Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / NOU-TILL — DESSIN EKIŞ GEÇIRMEGIŇ DÖWREBAP USULY
    NOU-TILL — DESSIN EKIŞ GEÇIRMEGIŇ DÖWREBAP USULY surady
    05/06/2023

    1081

    NOU-TILL — DESSIN EKIŞ GEÇIRMEGIŇ DÖWREBAP USULY

    Türkmenistanyň Prezidentiniň
    «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşigine

    Gazetiň geçen sanynda aralyk ekinler baradaky makalany okyjylaryň dykgatyna ýetiripdik. Geçen gezekki makalada hem belleýşimiz ýaly, Türkmenistanda her ýylda ýüz müňlerçe (şu ýyl 690 müň gektar ýere bugdaý ekildi) gektar ýerde bugdaý hasyly ýetişdirilýär. Şonuň üçin-de, şeýle giň meýdanlardan yssa çydamly, az suw talap edýän, gysga wagtda ýetişýän aralyk ekin görnüşlerinden bol hasyl almaga mümkinçilik bar. Aralyk ekiniň esasy şertleriniň biri-de, ondan soňraky ekişi gijä goýmaz ýaly ähli agrotehniki işleri dessin ýerine ýetirmekdir. Şu nukdaýnazardan ugur alyp hem, bu gün dünýäde «nou-till» (No-Till) diýlip atlandyrylýan ekiş usuly barada okyjylara ýetirmegi müwessa bildik.
    Nou-till usuly häzirki wagtda oba hojalygy boýunça dünýäniň iň öňdebaryjy döwletlerinde giňden ulanylýar. Bu usul biziň ýurdumyzda hem türkmen telekeçileri tarapyndan mäşiň önümçiliginde synag edildi. Synaglar üstünlikli geçdi. Nou-till usulynyň artykmaç tarapy, ol örän giň meýdanlarda gysga wagtda ekiş geçirmäge şert döredýär. Mysal üçin aralyk ekin bir telekeçi tarapyndan 10-20 gektar ýaly kiçeňräk meýdanda ýetişdiriljek bolsa, ony suwarmak hem-de taba getirip hem ekip bolar. Emma gürrüň bir telekeçiniň 500-1000 gektar ýaly giň meýdanlarda aralyk ekin ýetişdirmegi barada gidende, ekişi derrew tamamlamak üçin nou-till usulyndan peýdalanmak has amatly bolýar. Has takygy, bu usulda suwarylmazdan ozal hasyly ýygnalan meýdan dessine samandan arassalanylyp, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň aladalary bilen daşary ýurtlardan getirilen «John Deere», «Case», «Class» ýaly kuwwatly traktorlaryň yzyna berkidilen ýumşadyjy abzal (diskalar) arkaly atanaklaýyn görnüşde (ilki gündogardan günbatara, soňra demirgazykdan günorta), mümkingadar çuň (iň azyndan 20-25 santimetr) ýumşadylyp geçilýär. Netijede ýeri suwarmak hem-de taba getirmek üçin sarp edilýän wagty tygşytlamak mümkin bolýar. Özüňiz hasaplap görüň, şol bir telekeçi tarapyndan 500-1000 gektar aralyk ekin ekiljek bolsa, şol meýdanyň suwarylmagy we taba gelmegi üçin azyndan 20-25 gün wagt gerek. Her günüň, her sagadyň hasaply döwründe ýeriň suwarmak hem-de taba getirmek üçin sarp edilýän şol wagtyň tygşytlanmagy örän uly ähmiýete eýedir. Bu usulda ýeriň atanaklaýyn ýumşadylmagynyň sebäbi, şeýle edilende ýerde hiç hili kesek galman, topragyň üstki gatlagy doly ýumşaýar. Bu bolsa täze ekiniň çalt gögermegine şert döredýär. Soňra joýa çekilýär hem-de takyk ekiji abzallar bilen niýetlenilen aralyk ekin ekilip, derrew suwarylýar. Şeýlelikde, ýeri suwarmak we taba getirmek üçin gidýän wagt tygşytlanýar. Ýeri gelende bellesek, nou-till usulynyň mäş, günebakar, mekgejöwen ýaly suwarymly ekinler üçin niýetlenilendir. Eger-de aralyk ekiniň düme alynmagy göz öňünde tutulýan bolsa, onda ýeri gandyrmak üçin ekiş suwuny tutup, taba gelensoň ekişi geçirmeli bolýar.
    Nou-till usulynyň esasy artykmaç taraplarynyň ýene biri, onda ýer agdarylman, diňe üstki gatlagy ýumşadylýar. Bu bolsa topragyň minerallardan kuwwatlanan ýokarky gatlagynyň agdarylyp, aşak düşmezligine, netijede köki çuňa gitmeýän nahallaryň ilkinji günlerden gowy boý almaklaryna ýardam edýär. Çünki topragyň minerallardan doýgun ýokarky gatlagyny kemala getirmek üçin birnäçe ýyllar gerek. Şol gymmatly gatlagyň hem sürüm arkaly aşak düşüp gitmezligi üçin dünýäniň birnäçe öňdebaryjy oba hojalyk ugrundan seljerme geçirýän alymlary nou-till usulynyň adaty sürümden bähbitlidigi baradaky garaýyşlary hem öňe sürýärler. Şeýle-de bu usulda ýerleriň tekizligine zyýan ýetmeýär. Ýeriň tekizligi bolsa toprakdan bol hasyl almak üçin iň esasy şert bolup durýar. Çünki bitekiz (nätekiz) ýerlerde suwuň deň düşmezligi, ekiş suwundan soň topragyň deň wagtda taba gelmezligi we çöket ýerlere suwuň köp düşip gögerişiň hem doly gazanylmazlygy alynjak hasylyň mukdaryna täsir edýär. Bilşimiz ýaly, ýerler sürümli ekilen ýagdaýynda olarda her ýyl tekizleme işlerini geçirmek zerurlygy orta çykýar.
    Nou-till usulynda bolsa her 5-10 ýyldan bir gezek tekizleme işlerini geçirmek hem ýeterlik bolýar. Şulary göz öňünde tutup, häzirki wagtda dünýäde nou-till usulynyň ulanylyş gerimi has-da giňeýär. Nou-till usulynyň ýene bir bähbitli tarapy hökmünde ony diňe düz meýdanlarda däl, eýsem, baýyrlarda we beýleki beýikli-pesli ekişe ýaramly ýerlerde ulanyp bolýanlygydyr. Şonuň üçin hem, köp ygally ýurtlarda ýagyşlardan ozal baýyrlarda bu usul arkaly ekiş geçirilip, dürli oba hojalyk ekinleri ýetişdirilýär. Sözümize mysal hökmünde, goňşy Gazagystandaky bugdaý önümçiligini görkezmek bolar.
    Ynha, ýokarda getiren mysallarymyzdan hem görnüşi ýaly, nou-till usuly bugdaýdan boşan meýdanlarda dessine ekiş işlerini geçirip, aralyk ekiniň bol hasylyny almaga mümkinçilik berýär. Bu usulda ekiş işlerini geçirmekde bolsa Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan satyn alnyp berlen «John Deere», «Case», «Class» ýaly dünýäniň öňdebaryjy tehnikalary daýhanlarymyza ýakyn ýardamçy bolar. Ýüz müňlerçe gektarda aralyk ekiniň ýetişdirilmegi hem öz gezeginde ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrar, döwletimiziň eksport mümkinçiliklerini, şeýle-de ýer eýeleriniň maddy hal-ýagdaýlaryny ýokarlandyrar.

    Döwletgeldi BALLYÝEW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara hususy hukugy ugrunyň magistranty,
    telekeçi.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI