04/12/2024
62
MÖHÜM UGURLAR BOÝUNÇA OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň Ykdysady diplomatiýa ugrundan okuw sapagy geçirildi.
Okuw sapagynda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Möwlamow Atajan Nurlyýewiç Türkmenistanyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary we halkara guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk, şeýle-de Pakistan Yslam Respublikasynyň diplomatiýasynyň aýratynlyklary barada giňişleýin gürrüň berdi.
Duşuşygyň dowamynda 2024-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda energetika, ulag-kommunikasiýa we logistika degişli birnäçe taslamalara — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň esasy tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň, Mary welaýatynyň çäginde «Şatlyk-1» gaz gysyjy desgasynyň gurluşygyna badalga berlendigi barada aýdyldy. Şeýle hem Turgundy — Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar aralygynyň we “Turgundy” demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň gurluşyk işlerine we Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedindäki uzynlygy 177 metr bolan demir ýol köprüsiniň ulanmaga berilmeginiň ykdysady ähmiýeti barada gürrüň edildi.
Talyplar üçin bu duşuşyk örän täsirli bolup, olar özlerini gyzyklandyrýan sowallara giňişleýin jogap aldylar.
Gyzylgül GURBANMUHAMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary
kafedrasynyň
mugallymy.
Soňky täzelikler
14/11/2024
OKUW SAPAGY GEÇIRILDI