687
OGT-2023: energetika pudagyna maýa goýumy çekmegi işjeňleşdirmegiň netijeli serişdesi
Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumy özara bähbitli hyzmatdaşlygyň netijeli guralyna öwrülýär. Dubaýda öz işine başlan bu forum Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyna maýa goýumlary çekmegiň ýolunda wajyp çärä öwrüler. Düzümine döwlet edaralarynyň, iri kompaniýalaryň, akademiki we işewür toparlaryň, bilermenleriň we metbugat jemgyýetleriniň 300-den gowrak wekilini öz içine alan forum gibrid görnüşinde ençeme bölümçede öz işini dowam etdirdi. Maýa goýum forumynyň işine Türkmenistan we BAE hökümetiniň agzalary, daşary ýurt kompaniýalarynyň we halkara guramalarynyň, diplomatik wekilhanalaryň we ministrlikleriň, banklaryň we dürli gaznalaryň, birnäçe daşary ýurt we türkmen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň iki ýüzden gowrak wekili gatnaşýarlar. Forumda gozgalýan meseleler häzirki zaman energetika diplomatiýasynyň we energetikada “ýaşyl geçişiň” möhüm meselerini öz içine almak bilen, onuň geçirilýän ýeriniň Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäheriniň saýlanyp alynmagy simwoliki häsiýete eýedir. Çünki BAE-niň dünýäniň iri söwda merkezi hökmündäki orny, “ýaşyl geçiş” meselesinde öňdebaryjy tejribesi we beýlekiler Dubaý şäherinde geçirilýän bu forumyň özüne çekijiligini has-da artdyrýar. Bitarap Türkmenistan üçin energetika diplomatiýasy diplomatik işiň has möhüm ugurlarynyň biridir. Sebäbi biziň ýurdumyz dünýäniň nebit, gaz serişdelerine iň baý ýurtlarynyň arasynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Türkmenistanyň energetika diplomatiýasy — energiýa serişdelerini çykarmak, öndürmek, gaýtadan işlemek, ibermek we sarp etmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň milli bähbitleri üpjün etmeklige gönükdirilen daşary energetika syýasatyny durmuşa geçirýän ýurdumyzyň daşary syýasy, daşary ykdysady we energetika pudak edaralarynyň amaly işidir. Işiň bu çäginiň Türkmenistan, biziň halk hojalygymyz, şeýle hem häzirki zaman dünýäsinde Türkmenistanyň ykdysady we syýasy pozisiýalary üçin adatdan daşary möhümligi nukdaýnazardan soňky ýyllarda energetika diplomatiýasynyň näme üçin Türkmenistanyň DIM-niň işiniň ileri tutulýan we örän möhüm ugurlaryndan biri bolandygy düşnüklidir. Şeýle hem tejribe Türkmenistanyň daşary syýasatynda energetika faktoryň ornunyň ýyl-ýyldan ýokarlanýandygyny görkezýär. Energiýa serişdelerini gözlemekligiň, çykarmaklygyň, gaýtadan işlemekligiň, eksport etmekligiň, ibermekligiň ähli çäklerinde bähbitleri bolan dünýäniň esasy energetika döwletleriniň biri hökmünde Türkmenistanyň statusy ýurdumyzyň energetika diplomatiýasynyň köptaraply häsiýetini öňünden kesgitledi. Şonuň üçin hem biziň ýurdumyz energetika serişdelerini öndürmek, sarp etmek we ibermek çäginde dünýä bazaryna esasy gatnaşyjylar bilen ýakyn aragatnaşyklary ösdürýär. Bu iş ählumumy, sebitleýin, şeýle hem ikitaraplaýyn formatda amala aşyrylýar. Hususan-da, Türkmenistan Halkara energetika agentligi, Halkara energetika forumy ýaly energetika çäginde täsirli gurluşlar bilen konstruktiw gatnaşyklary saklaýar, halkara guramalaryň ençemesinde, ozaly bilen bolsa BMG-da energetika meselelerini ara alyp maslahatlaşmaklyga işjeň gatnaşýar. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň diňe bir ýurdumyzyň täze energetika syýasatyny işläp düzmän, eýsem, şol sanda, uglewodorodlary dünýä bazarlaryna ibermek boýunça taslamalary amala aşyrmak üçin zerur bolan ylalaşyklaryň gazanylmagynda hem esasy roly oýnaýandygyny aýratyn nygtap geçmek gerek. Türkmenistanyň Prezidentiniň global energetika giňişliginde milli bähbitleri goramak boýunça wezipeleri netijeli amala aşyrmaga, dünýä bazaryna türkmen uglewodorodlaryny çykarmagyň köp görnüşli taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin daşary syýasat şertlerini üpjün etmäge bildirýän ýokary talaby, ýurduň energetika diplomatiýasynyň maksatlaryny we wezipelerini guramaga ýörelgeleýin täze çemeleşmelere hem doly degişlidir. Şu babatda 2009-njy ýylyň 18-nji fewralynda ýurduň diplomatik korpusy bilen geçiren maslahatynda öz eden çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Daşary işler ministrliginiň, daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalaryň we missiýalaryň öňündäki anyk we jogapkärçilikli wezipeleri kesgitledi. Şunda döwletiň Baştutany: «Türkmenistanyň energiýa howpsuzlygyna bolan daşary syýasat ýörelgeleri we garaýyşlary halkara jemgyýetçiligine anyk ýetirilmelidir. Bu borç ilkinji nobatda biziň diplomatlarymyzyň üstüne ýüklenilýär. Döwletiň has netijeli daşary syýasat ulgamyny we diplomatiýasyny, döwrüň talabyna laýyklykdaky iş usullaryny gözlemelidir. Sebäbi daşary syýasat içeri syýasat bilen berk baglanyşyklydyr we ýurduň bütinleý ösüşiniň kesgitleýji şertleriniň biri bolup çykyş edýär» diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi we Günorta Aziýa, Orta we Ýakyn Gündogar, şeýle hem Hazarýaka sebitleriniň döwletlerinde ýerleşýän biziň ýurdumyzyň diplomatik korpusynyň ornuny aýratyn nygtady. Olaryň işi «häzirki döwrüň derwaýys meselelerine düşünmekden gelip çykýar. Olardan iň möhümi, iň derwaýysy – dünýäniň energiýa bilen üpjünçiliginiň meselesidir. Şu babatda Türkmenistan açyk we gönüden-göni syýasaty alyp barýar. Biz energiýa serişdeleri bilen üpjünçiligi energiýa howpsuzlygynyň zerur şerti hasaplaýarys. Bu bolsa, öz gezeginde, umumy ösüşiň we parahatçylygyň esasy kepillikleriniň biri bolup çykyş edýär» diýip belledi. Energetika diplomatiýasynyň wezipesi ýurduň ykdysady bähbitleriniň goragy boýunça ýokary jogapkärçilik bilen, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň aýrylmaz düzüm bölegi bolup durýan geoykdysady strategiýany seljermeleýin we guramaçylyklaýyn amala aşyrmagy üpjün etmek bilen ýakyndan baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, seljermeler we çaklamalar işi ilçihanalaryň gündelik işiniň wajyp ugry bolmalydyr. Onuň çäklerinde «biziň hyzmatdaşlyk edýän we saparlary amala aşyrýan döwletlerimiziň häzirki zaman ösüşini üns bilen öwrenmelidir we çuňňur seljermelidir, olaryň syýasy, ykdysady, jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň ýagdaýlaryny bilmelidir, alnyp barylýan sosial syýasatyndan habarly bolmalydyr» diýip nygtady. Ýurduň energetika diplomatiýasyny netijeli amala aşyrmak işinde Türkmenistanyň Prezidentiniň birnäçe guramaçylyk çäreleri ähmiýeti az bolmadyk ýagdaýdyr. Olara laýyklykda, ulgamlaýyn esasda häzirkizaman dünýä prosesleriniň seljermesini we çaklamasyny amala aşyrmaga, oňyn tejribeleri öwrenmäge gönükdirilen, halkara gatnaşyklary bilen iş salyşýan ministrlikleriň we pudak edaralarynyň düzümleriniň işi has işjeňleşdirildi. Türkmenistanyň degişli ýurtlar, sebitler, halkara guramalary we iri kompaniýalary bilen syýasy, ykdysady we maliýe çemeleşmeleriniň nukdaýnazaryndan ähli taraplaýyn esaslandyrylan hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagy baradaky teklipleriň taýýarlanylmagy bu işiň netijeleriniň biridir. Türkmenistanyň energetika boýunça ileri tutulýan ugurlarynyň az bolmadyk derejede köptaraplaýyn diplomatiýanyň çygyrlarynda amala aşyrylýandygyny belläp geçmek zerurdyr. