Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Bildirişler / “Parahatçylygyň ýaş çaparlary” akyl-paýhas bäsleşigi
    “Parahatçylygyň ýaş çaparlary” akyl-paýhas bäsleşigi surady
    04/10/2021

    978

    “Parahatçylygyň ýaş çaparlary” akyl-paýhas bäsleşigi

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň
    garamagyndaky Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň agzalarynyň arasynda
    “Parahatçylygyň ýaş çaparlary” akyl-paýhas bäsleşigini geçirmegiň
    TERTIBI

    1. “Parahatçylygyň ýaş çaparlary” akyl-paýhas bäsleşigini geçirmek boýunça bildiriş yglan edilýär we ol institutyň web-saýtynyň bildirişler bölüminde, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň www.yashlar.gov.tm web-saýtynda hem-de “Nesil” gazetinde ýerleşdirilýär.
    2. Bäsleşige Türkmenistanyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylary (IX-XI synplar) gatnaşyp bilerler.
    3. Bäsleşige gatnaşmak isleýän ýaşlara “Diplomatiýa – meniň arzuwym”, “Diplomatiýa – parahatçylyk guraly”, “Türkmen halkynyň taryhy – parahatçylygy dörediji diplomatiýanyň nusgasy” atly temalar ýa-da özbaşdak saýlanyp alnan degişlilikdäki derwaýys tema boýunça 5-10 sahypa (A4 format, 1,5 interwal) möçberindäki erkin žanrda ýazylan ylmy-döredijilik işini HGI-niň parahatchylygynchaparlary@gmail.com elektron salgysyna elektron tekst görnüşinde ibermek teklip edilýär. Bu talaplar “Parahatçylygyň ýaş çaparlary” akyl-paýhas bäsleşigini geçirmek boýunça bildirişde görkeziler.
    4. Bäsleşige gatnaşmak işleýän ýaşlara olaryň ylmy-döredijilik işleriniň ýany bilen özleri baradaky gysgaça maglumatlaryny — adyny we familiýasyny, öý salgysyny, okaýan mekdebini, telefon belgisini, terjimehalyny, okuw we döredijilik, olimpiadalardaky, sport ýa-da beýleki bäsleşiklerdäki üstünlikleri, gyzyklanýan temalary barada maglumatlary, şeýle hem resminama üçin 3×4 ölçegli suratyny parahatchylygynchaparlary@gmail.com elektron salgysyna elektron tekst görnüşinde ibermek teklip edilýär;
    5. Bäsleşige hödürlenjek ylmy-döredijilik işlerini kabul etmek şu bildirişiň çap edilen senesinden başlap, üç hepdäniň dowamynda kabul ediler;
    6. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildiren dalaşgärleriň deslapky topary ylmy-döredijilik işlerini seljermek we olara baha bermegiň iň oňat netijeleri boýunça kesgitlener;
    7. Saýlanyp alnan dalaşgärler bäsleşige gatnaşmak üçin TDIM HGI-niň ýörite studiýasyna çagyrylar;
    8. Bäsleşik tapgyrlaýyn esasda:
    I. 2021-nji ýylyň noýabr aýynyň birinji ýarymynda;
    II. 2022-nji ýylyň fewral aýynyň birinji ýarymynda;
    III. 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda;
    IV. 2022-nji ýylyň fewral aýynda;
    V. 2022-nji ýylyň mart aýynda;
    VI. 2022-nji ýylyň mart aýynda;
    VII. 2022-nji ýylyň aprel aýynda;
    VIII. 2022-nji ýylyň maý aýynda geçiriler. Her tapgyrdan iki ýeňiji saýlanyp jemleýji tapgyra gatnaşmaga hödürlener.
    9. IX we X tapgyrlara mundan öňki sekiz tapgyrda ýeňiş gazanan iki ýeňiji gatnaşar. Jemleýji XI tapgyra IX we X tapgyrlaryň ýeňijileri gatnaşar we olaryň arasynda baş baýraga, I, II we III orunlara mynasyp bolanlar kesgitlener.
    10. Jemleýji tapgyrda I orun alana degişli Kubok, diplom we gymmatbaha sowgat gowşurylar. II we III orun alanlara degişli diplomlar we gymmatbaha sowgatlar gowşurylar. Jemleýji tapgyra gatnaşan beýleki dalaşgärlere ýadygärlik üçin Minnetdarlyk haty we höweslendiriji sowgat gowşurylar.
    11. Bäsleşigiň tapgyryny geçirmegiň Tertibi (ssenariý), dalaşgärleriň gatnaşmagy bilen bagly guramaçylyk işleri, kubok, diplomlar we sowgatlar bilen bagly maliýe çykdajylary, eminler gözegçiligi, sorag bermek we jogap bermek, olara baha bermek we ýeňijileri kesgitlemek, teleýaýlymda görkezmek ýaly meseleler aýratyn görnüşde kesgitlener we beýan ediler.
    https://www.yashlar.gov.tm/item/3390
    https://metbugat.gov.tm/newspaper?id=7142
    https://www.turkmenistan.gov.tm/tk/habar/57798/parahatcylygyn-yas-caparlary-atly-akyl-payhas-baslesiginin-gecirilyandigi-yglan-edilyar

    Soňky täzelikler

    II halkara bäsleşigine gatnaşyjylaryň MAKSATNAMASY surady

    06/05/2025

    II halkara bäsleşigine gatnaşyjylaryň MAKSATNAMASY
    II halkara bäsleşik surady

    28/04/2025

    II halkara bäsleşik
    ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK! surady

    22/04/2025

    ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK!
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI