17/07/2023
6472
Ömrümiň manysynyň dowamaty – nesil terbiýesiniň hazynasy
Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir günümiz toýdur-baýramlara beslenýär. Ynha Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy” atly ajaýyp eseriniň dowamy, ýagny “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitabynyň çapdan çykmagy ýatdan çykmajak pursatlaryň biri boldy. Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserleri halkymyza ruhy goldaw berýän şamçyragdyr.
«Ömrümiň manysynyň dowamaty» – bu eser asylly ýörelgeleriň beýany. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, her bir ynsan öz ömrüni many bilen bezemäge çalyşýar. Täze kitapda hormatly Arkadagymyz şu hakykat barada pikir ýöredýär. Gahryman Arkadagymyz ajaýyp eserinde iş saparlaryndaky wakalary, dünýäniň abraýly syýasy işgärleri bilen bolan duşuşyklaryny ýakymly ýatlamalar bilen beýan edýär. Bu eserde wakalar adamyň ruhy, medeni, syýasy ösüşleri bilen täsin baglanyşykly beýan edilýär. Has dogrusy, bu eser adamyň durmuşyny dogry guramagy barada ugrukdyryjy gollanmadyr. Kitabyň ilkinji sahypalarynda “Men geljegi nähili göz öňüne getirýärin?” diýen sorag bolup, oňa Gahryman Arkadagymyz şeýle sözler bilen jogap berýär: “Meniňem, asla hiç birimiziňem, halkdan aýry ykbalymyz ýok. Barlygymyzam, bakylygymyzam, beýikligimizem, bitewüligimizem şu Watanymyz, halkymyz bilen bagly”. Hakykatdan-da bu parasatly jümleler Hormatly Prezidentimiziň “Watan diňe halky bilen Watandyr. Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýip bellemeginde özüniň aýdyň beýanyny tapýar. Bularyň düýp özeninde hem agzybirlik durýandyr.
Gahrymanymyz Arkadagymyzyň belleýşi ýaly: «Türkmen ýaşlary garaşsyz we baky bitarap döwletiň geljegi». Ýurdumyzda ýaş nesil barada döwlet derejesinde uly aladalar edilýär. Ýurdumyzda ýaşlar syýasaty döwlet strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň VII gurultaýynda Türkmenistanyň Prezidenti hut ýaşlaryň teklipleri esasynda “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda ” Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň ýaşlar baradaky milli syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýaşlara bilim almak, döredijilikli zähmet çekmek we Watana tüýs ýürekden hyzmat etmek üçin uly mümkinçilikler döredýär.
Hemişelik bitaraplygyň hukuk ýagdaýyna esaslanyp, biziň ýurdumyz daşary syýasat ulgamynyň we diplomatiýanyň işini döwrebaplaşdyrmak arkaly dünýäniň ähli ýurtlary, şol sanda goňşy ýurtlar bilen parahatçylykly, dostlukly we özara peýdaly gatnaşyklaryň ösmegine ýardam bermek ýörelgelerine esaslanýar. . Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde Gahrymanymyz Arkadagymyz “Ömrümiň manysynyň dowamaty” eserinde: «Çüňküne zeýtun baldajygyny alan kepderiniň şekilinde parahatçylyk we hoşniýetlilik arzuwlary şöhlelendirilýär. Bu şekiliň manysy barada III asyryň 357 ýazgylarynda bellenilipdir. Guşlaryň keşbi, umumy manyda alnanda, gaýypdan, älem şalygyndan gelen alamat diýlip hasap edilýär. «Guş ganatsyz bolmaz, adam arzuwsyz» diýen nakylda bu keşp adamyň arzuwyna meňzedilýär», - diýip belläp geçýär. Biziň Watanymyz hem arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdudyr.
Eserde halk döredijiliginiň, geçmişiň görnükli şahsyýetleriniň we filosoflarynyň pähimli sözleriniň ulanylmagy we edebi taýdan ussatlyk bilen beýan edilmegi hem-de Gahryman Arkadagymyzyň öwüt-nesihatlarynyň, pähim-parasatlarynyň bolmagy bu kitabyň gymmatlygyny we ähmiýetini has-da artdyrýar. Bu eser biziň ählimiz üçin terbiýe mekdebi bolup hyzmat edýär.