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça, şeýle-de onuň işjeň gatnaşmagynda geçirilýän uly wekilçilikli halkara forumlary muňa şaýatlyk edýär. 2019-njy ýylyň oktýabr aýynda Aşgabat şäherinde «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2019» atly XXIV halkara sergisi we maslahaty geçirildi. Bu forumyň işine energetika çygrynda zähmet çekýän alymlar we bilermenler, hökümet düzümleriniň hem-de abraýly guramalaryň, dünýäniň öňdebaryjy ýangyç-energetika kompaniýalarynyň, ýurdumyzyň ugurdaş edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň 60-dan gowragyny özünde jemlän ýöriteleşdirilen sergide uglewodorod çig malyny gözläp tapmak, gazyp almak hem-de ibermek, düýpli burawlamak, hereket edýän turbageçirijileri döwrebaplaşdyrmak we şolaryň täzelerini gurmak; nebiti we gazy gaýtadan işlemek boýunça kuwwatlyklary artdyrmak, guýularyň önüm berijiligini köpeltmek babatda önümleriň hem-de hyzmatlaryň giň gerimi görkezildi. Sergide Hazarda taslamalary durmuşa geçirmek üçin zerur kenar düzümleriniň kemala getirilmegi baradaky ugurlara aýratyn orun berildi. Nebitgaz işewürligi ulgamynda ýöriteleşen hem-de ýokary tehnologiýa we tehniki kuwwata eýe bolan daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri serginiň işine gatnaşmak mümkinçiligine diňe bir öz önümlerini görkezmek üçin däl, eýsem, işewür gatnaşyklary giňeltmek mümkinçiligi hökmünde hem garaýarlar. Şeýle çemeleşme bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny artdyrmak işine hyzmat edýär we gürrüňsiz suratda, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň dünýäniň umumy energetika ulgamyna mundan beýläk-de goşulyşmagyna ýardam bermäge gönükdirilendir. Maslahatyň dowamynda energetika bazarlarynyň ösüşinde ählumumy ýagdaýlar hem-de hyzmatdaşlygyň geljegi, bar bolan känleri işlemek, daşary ýurt maýadarlaryny çekmek arkaly, şol sanda Hazar deňziniň türkmen böleginiň deňiz toplumlaryny özleşdirmek üçin nebit we gaz känlerinde gazyp almak işini işjeňleşdirmek ýaly möhüm meselelere garaldy. Umumy mejlisiň esasy meseleleriniň hatarynda Türkmenistanyň energetika diplomatiýasy, transmilli turbageçiriji taslamalar, gazhimiýa we nebiti gaýtadan işleýän pudaklaryň ileri tutulýan ugurlary, uglewodorodlaryň düýpli gaýtadan işlenilmegi diýen ugurlar boldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Aziýanyň nebitgaz bazarynyň iri gatnaşyjysydyr. Biziň ýurdumyzyň uglewodorod serişdeleri 71 milliard tonna nebit ekwiwalentinde bolup, şolardan 20 milliard tonnasy nebit we 50 trillion kub metrden gowragy tebigy gazdyr. Şeýlelikde bu günki gün Türkmenistan tebigy gazyň subut edilen ätiýaçlyklary boýunça Russiýa, Eýran we Katardan soňra dördünji ýerde durýar. Nebitgaz toplumynda durmuşa geçirilen we amala aşyrylýan iri taslamalar, hususan-da, dünýäde uly gyzyklanma döredýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy munuň aýdyň mysalydyr. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ençeme gezek nygtaýşy ýaly, täze energetika geçirijisi Günorta Aziýanyň iri ýurtlaryna türkmen gazynyň diňe bir uzak möhletleýin iberilmegini üpjün etmäge däl, eýsem, tutuş sebiti durmuş-ykdysady taýdan has-da ösdürmäge, bu ýerde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga kuwwatly itergi berjek güýje öwrülmäge gönükdirilendir. Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda dünýäniň energetika bazarynyň ösüş ýagdaýlaryna aýratyn üns çekildi. Şolaryň täsiri astynda häzirki tapgyrda milli ýangyç-energetika toplumlary ösdürilýär. Häzirki wagtda dünýä energetikasy geljegi uly täze ugurlara eýe bolýar. Forumyň çäklerinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de olaryň geljekki hyzmatdaşlarynyň arasynda duşuşyklar geçirilip, bu pudakda özara gatnaşyklaryň strategik ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň energetika diplomatiýasynyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösmegine täsir edýän möhüm ähmiýetli wakalaryň biri hökmünde 2020-nji ýyl 24-25-nji fewralynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde Hyatt Regency - Dubai Creek Heights myhmanhanasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara roud-şounyň geçirilmegini görkezmek bolar. Bu möhüm ähmiýetli halkara çäresi Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny mundan beýläk ösdürmek boýunça gepleşikleri dowam etmeklige we daşary ýurt maýalaryny ýurdumyzyň energetika toplumynyň maýa goýum taslamalaryna çekmeklige ýakyndan ýardam berdi. «Türkmenistanyň nebiti we gazy 2020» halkara roud-şou nebitgaz toplumyndaky maýa goýum mümkinçilikleri barada maglumatlary ilkinji çeşmelerden almak üçin oňat meýdança bolup hyzmat etdi. Maslahata 100-den gowrak kompaniýalara we guramalara wekilçilik edýän 300-den gowrak wekil, dünýäniň 20-den gowrak döwletiniň hökümet wekilleri hem-de söwda firmalary gatnaşdylar. Roud-şouň barşynda Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan bloklarda känleri işläp taýýarlamak; ikinji derejeli çykaryş fazasynda irki känlerde çykaryşy işjeňleşdirmek boýunça täze tehnologiýalary peýdalanmaklyga maýa goýumlary çekmek; işläp taýýarlamasy kyn bolan känlere, gazhimiýa taslamalaryna maýa goýumlary çekmek; Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan transmilli gaz geçirijisini tebigy gaz bilen üpjün etmek üçin ägirt uly «Galkynyş» känini işläp taýýarlamagyň nobatdaky tapgyryny durmuşa geçirmek we beýleki maýa goýum taslamalary boýunça giň gerimli pikir alyşmalar guraldy. Iri pudaklaýyn işewürler forumynda daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri Türkmenistanyň milli nebitgaz kompaniýalarynyň ýokary wezipeli wekilleri bilen duşuşmaga we ileri tutulýan meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga, şeýle hem hyzmatdaşlyk we maýa goýum mümkinçiliklerini maslahatlaşmaga mümkinçilik aldylar. Türkmenistanyň tebigy serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy, infrastrukturalara we nebithimiýa senagatyna maýa goýumlar mundan beýläkki durnukly ykdysady ösüş üçin möhümdir. Bu strategiýanyň durmuşa geçirilmegi nebitiň we gazyň çuňlaşdyrylyp gaýtadan işlenilmegini we täze tehnologiýalary hem-de dünýäniň iň öňdebaryjy tejribesini peýdalanmak bilen täze taslamalary işe girizmekligi göz öňünde tutýar. Bu bolsa içerki islegleri kanagatlandyrmaga we täze eksport ugurlaryny açmaga mümkinçilik berer.
Akmuhammet Jumagulyýew,
Aşgabat şäher halk maslahatynyň agzasy,
mugallym
Soňky täzelikler
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI