08/04/2026
52
«PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ VII SAÝLAMA OÝNY
2026-njy ýylyň 8-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň V möwsüminiň VII saýlama oýny geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, institutyň düzüminde hereket edýän Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň guramagynda geçirilýän «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda badalga berlen V möwsümi «Garaşsyz we Bitarap Türkmenistan — parahatçylyk syýasatynyň hem-de özara ynanyşmak dialogynyň merkezi» atly umumy şygar astynda geçirilýär. Bu bolsa ýaş nesilleriň hemişelik Bitarap döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna bolan gyzyklanmalarynyň artmagyna uly goşant goşýar. Möwsümiň nobatdaky saýlama oýny «Ýagty geljege barýan Arkadag Gahryman Serdarly ýaşlar» atly tema bagyşlandy.
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň V möwsüminiň VII saýlama oýnuna Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 12-nji synp okuwçysy Meňlihal Astanowa, Mary welaýatynyň Oguz han etrabynyň Şatlyk şäherindäki takyk we tebigy ugurlardan ýöriteleşdirilen 12-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Meýlis Azadow, Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 89-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Şyhmyrat Myradow, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 12-nji synp okuwçysy Mämmetnur Mämmedalyýew, Ahal welaýatynyň Akbugdaý etrabynyň 1-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Oguljan Mämmetgulyýewa, Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 24-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Allamyrat Şyhyýew, Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 130-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Pena Şamyradow dagy gatnaşdylar.
Akyl-paýhas bäsleşiginiň V möwsüminiň VII saýlama oýnuna «Pähimdarlar geňeşiniň» agzalary hökmünde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Begenç Karaýew, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uly mugallymy, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Nurýagdy Ýahşimuradow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň Halk döredijiligi bölüminiň uly ylmy işgäri Gülälek Hangeldiýewa dagy adalatly eminlik etdiler.
Gyzgalaňly geçen bäsleşigiň netijelerine laýyklykda Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 130-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Pena Şamyradow, Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 24-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Allamyrat Şyhyýew ýeňiş gazanmagy başardylar.
Akyl-paýhas bäsleşiginiň V möwsüminiň VII saýlama oýnuna Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hemaýatkärlik etdi. Bäsleşigiň ýeňijileri we gatnaşyjylary hemaýatkärler tarapyndan taýýarlanan ýadygärlik sowgatlar we institutymyzyň Hormat hatlary bilen sylaglandylar.
Sylapberdi ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.