Halk arasynda aýdylýan şeýle bir pähim bar: «Bir ýyl öňüňi görjek bolsaň, däne ýetişdir. On ýyl öňüňi görjek bolsaň, bag ýetişdir. Ýüz ýyl öňüňi görjek bolsaň, terbiýeli nesil ýetişdir». Dogrudanam, kämilligiň gözbaşy — terbiýe. Gahryman Arkadagymyzyň bu eseri terbiýe bilen baglanyşykly ençeme gyzykly rowaýatlardan, wakalardan, filosofiki garaýyşlardan, öwüt-nesihatlardan doly. Eserde diňe bir nesil terbiýesi beýan edilmän, eýsem adamyň tutuş durmuşynda ýüze çykýan ähli zatlar terbiýe bilen baglanyşdyrylýar.
Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan bu eserden esasy belläp geçmek isleýän zadym watançylyk terbiýesidir. Ynsanyň bagtyýarlygynyň düýp özeninde Watana bolan söýgüsi ýatyr. Gündogar akyldarlarynyň bellemegine görä, bagtly bolmak üçin Watany söýmek ýeterlik. Çünki Watany söýmek bu Watanyň asudalygy, abadanlygy, arassalygy, gözelligi, gülläp ösüşi üçin zähmet çekmek, yhlas etmekdir. Watan özüne siňdirilen söýgüden ylham, boý alýar. Watan söýgüsi bilen ülkeler, ýurtlar abadan bolýar. Watana bolan söýgimiziň beýikligine görä, adamyň döredijilik zehini oýanýar, artýar.
Rowaýatlaryň birinde şeýle waka teswirlenýär: jeň meýdanynda darkaş gurup ýören türkmen serkerdeleriniň biri agyr ýaralanypdyr. Öňler dessine aýak üstüne galyp, gutulyp gidýän serkerdäniň ýarasy bu gezek wagty bilen bitmändir. Dürli-dümen melhemdir emler edilipdir, emma haýry bolmandyr. Ahyry serkerdäniň özi: «Maňa Watanymyň gumuny we suwuny getiriň! Watan topragy ähli derde derman, iň agyr ýara hem melhemdir» diýipdir. Aýdyşy ýaly hem bolupdyr, ol Watan topragyny ysgan dessine gujuryna daýanypdyr. Ondan bir bölek gumy öz iliniň suwuna garyp, ýarasyna ýapgy edipdir. Tiz wagtdan hem ýarasyndan gutulyp, saglyk bilen aýak üstüne galypdyr. Bu türkmen soltany Jelaleddindir. Ine, Watan topragynyň melhemlik täsiri, gudraty-keramaty şunuň ýalydyr.
Watana bolan söýgi – ähli gowy duýgularyň gönezligi. Ynsany erkin ýaşadýan we bagtly edýän, gursaklarda ýaşaýyş-durmuş umydyny alawlandyrýan, ösüşlere we barha belentliklere ymtylmagyna itergi berýän zat Watan söýgüsidir. Aslynda, her bir gözelligiň we durmuşyň asyl manysyna çuňňur düşünmek üçinem, ilki bilen, Watan söygüsi gerek. Watandan aýry ykbalymyz ýok. Halkyň ykbaly sahypasy tükenmeýän bir eser bolsa, her täze nesil onuň täze sahypalaryny öz döwrüniň beýik wakalary bilen doldurýar. Şeýdibem, halk we hakyda kitaby galňap gidiberýär.
Milli Liderimiziň şular ýaly ajaýyp eserleri bize güýç berip, göwnümizi ganatlandyrýar. Sebäbi olaryň her birine Gahryman Arkadagymyzyň halkyň bagtyýarlygy ugrundaky arzuwlary siňendir.
Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamyndan çykan bu ajaýyp eser biz talyp ýaşlar üçin belent maksatlara ýetmegiň ýolunda ruhy daýanç we şamçyrag bolup hyzmat eder. Şu pursatdan peýdalanyp, bize şular ýaly ajaýyp eserleri peşgeş berýän, bize görelde bolýan Gahryman Arkadagymyza, peder pendine eýerýän, türkmen halkyny ýagty geljege alyp barýan Arkadagly Serdarymyza köp sag bolsun aýdarys. Goý, Türkmen halkynyň milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.
Intizar TAGANNYÝAZOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň I ýyl talyby.
Soňky täzelikler
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI