25/12/2024
108
Okuw seminary geçirildi
2024-nji ýylyň 25-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Hindistan Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyna bagyşlanyp, talyplar üçin okuw seminary geçirildi. Bu okuw seminarynda Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldinazarow çykyş etdi.
Seminaryň dowamynda ilçi iki döwletiň diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň ilkinji günlerinden başlap, Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasynda ähli ugurlar boýunça uzak möhletleýin we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň has-da berkemegine aýratyn üns berilýändigini belledi. Şeýle hem ilçi türkmen-hindi gatnaşygynyň giňeldilýändigini nygtap, iki ýurduň arasynda ylym-bilim, medeniýet, söwda-ykdysady we beýleki möhüm ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilýändigini aýtdy.
Azat NOBATGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.