30/11/-0001
552
Raýatsyzlyk meselesi boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi
2021-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň gurnamagynda (UNHCR) Raýatsyzlygyň öňüni almak we onuň soňuna çykmak boýunça halkara tejribesi, Merkezi Aziýa sebitinde raýatsyzlygyň sebäpleri barada talyplaryň bilimini artdyrmak maksady bilen onlaýn görnüşinde okuw sapagy geçirildi. Bu çärä Durnukly Ösüş Maksatlarynyň ýaş ilçileri basleşiginiň ýeňijileri, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Raýatsyzlyk meselesi boýunça geçirilen onlaýn okuw sapagynda esasan hem raýatsyzlyk babatynda dünýäde alnyp barylýan işler we bu boýunça halkara tejribeleri barada daşary ýurt hünärmenleriň ylmy maglumatlara esaslanyp eden çykyşlary diňlenildi. Okuw sapagynyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň wekilleri tarapyndan sanly ulgam arkaly talyplara test görnüşinde soraglar berlip jogaplar alyndy.
Adam hukuklary bilen baglanyşykly geçirilýän okuw sapaklaryna mugallymlaryň we talyplaryň işjeň gatnaşmagy, olaryň halkara hukugy boýunça bilimleriniň has hem artmagyna we kämilleşmegine uly ýardam berýär.
Zulfiýa ÝAŇABAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň III ýyl talyby.
Soňky täzelikler
20/12/2024
ÝAŞ TÜRGENIMIZIŇ ÝEŇŞI