02/08/2024
347
Ösen tejribeler özleşdirilýär
Türkmenistanyň işjeň hyzmatdaşlyk edýän ýurtlarynyň biri hem Koreýa Respublikasydyr. Ýurdumyz ylym, bilim, medeniýet, sanly tehnologiýalar, söwda we ykdysadyýet ulgamlarynda Koreýa Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk alyp barýar. Bu hyzmatdaşlyk häzirki wagtda bilim we ylym ulgamynda has-da ösdürilýär.
Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň Baştutanlarynyň alyp barýan daşary syýasatynyň netijesinde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan ýokary ynam bilen häsiýetlendirilýär.
Bilim ulgamyndaky hökümetara hyzmatdaşlyk hukuk we dolandyryş ugurlaryndaky bilimi gowulandyrmaga gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, Koreýa Respublikasynyň Hyzmatdaşlyk Guramasy (KOICA) tarapyndan guralan «Ýerli hökümetleriň Aziýada adam hukuklary boýunça işini gowulandyrmak» atly okuw maksatnamasyny görkezmek mümkindir. Türkmen wekiliýeti bu maksatnama boýunça Günorta Koreýa Respublikasynda geçirilen okuw sapagyna gatnaşdy. Bu sapagyň esasy maksady gatnaşyjylaryň hukuk bilimlerini artdyrmakdan ybarat bolup durýar.
Okuw sapagynyň dowamynda dürli ýurtlardan gelen wekiliýetler döwletleriniň hukuk ulgamy barada taýýarlan çykyşlaryny hödürlediler. Türkmen wekiliýetiniň çykyşynda ýurdumyzda adam hukuklarynyň, demokratik ýörelgeleriň berjaý edilmegi, döwletiň daşary ýurtlar bilen diplomatik gatnaşyklary we hökümetara hyzmatdaşlygy barada giňişleýin durlup geçildi.
Maksatnama diňe bir bilim pudagyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, birek-biregiň medeniýetleri bilen tanyşmaga we hyzmatdaşlygy guramak üçin ajaýyp mümkinçilik döretdi. KOICA-nyň «Ýerli hökümetleriň Aziýada adam hukuklary boýunça işini gowulandyrmak» atly maksatnamasyna gatnaşyjylar üçin köpsanly medeni çäreler guraldy. 2024-nji ýylyň 20-nji iýulynda maksatnama gatnaşyjylar ýurduň milli muzeýine baryp gördüler.
Koreýa Respublikasynyň Hyzmatdaşlyk Guramasy 1991-nji ýylda Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň garamagynda koreý hökümeti tarapyndan ulgamyň çäginde birnäçe ugurlary merkezleşdirmek üçin döredildi. Bu edara ähli gatnaşyklary we Koreýa Respublikasynyň birnäçe ministrlikleriniň ýokary bilim maksatnamalaryny merkezleşdirmekde hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam etdi.
KOICA-nyň maksady bütin dünýäde garyplyga garşy göreşmek, Koreýa Respublikasynyň adam hukuklary we kanunçylyk ulgamyndaky tejribesini paýlaşmak arkaly durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmek bolup durýar. Koreýa Respublikasynyň Hyzmatdaşlyk Guramasy ösüş taslamalary, Ösüş tejribe alyş-çalyş maksatnamasyny (DEEP), Halkara meýletinçiler we arkalaşyk maksatnamalaryny, Adatdan daşary ýagdaýdaky kömegi we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk arkaly grant esasly maksatnamalary işläp düzdi.
Mundan başga-da, KOICA-nyň «Ýerli hökümetleriň Aziýada adam hukuklary boýunça işini gowulandyrmak» atly maksatnamasy barada aýdylanda, onuň wezipesi ýerli hökümet işgärleriniň jogapkärçiligini güýçlendirmek we adam hukuklaryny üpjün etmek üçin adam hukuklaryny dolandyrmak ukybyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. 2024 — 2026-njy ýyllara niýetlenen bu maksatnama adam hukuklary we dolandyryş pudagyndaky hyzmatdaşlaryň tejribe alyşmagyna goşant goşar.
Türkmen wekiliýetiniň bu maksatnama gatnaşmagy adam hukuklaryny we hukuk ulgamyndaky bilimlerini artdyrmaga kömek eder we goldaw berer. Bu möhüm ädim, doganlyk halklaryň bilim pudagyndaky hyzmatdaşlygynda täze sahypany açar.
Gülsenem HOMMADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.
Makala 02.08.2024-nji ýylda "Watan" gazetinde çap edildi.