210
Parahatçylygy we dostlugy berkidip
Ýurdumyzda Aşgabat şäheriniň güni, Türkmen halysynyň baýramy, orta mekdebi tamamlaýan oglan-gyzlaryň «Soňky jaň» dabarasy uly şatlyk-şowhun bilen bellenilip geçildi. Baýramçylyklar bilen ugurdaşlykda halkara çäreler, aýdym-sazly dabaralar giňden ýabaňlandyryldy. Mälim bolşy ýaly, paýtagtymyz maslahatlardyr bäsleşikleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. Muny ýaňy-ýakynda türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde geçirilen halkara çäreler hem aýdyňlygy bilen subut etdi. «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly II halkara bäsleşigi, hem-de onuň bilen ugurdaşlykda geçirilen «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat Türkmenistanyň halkara arenada Bitaraplyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýändigini alamatlandyrmak bilen, geljegi uly bolan ugurlarda hyzmatdaşlygy ýola goýmakda möhüm boljakdygy bellenildi. Bilşimiz ýaly, şu ýyl Bitaraplyk derejesine eýe bolanymyza 30 ýyl, Birleşen Milletler Guramasynyň döredilenine bolsa 80 ýylyň dolmagy bilen bagly geçirilýän çärelerde, soňky ýyllarda Türkmenistanyň parahatçylyk dörediji, ylalaşdyryjy merkez hökmünde orta çykandygy nygtalýar. Ine, «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahatda şular dogrusynda gürrüňler edildi.
― Men Türkmenistanda dünýä indim. Dogduk ýurduňa şular ýaly halkara derejede geçirilýän çärä gatnaşmak üçin gelmegiň lezzetem başgaça. Sebäbi biz geçmişde Parfiýa, Merw, Goňurdepe ýaly beýik döwletleridir şäherleri guran halkyň şu güni bilen tanyşmaga ýene bir gezek mümkinçilik aldyk. Türkmen halkynyň örän gyzykly we baý taryhy bar. Ol ony öwrenýän adamy özüne çekýär. Adyny agzap geçen taryhy ýerlerimem muňa aýdyňlygy bilen şaýat bolup biler. Ol döwletler geçmiş taryhymyzda özüniň beýikligi, kuwwatlylygy, ösen medeniýeti bilen tapawutlanypdyr. Şeýle-de, sergide-de türkmen taryhyna degişli bolan suratlar ýerleşdirilipdir.
Galyberse-de, «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly II halkara bäsleşigine gatnaşmaga hem-de bäsleşik bilen ugurdaşlykda geçirilen «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahatda çykyş etmäge niýetlenilip iberilen çakylyk üçin çäräni guraýjylara sagbolsun aýdýaryn. Bu halkara bäsleşik Türkmenistanda ikinji gezek geçirilýän eken. Ýöne men muňa birinji gezek gatnaşýaryn. Şeýle hem guralan serginiň, bäsleşigiň açylyş dabarasynyň örän guramaçylykly geçirilendiginem aýratyn nygtasym gelýär. Munuň üçin bolsa şu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlarydyr talyplaryna sagbolsunymy bildirýärin ― diýip, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň E1 Paso şäherindäki Tehas uniwersitetiniň professory, filosofiýa ylymlarynyň doktory Murat Çoşanow gürrüň berdi.
Myhmanlaryň ýurdumyzda bolan günlerinde olary paýtatymyzyň gözel ýerlerine aýlamak maksady bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine, Türkmen halysynyň milli muzeýine, «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna, Aşgabat şäheriniň golaýyndaky «Köne Nusaý» taryhy-medeni goraghanasyna, «Berkarar», «Arkaç» söwda we dynç alyş merkezlerine gezelençler guraldy. Bu bolsa güneşli Diýarymyza gelen myhmanlarda Türkmenistan bilen bagly ýakymly ýatlamalaryň galmagyna, wagtlaryny hoş geçirmeklerine şert döretdi.
«Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly II halkara bäsleşigine 7 döwletden, hem-de onuň bilen ugurdaşlykda geçirilen «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahata 12 döwletden wekiller gatnaşdy. Sözümizi jemläp aýtsak, bu çäreleriň geçirilmegi ylmy, bilimi, parahatçylygy, dostlugy berkitmekde möhüm ädim bolmak bilen, Türkmenistanyň şeýle işlere amal etmekde netijeli işleýändigini aýan etdi.
Aýlar ANNAREJEPOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Soňky täzelikler

29/05/2025
Укрепление связей через образование и диалог
26/05/2025
Выставка «Белый город Ашхабад»