1487
PARYZDEPE ÝADYGÄRLIGINE GEZELENÇ
2025-nji ýylyň 21-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň gurnamagynda we kafedranyň ýanynda hereket edýän “Paýhas we parasat” atly ylmy gurnagynyň hem-de Ýaş diplomatlar mekdebiniň agzalary bolan mekdep okuwçylaryň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda Paryzdepe ýadygärligine gezelenç guraldy.
Talyplar we mekdep okuwçylary bu ýerde Paryzdepe ýadygärliginiň täsinlikleri bilen tanyşdylar. Taryhy gezelenjiň dowamynda mugallymyň gadymy Paryzdepe, ony esaslandyran parfiýalylar we Parfiýa döwleti barada beren gyzykly gürrüňleri ýaşlaryň türkmen halkynyň şöhratly taryhyny öwrenmäge bolan höweslerini has-da artdyrdy.
Bu gezelenç ýaşlarda watansöýüjilik, däp-dessurlara hormat goýmak we ata Watana wepalylyk ýaly oňat gylyk-häsiýetleri baýlaşdyrmakda uly ähmiýete eýe boldy.
Bike ANNAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.