11/04/2024
946
SAGLYK — BAŞ BAÝLYK
Saglyk ynsanyň bahasyna ýetip bolmajak baýlygydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde sporta dostana gatnaşyklaryň ilçisi, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşynyň möhüm şertleriniň biri hökmünde aýratyn ähmiýet berilýär. Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ykrar edilmegine, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmäge gönükdirilen bimöçber aladalaryň netijesinde, ýurdumyzda bedenterbiýe, sport geljegi uly ugurlaryň hatarynda kesgitlenilýär. Şu ýylyň 7-nji aprelinde — Bütindünýä saglyk gününde paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýörişiň guralmagy, dürli sport çäreleriniň giň gerime eýe bolmagy sagdyn durmuş ýörelgeleriniň barha dabaralanýandygyny aýdyň görkezdi.
Arassaçylyk
Ynsan arassaçylygyň kadalaryny berk berjaý etmelidir. Şeýle hem iýmit önümlerine ünsli bolmak gerek. Iýmit önümleri satyn alnanda, olaryň ýaramlylyk möhletine we hiline üns bermelidir. Öý şertlerinde iýmitler taýýarlanylanda, arassaçylyk-gigiýeniki talaplary berjaý etmeli. Iýmit önümlerini taýýarlaýan ýeriň, ulanýan gap-gaçlaryň arassa bolmalydyr. Bişirilen we bişirilmedik iýmit önümlerini aýry-aýry saklamalydyr.
Sport we bedenterbiýe
Sport we bedenterbiýe medeniýetiň düzüm bölegi bolup, sagdyn durmuş ýörelgesiniň esaslaryny, adamyň beden taýdan ösüşini kemala getirýär. Adamyň saglygyny goramak maksady bilen, dürli sport çäreleri ýaşlaryň sagdyn ösmegini, berk bedenli bolmaklaryny üpjün edýär.
Sport beýniniň işjeňligini gowulandyrýar. Islendik işjeň hereket beýniniň öýjüklerine güýçli gan akymyny ýetirýär, bu bolsa beýnini kislorod bilen üpjün edýär. Sportuň basketbol, woleýbol we beýleki görnüşleri ganyň düzümindäki kislorodyň derejesini ýokarlandyryp, adamyň ünsüni güýçlendirýär.
Kadaly iýmitlenmek
Saglygyň sakasy talabalaýyk iýmitlenmek bilen baglydyr. Kadaly iýip-içmek ynsanyň saglygyny berkidýär, fiziki hem ruhy sagdynlygy üpjün edýär. Bedene zerur önümler ýetmese, ösüş we täzeleniş düzgüni bozulýar. Iýmit bilen alynýan belok esasy orunda durýar. Dokumalar, öýjükler, beden agzalary, fiziologik maddalar – gan, limfa belogynyň gatnaşmagynda täzelenýär. Günüň dowamynda dört-bäş gezek dürli naharlardan az-azdan naharlanmaly we gapdalyndan gök önümler, miweler iýilse, şerbetler, arassa suw içilse has-da haýyrlydyr.
Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzda bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegine, jemgyýetde, aýratyn-da, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz-nesihat etmäge, beden taýdan berk, ruhubelent ýaş nesli terbiýelemäge uly üns berilýär. Şonuň üçin hem sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikler döredilýär.
Sahydöwlet HÜMMETJUMAÝEW,
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň
I ýyl talyby.
Çeşme: "Ýaş diplomatyň sesi" elektron gazeti №10 (93) - 10.04.2024 ý. // https://iirmfa.edu.tm/tm/gazet/yas-diplomatyn-sesi-internet-gazeti-10-93_8295
Soňky täzelikler
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI