05/10/2024
556
Milletiň ogullaryna baky şöhrat!
Ýurdumyzda her ýylyň 6-njy oktýabrynda durmuşyň abadanlygy, halkyň erkinligi ugrunda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar, şeýle-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary ýatlanylyp, Hatyra güni bellenilýär. Munuň özi il-ýurt diýip göreşen merdanalary hatyralamagyň, ýüreklerde we hakydalarda saklamagyň, olaryň geçen ýoluny nesiller üçin terbiýe mekdebine öwürmegiň müňýyllyklardan gözbaşly ýörelgesidir.
Mälim bolşy ýaly, Hatyra gününde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde Döwlet baýdaklary aşak düşürilýär, öý-ojaklarda sadakalar berilýär, aýat-töwirler okalýar. Paýtagtymyzdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak çäresi geçirilýär. Toplumdaky 1948-nji ýylyň ýertitremesinde gurban bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralamak üçin «Ruhy tagzym» ýadygärligi, faşizme garşy söweşlerde wepat bolan türkmenistanly esgerleriň hem-de mähriban Watanymyzyň erkinligi, onuň bagtyýar geljegi ugrundaky söweşlerde baş goýan gahrymanlaryň hatyrasyna bina edilen «Milletiň ogullary» we «Baky şöhrat» ýadygärlikleri halkymyzyň gahrymançylykly taryhyny şöhlelendirýär. Bu ýerde türkmen topragynyň merdana ogullary baradaky synmaz hakydanyň nyşany hökmünde «baky ot» ýanyp dur. Bu ýadygärlikler toplumy gahryman türkmenistanlylaryň baky şöhratyna, edermenligine bu günki nesilleriň mukaddeslik hökmünde garaýandygynyň, tagzym edýändiginiň alamatydyr.
Halkyň hakydasynda köpasyrlyk tejribe, ýol-ýörelge jemlenendir. Halk hakydasy taryhyň gatlaryna siňen beýik ýeňişleriň, uly ösüşleriň, merdana pederlerimiziň gahrymançylygynyň hem şöhlelenmesidir. Şunda 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunyň gazaply söweşlerinde edermenlik görkezip, pajygaly gijede ömür tanapy kesilen türkmeniň merdana ogly, edermen esger, ajaýyp mugallym, ilhalar ynsan — Gahryman Arkadagymyzyň atasy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň garry atasy Berdimuhamet Annaýewi aýratyn hormat bilen ýatlamak gerek. Onuň durmuş ýoly türkmen ýaşlary üçin hakyky watansöýüjiligiň hem-de borja wepalylygyň nusgasydyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz ýiti parasatlylyk bilen şeýle diýýär: «Merhumlary hatyralamak ata-babalarymyzyň belent ynsanperwerlik däbidir, ol asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýar. Hakyda geçmişi we häzirki döwri baglanyşdyryp, türkmenistanlylaryň täze nesline ýagty geljege tarap öňe gitmäge ýardam berýär». Şoňa görä-de, watansöýüjilik, gahrymanlara goýulýan sarpa bu günki gün türkmen halkynyň ruhy ýörelgeleriniň biri bolup durýar. Agzybirlikde edilýän doga-dilegler bolsa aýratyn sogap we ruhy taýdan jebisligiň nyşany hasaplanýar.
Merdana pederlerimiziň söweşjeň edermenligi, gaýduwsyzlygy hakyndaky şöhratly ýatlamalar, ildeşlerimiziň zähmet üstünlikleri Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ebedi ýazyldy. Şunuň bilen baglylykda, ýakynda «Hatyra» kitabynyň täze neşiriniň bäşinji jildiniň çapdan çykmagy parahat we abadan durmuş üçin janyny orta goýan watandaşlarymyzyň edermenliklerini häzirki nesillere düşündirmek hem-de geljek nesillere ýetirmek boýunça uly işleriň alnyp barylýandygynyň aýdyň beýany boldy. Bu neşir 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan, şeýle-de dereksiz ýiten esgerleriň ýagty ýadygärligine bagyşlanýar.
Ýurdumyzyň şöhratly taryhy, nurana şu güni hem-de beýik geljegi bar. Türkmen paýtagty bolsa Garaşsyzlyk ýyllarynda durmuşyň we döredijiligiň amatly gurşawyna öwrüldi. Mähriban topragymyzda parahatçylygy üpjün etmek ugrunda şirin janlaryny gurban eden perzentlerini hemişe ýatda saklap, dünýäniň halklarydyr döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrýar. Milletler Bileleşiginde öňe sürülýän başlangyçlar Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýolunyň mizemezdigine şaýatlyk edýär. Milli Liderimiziň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofiýasynyň bütin dünýäde dabaralanyp, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, Gahryman Arkadagymyzyň 24-nji sentýabrda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp şygryny okap bermegi bolsa buýsançly wakalaryň hataryndan orun aldy.
Hatyra gününde öten-geçenleriň ruhuna bagyşlap berilýän sadakalar, okalýan aýat-töwirler, ýagşy doga-dilegler kabul bolsun! Goý, türkmen topragynda hemişe abadan durmuş höküm sürsün! Ýurdumyz gülläp össün! Dünýä parahat bolsun! Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli işleri elmydama rowaç bolsun!
Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby,
«Nesil».
Çeşme: «Nesil» gazeti - 05.10.2024 ý. // https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/7/articles/165805