99
«MERKEZI AZIÝA — PARAHATÇYLYKDA ÝAŞAMAGYŇ GIŇIŞLIGI» ATLY HALKARA FORUMYŇ ÄHMIÝETI BARADA DUŞUŞYK
2025-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň «Öňüni alyş diplomatiýasy» we «Energetika diplomatiýasy» ugurlarynyň çäklerinde «Merkezi Aziýa — parahatçylykda ýaşamagyň giňişligi» atly halkara forumy geçirmegiň ähmiýeti barada duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda institutyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň müdiri, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, «Türkmenistanyň ussat diplomaty» atly tapawutlandyryş nyşanynyň eýesi, professor, taryh ylymlarynyň doktory, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Amangeldi Rahmanow çykyş etdi. Halypa diplomat öz çykyşynda döwletimiziň daşary syýasatynyň möhüm ugurlary, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň aýratynlyklary, ýurdumyzyň halkara derejesinde öňe sürýän beýik başlangyçlarynyň, hususan-da, «Merkezi Aziýa — parahatçylykda ýaşamagyň giňişligi» atly halkara forumyň ähmiýeti barada giňişleýin belläp geçdi.
Şeýle duşuşyklaryň türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde yzygiderli geçirilmegi talyp ýaşlaryň syýasy düşünjeleriniň kämilleşmegine, bu ugurda goşmaça bilim endikleriniň kämilleşmegine uly goşant goşýar.
Yhlas HALLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.