Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Metbugat giňişligine gaýybana syýahat
    Metbugat giňişligine gaýybana syýahat surady
    26/03/2024

    959

    Metbugat giňişligine gaýybana syýahat

    Netijeli we oňyn, parahatçylyk söýüjilik, deňhukuklylyk, özara düşünişmek ýaly ýörelgeler Türkmenistanyň daşary syýasatynyň düýp özenini düzýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ýörelgesi halklary, ýurtlary geljegiň röwşen menzillerinde bilelikde gadam urmaga çagyrýar. 2024-nji ýylyň 24 — 29-njy marty aralygynda daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň ýurdumyzda bolmagynyň çäklerinde «Türkmen topragy — gadymy medeniýetleriň merkezi» atly metbugat maslahatynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu bolsa hyzmatdaş ýurtlar bilen gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmagyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmagyň meýdançasy bolup çykyş eder. Bu maslahat diňe bir täze başlangyçlara badalga bolmak bilen çäklenmän, eýsem, milli medeniýetimiz, sungatymyz, Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň pähim-parasada ýugrulan goşgulary bilen tanyşmaga döredilen mümkinçilikdir. Gazetiň şu sanynda üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly giňişligi emele getirýän dünýäniň habarlar gulluklary, teleradio kompaniýalary we sanly platformalary baradaky maglumatlary okyjylara ýetirmegi makul bildik.
    ITAR-TASS habarlar agentligi
    Esaslandyryldy: 1904-nji ýylyň 1-nji sentýabry; Sankt-Peterburg, Russiýa Federasiýasy;
    Baş direktory: Andreý Kondraşow;
    Edara ediş merkezi:
    Russiýa Federasiýasy, Moskwa;
    Dili: 6 dilde hereket edýär;
    Web sahypasy: www.tass.ru;
    Hyzmatdaşlyk: 112 ýurtdan 200-den gowrak habar beriş serişdeleri bilen;
    ITAR-TASS habarlar agentligi döwlet gözegçiligindäki edara bolup, ol her gün alty dilde, takmynan, 3 müň habary köpçülige ýetirýär. Ol halkara Älem giňişliginde öz býurosy bolan dünýädäki ýeke-täk habar beriş serişdesidir. Onuň işi ýyl-ýyldan döwrebap tehnologiýalara, şol sanda internet we sosial ulgamlaryna uýgunlaşýar, kämilleşýär we hyzmatdaşlygynyň gerimi giňeýär. Maglumat giňişliginde 2021-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň TASS habarlar agentliginiň baş direktorynyň birinji orunbasary Mihail Gusman bilen geçiren eksklýuziw interwýusy, 2022-nji ýylyň 9-njy awgustynda Türkmenistanda Russiýa Federasiýasynyň TASS habarlar agentliginiň ilkinji wekilhanasynyň açylmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. 2024-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda 120 ýyllygyny belleýän ITAR-TASS habarlar gullugy geljekde maglumat giňişligini has-da ösdürmegi meýilleşdirýär.
    TRT Türk teleradio kompaniýasy
    Esaslandyryldy: 1964-nji ýylyň 1-nji maýy;
    Baş direktory: Mehmet Zahid Sobajy;
    Edara ediş merkezi:
    Türkiýe Respublikasy, Ankara;
    Dili: 41 dilde hereket edýär;
    Web sahypasy: www.trt.net.tr.
    Türkiýäniň sesine deňelýän, ýarym asyrlyk tejribä eýe bolan TRT Türkiýe döwlet teleradio kompaniýasy köp sanly tomaşaçylaryň ünsüni özünde jemleýän ilkinji döwlet teleýaýlymydyr.
    Häzirki wagtda TRT Türkiýe döwlet teleradio kompaniýasy tarapyndan halkara hyzmatdaşlygyň kanuny esaslary kämilleşdirilýär. Tejribe alyşmaga we türkmen teleýaýlymlarynyň we radiožurnalistleriniň, kinorežissýorlarynyň işiniň kämilleşdirilmegine ýardam berýän dürli çärelerde gatnaşyklar has-da giňelýär. Ikitaraplaýyn bähbitli duşuşyklar geçirilýär, konstruktiw hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. TRT öz ýaýlymlary arkaly türkmen halkynyň ykdysadyýeti, medeniýeti we däp-dessurlary barada ygtybarly maglumatlaryň ýaýramagyna ýardam edýär. Muňa mysal edip, 2024-nji ýylyň 11-nji martynda «TRT Haber» teleýaýlymynyň ýolbaşçysy Ahmet Görmeziň Gahryman Arkadagymyz bilen bolan söhbetdeşligini görkezmek bolar. Şeýle-de 2023-nji ýylda TRT teleýaýlymynyň şahamçasy bolan «TRT Avaz» teleýaýlymy tomaşaçylara Gadymy Merw we Köneürgenjiň taryhy we medeni ýadygärlikleri barada gysga dokumental filmi hödürledi.
    «Mir» döwletara teleradio kompaniýasy
    Esaslandyryldy:1992-nji ýyl;
    Baş direktory: R.I.Batyrşin;
    Edara ediş merkezi:
    Russiýa Federasiýasy, Moskwa;
    Şahamçalary: Mir, Mir 24, Radio «Mir»;
    Web sahypasy: www.mirtv.ru;
    «Mir» döwletara teleradio kompaniýasy 1992-nji ýylda GDA agza döwletleriň döwlet baştutanlarynyň ylalaşygy bilen syýasy, ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygy, umumy maglumat giňişligini döretmek we halkara maglumat alyş-çalşygyny ösdürmek maksady bilen döredildi. «Mir» döwletara teleradio kompaniýasynyň internet portalynda Türkmenistanyň Arkadag şäherine «Arkadag «akylly» şäher» atly rubrikasynyň döredilmegi ýurdumyzyň dünýä ýurtlarynyň üns merkezindediginiň subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň 2021-nji ýylda «Mir» döwletara teleradio kompaniýasyna beren interwýusynyň çäginde «Mir» nyşanly altyn medal bilen sylaglanmagy özara bähbitli gatnaşyklaryň mazmunyny has-da baýlaşdyrdy. Has takygy, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyz tarapyndan «Mir 24» teleýaýlymyna 716 habar ugradylyp, habarlar giňişliginde beýan edildi.
    Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşigi (ABU)
    Esaslandyryldy: 1964-nji ýyl;
    Baş direktory: Ahmet Nadim;
    Edara ediş merkezi:
    Kuala-Lumpur, Malaýziýa;
    Web sahypasy: www.abu.org.my
    Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşigi halkara žurnalistleriň arasyndaky hyzmatdaşlyk üçin amatly platformalaryň biridir. Aziýa — Ýuwaş umman sebiti häzirki döwürde ählumumy ösüşiň we ilerlemegiň iň kuwwatly sebitleriniň biri hökmünde çykyş edýär. 2012-nji ýylyň aprel aýyndan bäri ABU-nyň doly hukukly agzasy bolan ýurdumyzda Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň Baş Assambleýasynyň 55-nji mejlisiniň 2018-nji ýylda Aşgabatda geçirilmeginiň özi netijeli hyzmatdaşlygy alyp barmaga ýardam etdi.

    Taýýarlan Merjen JUMAGYLYJOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

    Çeşme: "Watan" gazeti - 26.03.2024 ý. // Metbugat giňişligine gaýybana syýahat

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI