
27
OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň ýanynda hereket edýän “Ýaş ykdysatçylar” ylmy gurnagynyň guramagynda okuw sapagy geçirildi. Oňa Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň mugallymlary we magistrantlary gatnaşdylar.
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň III talyplary Güljeren Ataýewanyň alyp barmagynda geçirilen okuw sapagynda Ogulmaýa Annageldiýew, Laçyn Annaçaryýewa dagy “Jemgyýetde bilimiň we ylmyň orny” atly tema bilen çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda adamzat durmuşynda ylmyň, bilimiň wajyplygy, ýurdumyzda bilimli, ylymly ýaşlary ýetişdirmekde alnyp barylýan işler, ony öwrenmegiň çeşmeleri we usullary barada çykyş etdiler.
Okuw sapagynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ara alnyp maslahatlaşylan temalar boýunça sowal-jogap alyşdylar.
Sylap KULLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby.