15/07/2026
60
Meýletinçiler taýýarlyk görýärler
Asyrlaryň dowamynda halkymyzyň durmuşynda we medeniýetinde uly ähmiýete eýe bolan ahalteke bedewleri türkmeniň milli ruhunyň hem-de döredijilik zehininiň güwäsi hökmünde tanalýar. Şunuň bilen baglylykda, 2026-njy ýylyň 4 — 6-njy sentýabry aralygynda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionaty atçylyk sungatynyň baý däplerini halkara jemgyýetçilige ýetirmekde möhüm ähmiýete eýe bolar. Häzirki wagtda bu halkara çärä ýokary derejede taýýarlyk görmek babatda degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan yzygiderli işler alnyp barylýar.
Öňde duran iri halkara çäräniň ýokary guramaçylykda geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen, ýörite okuw maksatnamasy esasynda daşary ýurt dillerini, hususan-da, iňlis we nemes dillerini bilýän meýletinçiler hem taýýarlanylýar. Okuw maksatnamasynyň esasy maksady halkara meýdançada döwletimiziň abraýyny mynasyp derejede gorap biljek, birnäçe daşary ýurt dilinde erkin aragatnaşyk saklap bilýän, hünär taýdan taýýarlykly we ýokary medeniýetli meýletinçileri kemala getirmekden ybarat. Okuwlar Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň tejribeli mugallymlarynyň we hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda, agzalan ýokary okuw mekdeplerinde geçirilýär.
Tematiki ugurlaryň ençemesini öz içine alýan okuw maksatnamasynyň çäklerinde meýletinçilere diplomatik protokol, etiket, atçylyk sporty, weterinariýa talaplary, logistika, metbugat bilen işleşmegiň aýratynlyklary, şeýle hem ahalteke bedewleriniň taryhy, nesil ugurlary we milli mirasymyzdaky orny barada giňişleýin düşünje berilýär. Şeýle hem ýokary derejeli myhmanlary garşylamagyň, ugratmagyň we olar üçin degişli hyzmatlary ýerine ýetirmegiň düzgünleri düşündirilýär.
Mundan başga-da, okuw sapaklarynda meýletinçi talyplar atly sport bäsleşikleriniň we gözellik bäsleşiginiň halkara düzgünlerini, Halkara atly sport federasiýasynyň weterinariýa we doping-gözegçilik kadalaryny özleşdirýärler, halkara media gulluklary bilen utgaşykly iş alyp barmagyň tärlerini iňlis we nemes dillerinde kämil derejede ulanmagy öwrenýärler, Niderlandlaryň we Ýewropa Bileleşiginiň beýleki ýurtlarynyň medeni aýratynlyklary bilen tanyşýarlar. Şunda talyp ýaşlaryň atçylyk, atly sport, weterinariýa we halkara çäreleri guramak ugruna degişli hünär leksikasynyň hem-de söz baýlygynyň yzygiderli ösdürilmegine ähmiýet berilýär.
— Kronenberg şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara çäreleriň çäklerinde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ykdysadyýetde, medeni-durmuş ulgamynda Watanymyzyň ýeten derejesini halkara jemgyýetçilige wagyz etmek, milli medeniýetimiziň gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny dabaralandyrmak möhüm wezipe bolup durýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň degişli ýokary okuw mekdepleriniň daşary ýurt dillerini bilýän talyp ýaşlaryndan meýletinçiler topary döredilip, olar üçin birnäçe tapgyrdan ybarat bolan ýörite okuw sapaklary guralýar. Okuw sapaklaryna 3-nji iýulda badalga berildi hem-de ol awgust aýynyň aýagyna çenli dürli mowzuklar boýunça alnyp barlar. Biz bu sapaklaryň dowamynda meýletinçilere halkara derejedäki çärelerde özlerini alyp barmagyň medeniýeti, resmi duşuşyklarda berjaý edilmeli kadalar, daşary ýurtly myhmanlar bilen netijeli aragatnaşyk saklamagyň usullary barada maglumat berýäris. Bu bolsa halkara bäsleşikde ýurdumyzyň myhmansöýerlik däplerini we ýokary medeniýetini açyp görkezmäge ýardam berer — diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasynyň professory, sosiologiýa ylymlarynyň doktory Öwezdurdy Muhammetberdiýew gürrüň berýär.
Okuw sapaklaryna gatnaşyjylar halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewleriniň at-owazasyny dünýä ýaýýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edýärler.
Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.
Çeşme: «Türkmenistan» gazeti, 15.07.2026 ý. //
Soňky täzelikler
15/07/2026
«Hünär meselesi — adamyň ykbaly»
06/07/2026
Hoşniýetli dostluk, strategik hyzmatdaşlyk