndan bäri geçen zaman barada gürrüň edilýär. Ol miladynyň 622-nji ýylyna gabat gelýär.
Последние новости
16/07/2024
ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP03/07/2024
ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP26/06/2024
ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP