Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna
    Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna surady
    30/11/-0001

    781

    Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna

    «Garaşsyzlyk, Bitaraplyk - ösüşiň goşa ganaty» atly
    çeper-publisistik makalalar bäsleşigine

    Watanymyň buýsanjy sen—Garaşsyzlyk,
    Arkadagyň ak ýoly sen—Garaşsyzlyk.

    Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow:
    Garaşsyz Türkmenistan beýik maksatlara tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýar. 

    Şeýle bir gün bar.Ine,alnymyzdan dogan goşa Gün—Garaşsyzlyk hem baky Bitaraplyk güni. Garaşsyzlyk hem Bitaraplyk türkmeniň goşa ganatydyr.Türkmeniň ruhuny,mertebesini arşa göteren hem şol mukaddeslikdir.
    Elbetde,ir döwürlerden bäri saz söhbetsiz bolmadyk Watanymyzy bu günki günde başgaça göz öňüne getirmek mümkin bolmasa gerek .Onda-da Garaşsyz,hemişelik Bitarap Türkmenistany!Hawa,ençeme ýyl mundan ozal goşa ganatyna eýe bolan ýurdumyz indi Gögüň guşy kimin,parahatçylygyň,dostlugyň,alamaty bolan ak kepderi ýaly ganatyny ýaýyp ýör.Ýurdumyz Garaşsyzlygyna eýe bolan ilkinji günlerinden başlap,parahatçylyk ,asudalyk ,abadançylyk ýol-ýörelgelerni öz döwlet syýasatynyň baş ugruna öwürdi.Merdana ata-babalarymyzyň arzuw maksatlary siňen mukaddes türkmen Diýarynyň bu günki ýeten belentlikleri,syýasy ykdysady ösüşleri we ynsanperwerlik ýörelgesi dünýäde ykarar edilýän hem goňşy we beýleki doganlyk halklaryň alkyşlaryna mynasyp bolýan mertebeli menzilleriň şöhlelenmesidir.Gadym zamanlarda öz topragynyň asudalygy,erkinligi,abadanlygy üçin jan aýamadyk ata-babalarymyzyň bina eden Watany bu gün parahat, asuda mesgen bolmak bilen,tutuş dünýäniň abadançylygy üçin dünýä münberinde çykyş edýän bolsa,bu ugurda uly işleri alyp barýan döwlete öwrüldi.
    Her bir adamyň kalbynyň töründe mekan tutýan duýgyny diňe Watan diýip atlandyrmak mümkin.Bu bolsa Watana bolan söýgüňi beýan etmegiň bir görnüşi. Elbetde,”Watan”diýen söz “Garaşsyz hemişelik Bitarap Watan!”diýen jümlä öwrülende bolsa,uly buýsanja eýe bolýar:

    Bitarap Watanym gül açýar bu gün
    Ýurdumyz asuda parahat her gün,
    Gün-günden özgerýär diýarym meniň
    Garaşsyz Bitarap Türkmenistanym!

