08/04/2024
515
SAGLYK RUHUŇ BINÝADY
Berkarar döwlet täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz diýarymyzda welosport köpçülikleýin häsiýete eýe bolýar. Adamlar üçin elýeterli bolan ulagyň bu görnüşi saglyga örän peýdalylygy bilen ähli ýaşdaky watandaşlarymyzyň ünsüni çekýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan sport syýasatynda halkara we sebitara sport guramalary, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir. Bu hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlary esasynda yzygiderli giňeldilýär. Ýurdumyzda köpçülikleýin welosipedli ýörişiň guralmagy, awtoulagsyz günüň geçirilmegi ýaly çäreler jemgyýetimiziň aňynda we durmuşynda sagdyn-durmuş ýörelgesiniň we ata-baba ynsanperwer däpleriň berk ornaşmagyna ýardam edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň welosipedde gezelenç edip, lezzet almak üçin welosiped medeniýetini döretmek we ösdürmek baradaky taglymaty ähli ýaşdaky raýatlary jebisleşdirdi. Bu bolsa dostanalyk syýasatyny ýöredýän hormatly Prezidentimiziň dünýä ähmiýetli başlangyçlarynyň ýene-de bir ykrarnamasydyr.
Aşgabatda welosipedçileriň ilkinji jemgyýeti baryp 1894-nji ýylda döredildi. Şondan bir ýyl soň welosipedçileriň ilkinji ýaryşy geçirildi. Bu bolsa ýurdumyzda sportuň bu görnüşini ösdürmegiň başyny başlady. Häzirki wagtda bir asyrdan gowrak mundan öň ýola goýlan welosiped sportunyň däpleri täzeçe görnüşde durmuşa ornaşdyrylýar.
Häzirki döwürde welosiped ekologiýa ulagynyň nyşany bolup durýar. Ony adamzat eýýäm 200 ýyldan hem gowrak wagtdan bäri peýdalanyp gelýär.Welosiped daşky gurşawa aýawly garamaga hem-de saglygy berkitmäge ýardam berýär. Iňlis ýazyjysy Gerbert Jorj Uells hem: «Haçan-da men welosiped sürýän uly ýaşly ynsany görsem, adamzadyň geljeginden arkaýyn» diýip belläpdir.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2018-nji ýylyň 12-nji aprelindäki 72-nji maslahatynyň 82-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen 3-nji iýunyň Bütindünýä welosiped güni hökmünde ykrar edilýändigini tassyklaýan Kararnamanyň kabul edilmegi, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2022-nji ýylyň 15-nji martyndaky 76-njy sessiýasynyň 6-njy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň 62-niň awtordaş bolup çykyş etmeginde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi eziz Diýarymyzyň parahatçylygy, dostlugy, oňyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan işleriniň dünýä bileleşigi tarapyndan doly goldanylýandygynyň ykrarnamasy boldy.
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary, dünýä halklarynyň eşretli we ýagty geljeginiň hatyrasyna gönükdirilen teklipleri bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň Bütindünýä welosiped gününi esaslandyrmak baradaky Rezolýusiýany kabul etmegi ata Watanymyz Türkmenistanda sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, jemgyýetiň ekologiýa medeniýetini kemala getirmek, bu ulgamda döwletleriň hem-de halklaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça geçirilýän ägirt uly işleriň ykrarnamasyna öwrüldi.
Welosiped sportunda ajaýyp görelde görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, ýurdumyzda sportuň bu görnüşiniň meşhurlygy has-da ýokarlanýar. Welosiped sürmek ynsanlaryň bedeniniň berkemegine, çydamlylygyna, güýçli bolmagyna getirýär. Welosiped sürmek bilen meşgullanýanlar uzak ýaşaýarlar. Welosiped sürlende bedeniň we immunitetiň berkemegine uly mümkinçilikler döreýär.
Ogulşeker AKJAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary
fakultetiniň III ýyl talyby.
Soňky täzelikler
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI