30/11/-0001
998
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary»: finalyň ähli gatnaşyjylary mälim boldy
2022-nji ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw binasynda Ýaş diplomatlaryň mekdebi tarapyndan guralýan «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň II ýarym final oýny geçirildi. Bäsleşigiň finalyna gatnaşmaga hukuk gazanan ähli oýunçylaryň adyny belli eden II ýarym final oýnunyň baş temasy «Türkmen diplomatiýasy — parahatçylygy döredijiligiň we adalatly syýasatyň nusgasy» diýlip atlandyryldy. Gatnaşyjylaryň bäsleşikde berlen sowallara takyk we giňişleýin jogap bermekleri olaryň bu mowzuga degişli ozaldan maslahat berlen edebiýatlary — Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy», «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» we beýleki kitaplaryny ürç edip özleşdirendiklerine şaýatlyk edýär.
Akyl-paýhas bäsleşigi üçin niýetlenen ýörite Ak öýde geçirilen II ýarym final oýnuna saýlama tapgyrlarynda tapawutlanmagy başaran, Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçylary Leýli Osmanowa, Kümüş Täçmuhammedowa hem-de 11-nji synp okuwçysy Ýagşymyrat Öwezow, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 8-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Aýnur Döwletýarowa, Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky umumybilim berýän ýöriteleşdirilen mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçylary Hojamyrat Baýlyýew we Kakageldi Akmyradow, Aşgabat şäheriniň 2-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Diana Bespalowa hem-de Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki iňlis dili, fizika we matematika derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçy Intizar Tagannyýazowa dagy gatnaşdylar.
Akyl-paýhas bäsleşiginiň II ýarym final oýnunda «Pähimdarlar geňeşiniň» agzalary hökmünde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň dosenti, tehniki ylymlarynyň kandidaty, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi Çary Nyýazow, TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alym kätibi, taryh ylymlarynyň kandidaty Kakajan Janbekow hem-de TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri Gyzylgül Tagandurdyýewa dagy adalatly eminlik etdiler.
Çekeleşikli geçen II ýarym final oýnunyň netijelerine görä, Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Ýagşymyrat Öwezow, Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky umumybilim berýän ýöriteleşdirilen mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçylary Hojamyrat Baýlyýew we Kakageldi Akmyradow, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki iňlis dili, fizika we matematika derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçy Intizar Tagannyýazowa dagy ýeňiji bolup, olar bäsleşigiň final oýnuna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşigiň ýeňijileri, şeýle-de onuň ähli gatnaşyjylary Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de beýleki hemaýatkärleriň taýýarlan gymmatbahaly sowgatlary, institutymyzyň degişli şahadatnamalary we Hormat hatlary bilen sylaglandylar.
Şeýlelikde, akyl-paýhas bäsleşiginiň final oýnunda çykyş etjek ähli okuwçylaryň ady mälim boldy. «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň aýgytlaýjy oýny 21-nji iýunda «Gahryman Arkadagymyzyň beýik taglymaty: «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly tema boýunça geçiriler.
Ýeri gelende bellesek, «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň II ýarym final oýnuna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Milli ýaý atyjylyk federasiýasy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, «Türkmenhaly» döwlet birleşigi, «Abadan haly» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti, «Ýedi dogan» hususy kärhanasy, «Muhammet Balkan» hojalyk jemgyýeti, "Ajaýyp ugur" hojalyk jemgyýeti hem-de dürli pudaklarda zähmet çekýän işgärler üçin ýörite iş egin-eşiklerini hödürleýän «Saraýan» hojalyk jemgyýeti hemaýatkärlik etdiler. «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň II ýarym final oýny «Miras» teleýaýlymy bilen TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw studiýasy tarapyndan bilelikde ýazgy edildi. Bu oýna ýakyn günlerde «Miras» teleýaýlymynda tomaşa edip bilersiňiz.
Mätgurban MÄTGURBANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.
Şeýle hem bu barada şu ýerden okap bilersiňiz!
Soňky täzelikler
01/06/2024
ÝAŞ ÇAPAR