    Garaşsyz,hemişelik Bitarap Türkmenistan!
    Nähili buýsançly sözler ....
    Watanyňa buýsanç göbek ganyň daman topragynyň ata-babalarymyzyň arzuw eden Garaşsyz diýarymyzyň bu günki günde halkara derejesine ýetmegi bolsa her bir ynsanyň kalbyndan syzylyp çykýan buýsanç duýgularydyr.Bu duýgular bolsa äleme sygmajak duýgulardyr.Ol ýüregiňi galkyndyryp,gursagyňda möwç alýan ýaly,hyjuwly gymmatlykdyr.
    Maksat aýdyň bolanda,myradyna bahym gowuşýar.Ýurdumyz Garaşsyzlygyna eýe bolandan soň sanlyja ýyllaryň içinde ylym-bilim babatda has uly ösüşlere eýe boldy.Bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek hem-de hil taýdan täze derejä çykarmak Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.Şunuň bilen baglylykda ýokary okuw mekdeplerini özgertmäge aýratyn üns berilýär.Ylym-bilim ulgamynda özgertmeleriň maksadalaýyk durmuşa geçirilmegi bu ulgamy yzyzgiderli kämilleşdirip,ony hil taýdan täze derejä çykarýar.Täze ýokary okuw mekdepleriniň açylmagy häzirki döwürde zerur bolan hünärleriň sanawynyň giňeldilmegine ýardam edýär.Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň geljekki ösüşiniň hereketlendiriji güýji bolan sanly tehnologiýalary ösdürmäge we olary önümçilige ornaşdyrmaga giň mümkinçilikleri döredip berýär.Muňa mysal edip,biziň ýokary okuw mekdebimiz bolan Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutymyzyň ýanynda “Sanly çözgüt IT meýdança”hojalyk jemgyýetini döredip bermegi biz talyp ýaşlaryň okuwa bolan höwesimizi has-da artdyrýar.Bu hojalyk jemgyýetinde ýurdumyzyň dürli pudaklarynyň sanly ykdysadyýete geçmek bilen baglanyşykly ornaşdyrylýan programmma üpjünçiligini taýýarlamak hem-de olara bilermen netijesini bermek işi ýokary derejeli IT hünärmenleri taýýarlamak bilen utgaşykda alnyp barylýar.Biz talyp ýaşlar hem öz taslama işlerimizi şeýle hem dürli pudaklaryň sanly ykdysadyýete geçmek bilen bagly sargytlaryny kabul edip olary ýerine ýetirýäris.
    Häzirki döwür tehnologiýanyň ösüp,adamzat jemgyýetine—bize iň bir amatly şertlerde ýaşamaga mümkinçilik döredýän döwürdir.Ol döwür bolsa Berkarar Döwletimiziň Bagtyýarlyk döwrüdir.Heniz ýüregiňde besläp hem ýetişmedik zadyňa eýe bolup bolýan döwürde ýaşamagyň,elbetde,köp arzuw-hyýallaryň tiz wysal bolmagyna ,maksat tutan işleriň hem çalt bitmegine getirýär.Biz ýaşlar hem şu ajaýyp döwürde ýaşaýanlygymyza guwanýarys,buysanýarys!Gahryman Arkadagymyzyň hut özi biz talyp ýaşlara görelde mekdebi bolup durýar. Mähriban Arkadagymyz Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy okuw sapagyny geçmegi biz ýaşlarda ylyma-bilime döredijilige bolan höwesimizi has-da artdyrdy.Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly:”Mähriban Ýaşlar!Men” Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi “Kitabymda:”Iň gymmatly miras terbiýedir,terbiýäniň özeni bolsa,ylym-bilimdir”diýip belläpdim.Biz toplanan ylym-bilim tejribämiziň esasynda XXI asyrda durnukly ösüşi üpjün edýäris .”diýip,biz ýaşlara edepli-terbiýeli,pähim-paýhasly,ylymly-bilimli bolmalydygymyzy ündedi.Mundan başga-da Gahryman Arkadagymyz:”Eziz ýaşlar! Mukaddes Garaşsyzlyk biziň ähli ösüşlerimiziň,şöhratly üstünlikleriniň binýadydyr.Üçünji müňýyllygyň öň ýanynda -1991-nji ýylda Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygy dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edildi.Netijede,ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda düýpli özgertmelere badalga berildi.Elbetde,30 ýyl taryh üçin uzak möhlet däl, muňa garamazdan ,şu döwrüň içinde ýurdumyzyň demokratik hukuk dünýewi döwlet gurluşynyň binýatlaryny yzygiderli berkitdik.Ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak,döwletimiziň dünýä bileleşigindäki ornuny ýokarlandyrmak boýunça ägirt uly işleri amala aşyrdyk.Türkmenistanyň täze taryhyna şöhratly sahypalary ýazdyk.”diýip bellemegi Garaşsyzlygymyzyň halkymyzyň alnyndan ak Gün bolup dogandygny ýene bir gezek äşgär edýär.
    Garaşsyzlyk türkmen halkynyň asyrlar boýy ýüreklerinde beslän,arzuw-islegleriniň hasyl bolmasy .
    Şanly Garaşsyzlyk bagtyýar gelejege aýdyň şugla saçýan ýollaň nurlanmasy.
    “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylymyzda uly dabara bilen toýlanyljak Garaşsyzlyk toýy, halkyň agzybirligi,müňýyllyklara uzaýan ak ýollarydyr.Garaşsyzlyk döredijilik äleminde zähmet çekýän sungat ussatlarynda Diýarymyzyň bagtyýarlygyny,onuň gözelliklerini wasp edýän aýdymlary döretmäge uly hyjuw berdi.Biz ýaşlar hem Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna döredijilik joşgunymyz bilen,ýagny “Garaşsyzlyk joşguny” atly goşgular ýygyndymyz bilen sowgatly barýarys.Biz talyp ýaşlar hem halkymyzyň döredijilik ýoluna öz goşandymyzy goşarys diýip umyt edýärin.
    Garaşsyzlyk halkymyzy baky bagtyýarlyga ýetirdi.Biz ýaşlary baky bagta ,boelin eşretli durmuşa ýetiren ,her bir günümizi şanly wakalara ösüşlere besleýän mähriban Arkadagymyzyň ,jany sag,ömri uzak,belent başy aman bolsun ,tutýan il-ýurt bähbitli umumyadamzat ähmiýetli tutumly işleri elmydama rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!

    Gutly bolsun,şanly Garaşsyzlygym!
    ***
    Bu gün türkmen halky uly toý tutýar
    Gutly bolsun,şanly Garaşsyzlygym,
    Toý lybasyn geýýär bagtyýar diýar.
    Gutly bolsun,şanly Garaşsyzlygym!
    ***
    Aşgabadym,aydyňdyr seň asmanyň.
    Arkadagym bina etdiň dessanyň,
    Ak niýetli Watanyma beslänim.
    Gutly bolsun,şanly Garaşsyzlygym!
    ***
    Gök asmanda ganat gerýär baýdagym,
    Buşlap ulys-ile döwrüň aýdymyn.
    Kalplara ornapdyr ýürek aýdymym,
    Gutly bolsun,şanly Garaşsyzlygym!
    ***
    Arkadagyň ýoly bilen barýarys,
    Bagtyň keşbin ajap çagda görýäris,
    Gül Watany jandan eziz söýýäris.
    Gutly bolsun,şanly Garaşsyzlygym!

    Aýnur ÖWEZGELDIÝEWA,
    Türmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň
    Telekommunikasiýalar fakultetiniň Infokommunikasiýa tehnologiýalary
    hünäriniň 3-nji ýyl talyby

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI