01/06/2024
581
Milli Liderimiziň göreldesi — dünýä nusgalyk (Ýaş žurnalistiň sözi)
3-nji iýun — Bütindünýä welosiped güni. Dünýä jemgyýetçiligi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ykrarnamasyna öwrülen bu baýramy indi ýedinji gezek garşylaýar. Iki tigir, pedal, tutawaç, çarçuwa — döredilen gününden bäri üýtgemedik şeýle ýönekeý gurluşly welosiped ýer ýüzündäki millionlarça adam üçin amatly ulag serişdesi boldy. Dynç alyş, bedenterbiýe ýa-da gatnaw üçin bolsun, tapawudy ýok, sadaja dizaýny bilen meşhurlyk gazanan welosiped wagtyň synagyndan üstünlikli geçdi hem-de ol adamzat taryhynda iň giňden ulanylýan we umumy ykrar edilen oýlap tapyşlaryň birine öwrüldi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan döwletimiziň başlangyjy bilen 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji plenar mejlisinde 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda, 2022-nji ýylyň 15-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamalaryň kabul edilmegi ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiligini sagdyn ýaşaýşa çagyrmakdaky, döwletleriň arasynda ekologik abadançylygy wagyz etmekdäki möhüm ädimleri boldy.
Käbir şöhratly wakalary ýatlap geçsek, 2018-nji ýylyň 1-nji iýunynda Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanyp, «Aşgabat» köpugurly stadionynda welosport boýunça okuw sapagy geçirildi. Bu okuw sapagyna 3246 adam gatnaşdy we «Guinness World Reсords» kompaniýasy tarapyndan bellige alnyp, «Welosiped sporty boýunça iň köpçülikleýin sapak» güwänamasy bilen tassyklanyldy. 2019-njy ýylyň 1-nji iýunynda bolsa Olimpiýa şäherçesinde täze dünýä rekordy — bir hatar boýunça iň dowamly welosipedli ýörişiň guralmagynyň rekordy goýuldy. Çünki biri-biri bilen belli bir aralykdan bir hatara düzülen 2019 welosipedçi degişli aralygy saklamak bilen Olimpiýa şäherçesinden 3300 metr aralygy geçdi. Bu waka «Iň dowamly bir nyzamly welosipedli ýöriş» hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan sagdyn durmuş ýörelgeleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuş ugurly syýasatynyň üýtgewsiz ileri tutulýan ugry bolup durýar. Ýakynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen paýtagtymyz Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň möhüm wakalarynyň biri boldy. Mälim bolşy ýaly, bu çözgüt 24-nji maýda türkmen paýtagtynda geçirilen GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde biragyzdan kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz: «Welosiped sporty ynsan saglygyna oňyn täsir edýän sportuň netijeli görnüşi bolup durýar» diýip belleýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 25-nji maýynda geçirilen mejlisinde ýurdumyzyň welosport boýunça ýygyndy toparynyň türgenleriniň gatnaşmagynda ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Tejen — Aşgabat böleginiň ugry bilen uzynlygy 335 kilometr aralyga dört tapgyrdan ybarat bolan welosipedli ýörişi geçirmegiň meýilleşdirilýändigi barada aýdyldy. Mundan başga-da, Olimpiýa şäherçesiniň «Welotrek» sport toplumynda «Siz bilen sportda gadamlar batly, // Ak geljege ýörelgämiz, Arkadag!» atly welotrek boýunça Türkmenistanyň birinjiligini geçirmek göz öňünde tutulýar. Munuň özi bu şanly senäniň mazmunyny has-da baýlaşdyrar.
Welosiped ulagyň ekologik taýdan iň arassa görnüşi. Şonuň üçin-de hereket etmegiň, gezelenç etmegiň, sport bilen meşgullanmagyň serişdesi hökmünde welosipedi saýlap almak bilen, adam diňe bir öz saglygyny berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, daşky gurşawy aýawly saklamaga hem goşandyny goşýar. Gahryman Arkadagymyzyň şahsy göreldesine eýerip, bu günki gün ildeşlerimiz, aýratyn-da, ýaşlar köpçülikleýin welosipedli ýörişlere yzygiderli gatnaşýarlar.
Welosiped indi iki asyrdan gowrak wagt bäri ulagyň iň bir elýeterli, ygtybarly, amatly hem-de ekologiýa taýdan arassa görnüşleriniň biri bolmak bilen, adamyň saglygyny berkitmekde we onuň işe ukyplylygyny artdyrmakda möhüm serişde hökmünde hyzmat edýär. Yzygiderli welosiped sporty bilen meşgullanýanlarda ýürek-damar, ýokary gan basyş bilen bagly döreýän keselleriň, düwnük keseliniň käbir görnüşleriniň, süýjüli diabetiň döremek howpunyň az duş gelýändigini lukmançylyk barlaglary subut etdi. Şeýle hem welosiped ekologiýa taýdan arassa ulagyň nyşany bolmak bilen, daşky gurşaw we klimat üçin zyýansyzdyr. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, sport bilen, şol sanda welosiped sporty bilen yzygiderli meşgullanmak adamyň saglygyny berkidip, onuň işe ukyplylygyny artdyrýar. Welosipedli gezelençler ruhuňy has-da artdyryp, ajaýyp tebigatyň gurşawyna aralaşmaga, daşky dünýäni öwrenmäge, ene topragyň gözel künjeklerini has oňat bilmäge ýardam edýär. Çünki welosiped islendik ýere hereket etmegiň we gezelençleri guramagyň hem amatly serişdesidir.
Şeýlelikde, Bütindünýä welosiped güni saglygyň, erkinligiň we tebigy gurşawymyzy goramagyň baýramçylygydyr. Bu şöhratly sene hemmämizi welosiped sürmegiň lezzetine we hakyky şatlygyna baha bermäge çagyrýar.
Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Nesil».