
13/06/2024
627
Ozan şahyr Saýat Nowa hakynda
Günleri toýlara beslenýän eziz ýurdumyzyň ak mermerli paýtagtynda ýene-de bir owadan künjek peýda boldy. Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde ýerleşýän «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hormatyna ajaýyp sowgat boldy. Bu uly göwrümli toplum halklaryň arasyndaky dostluk we adamzadyň medeni mirasynyň bitewüligi nukdaýnazaryndan ähmiýetini nygtaýan dürli ýurtlaryň hem döwürleriň meşhur nusgawy şahyrlarynyň we akyldarlarynyň heýkelleri medeni-seýilgäh toplumynyň aýratyn täsin bölegini emele getirýär.
Bu täsin bölekde dürli ýurtlaryň meşhur ýazyjy-şahyrlarynyň 24-siniň heýkelleri ýerleşdirilen. Şol ägirtleriň biri-de ermeni halkynyň ussat şahyry Saýat Nowadyr. Azerbaýjan, ermeni we gürji dillerinde eserleri döreden Saýat Nowa 1712-nji ýylda medeniýetiň, edebiýat-sungatyň ösen ülkesi bolan Tiflisde düýä inipdir we bütin ömrüni şol ýerde geçirip, 1795-nji ýylda aradan çykypdyr.
Şahyryň hakyky ady Harutýun Saýatýan bolup, Saýat Nowa onuň özüne saýlap alan tahallusydyr. Bu edebi lakamyň manysy «Aýdymlaryň saýýady» diýmekligi aňladypdyr. Ermenistanda Saýat Nowa öz asyrynyň ermeni poeziýasyna we aýdym-saz sungatyna ep-esli goşant goşan beýik şahyr hasaplanýar. Biziň günlerimize şahyryň 125 sany azerbeýjan, 66 sany ermeni, 36 sany bolsa gürji dilinde ýazan şygyrlary ýetip gelipdir.
Şunuň ýaly dürli ýurtlara we yklymlara wekilçilik edýän meşhur nusgawy şahyrlaryň, dünýä belli akyldarlaryň heýkellerini bir ýere jemleýän seýilgäh ýurdumyzyň medeni diplomatiýasyny has-da ýaýbaňlandyrýar. Olaryň hormatyna oturdylan heýkeller dost-doganlygy, halklaryň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny alamatlandyrýar. Bu ýörelgeleri Magtymguly Pyragy-da öz eserlerinde ündäpdir.
Ogulgurban ÇARYGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň
II ýyl talyby.
Soňky täzelikler

03/02/2025
Tejribe — kämillik (Bilimden ýol ýasap)
25/01/2025
Новая философия международных отношений