Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň zenanlaryň dialogynyň çäginde geçirilen sergi
    Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň zenanlaryň dialogynyň çäginde geçirilen sergi surady
    30/11/-0001

    765

    Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň zenanlaryň dialogynyň çäginde geçirilen sergi

    Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan Türkmenistan aýallaryň ýagdaýyny gowulandyrmak we gender deňliginiň gazanylmagy boýunça çäreleri sazlaşykly durmuşa geçirýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 29-njy maddasynda erkekleriň we aýallaryň deň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, şeýle hem olaryň durmuşa geçirmek üçin deň mümkinçilikleriniň jemgyýetimizde deňhukuklylygyň ýokary derejede berkidilmeginiň hem-de kämilleşdirilmeginiň aýdyň beýanydyr.
    Milli kanunçylygymyz erkekleriň we aýallaryň häkimýet edaralaryna deňagramly gatnaşygynyň gazanylmagy üçin hukuk gurallaryny we kepilliklerini, aýallaryň ykdysady garaşsyzlygy üçin deň mümkinçilikleriň üpjün edilmegi, öz işiniň kämilleşdirilmegi we wezipe ösüşi, maşgaladaky hukuklaryň we jogapkärçilikleriň deň durmuşa geçirilmegi üçin şertleriň döredilmegini göz öňünde tutýar. Türkmenistanyň kanunçylygynda zenanlaryň saýlawlara gatnaşmagy, döwlet wezipelerinde, guramalarda we birleşmelerde deň derejede işlemegi, bilim almagy, zähmete bolan hukugyň deňligi we hünäri erkin seçip almagy, saglygy goraýyş hyzmatlarynyň, dynç alşa, medeni durmuşa we sporta bolan hukuklarynyň üpjün edilmegi boýunça hukuk kadalary berkidilendir.
    2022-nji ýylyň 12-13-nji maýynda paýtagtymyzda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy we zenanlaryň dialogy hem hut şu ugurlarda toplanan tejribäni paýlaşmak, oňa gatnaşyjy ýurtlaryň özara hyzmatdaşlygynda parlamentara gepleşikleri mundan beýläk-de işjeňleşdirmek babatda özboluşly pikir alyşma meýdançasyna öwrüler.
    Munuň özi Merkezi Aziýada we Russiýada aýal-gyzlaryň arasynda gender deňligini öňe sürmek hem-de zenanlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça tagallalary dowam etdirmek, durnukly ösüş, howpsuzlyk, kanun çykaryjylyk, ekologiýa, adam hukuklaryny goramak, deňhukuklylyk, lukmançylyk diplomatiýasy, ylym we bilim babatda özara tejribe alyşmak, sanly tehnologiýalar, telekeçilik, medeniýet, sungat, sport ýaly ulgamlarda alnyp barylýan işlerde zenanlaryň başlangyçlaryny goldamak babatda anyk wezipeleri kesgitlemäge ýardam eder. Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogynyň çäginde Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde milli däp-dessurlary, halklaryň ruhy hem-de medeni mirasyny gorap saklaýan zenanlaryň ussatlygyny we ukyplaryny, olaryň döwlet durmuşynyň dürli ulgamlaryndaky eýeleýän orunlaryny hem-de ýeten sepgitlerini beýan edýän giň möçberli sergi gurnaldy.
    Sebitiň ýurtlaryna we Russiýa mahsus däp-dessurlar, milli geýimler, zenanlaryň el işleri, sowgatlyklar; serginiň çaphana önümleri üçin niýetlenilen bölüminde Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň medeniýeti we sungaty, ruhy gymmatlyklary barada gürrüň berýän eserleri, şeýle hem foruma gatnaşyjy ýurtlardan awtorlaryň çeper eserleri; Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň diwarlygynda gadymy milli lybaslar, ajaýyp halylar, zergärçilik önümleri, halk senetçileriniň işleri, öý hojalyk esbaplary, gadymy medeniýetimize degişli gymmatlyklar; türkmen halkynyň gadymy zähmet gurallary, tara, milli lybaslaryň, halylaryň we keçeleriň, şaý-sepleriň taýýarlanylyşy, el işleriniň nusgalary görkezildi.
    Bu sergide aýratyn hem ýurdumyzyň işewür zenanlary tarapyndan hödürlenilen dürli görnüşli önümler we hyzmatlar, şol sanda bu serginiň iň meşhur gymmatlyklarynyň birine öwrülen ajaýyp güller türkmen telekeçi zenanlarynyň üstünlikleriniň köpöwüşginli subutnamasy boldy.
    Häzirki wagtda Merkezi Aziýa döwletlerinde zenanlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmeginiň amala aşyrylmagynda uly tejribe toplandy. Hususan-da, zenanlaryň döwletiň we jemgyýetiň dolandyryşyna, kanun çykaryjy we hökümet düzümlerine, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet hem-de öz-özüňi dolandyryş edaralaryna, telekeçilik ulgamyna gatnaşmaklary üçin amatly şertleriň döredilmegine has köp üns berilýär.

    Merjen GURBANNAZAROWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara hukugy we deňeşdirme
    hukuk öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI