21/07/2023
1036
MERKEZI AZIÝA – AÝLAGYŇ ARAP DÖWLETLERI : SEBITARA HYZMATDAŞLYKDA TÄZE GADAMLAR
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz “Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk Geňeşi – Merkezi Aziýa” atly Jidda şäherinde geçirilen sammitine hormatly myhman hökmünde çagyryldy. Birinji gezek geçirilen bu ýokary derejeli sammite Saud Arabystanynyň Patyşalygynyň, Bahreýn Patyşalygynyň, Katar Döwletiniň, Kuwaýt Döwletiniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Oman Soltanlygynyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň hem-de Türkmenistanyň döwlet Baştutanlary, şeýle-de Geňeşiň Baş sekretary gatnaşdy. Ýurdumyz sebitde we dünýäde oňyn gatnaşyklar ugrunda çykyş edip, hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan daşary syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýär. Halkara guramalar we düzümler bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, özeninde ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň öňde goýan möhüm ugurlaryň biridir.
Hormatly Prezidentimiziň Jidda şäherinde geçirilen “Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk Geňeşi – Merkezi Aziýa” sammitine gatnaşmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu ýokary derejeli döwlet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşan aýlagdaky Arap döwletleri, şol sanda Merkezi Aziýanyň döwletleri bilen biziň ýurdumyzy hoşniýetli erk, taryhy taýdan emele gelen medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy, däp bolan dostlukly hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Munuň özi häzirki döwürde halkara giňişlikde özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär.
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiz gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen deňhukukly, doly möçberli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen döredijilikli daşary syýasat ýörelgesine ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklaýar. Ählumumy abadançylygyň maksatlaryna kybap gelýän bu öňdengörüjilikli strategiýa dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe boldy. Munuň şeýledigine ata Watanymyzyň halkara derejedäki belent abraýy ýene bir ýola subut edýär.
Ýurdumyzyň sebit üçin ähmiýeti ýokary bolan şeýle sammitlere yzygiderli gatnaşmagy Watanymyzyň dünýä derejesinde abraýynyň belentdigine, ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde-de netijeli özara hereketleri ösdürmek meselelerinde ýurdumyzyň işjeň çykyş etmek ýörelgesine eýerýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň taryhy
Taryhyň geosyýasy şertleriniň has ýitileşen döwürlerinde döwletara, sebitara hyzmatdaşlyga derwaýyslyk has hem artypdyr. Geçmişde bolup geçen wakalar dünýä döwletlerini, aýratyn hem goňşuçylykda, bir yklymda ýerleşýän döwletleri ýakynlaşdyrmaga, ykdysady, syýasy meseleleri bilelikde çözmäge ýardam edipdir. Häzirki wagtda aýry-aýry sebitler boýunça köp sanly guramalardyr, hyzmatdaşlyklar hereket edýär.
Aýlagyň Arap döwletleri üçin hyzmatdaşlyk Geňeşi 1981-nji ýylyň 25-nji maýynda Abu-Dabide ýokary derejedäki duşuşykda döredilip, onuň Tertipnamasy 1982-nji ýylda tassyklanylýar. Guramanyň esasy maksady, ähli ykdysady, durmuş we medeni meseleleri bilelikde çözmek bolup, düzümine aýlagyň alty döwletini: Bahreýn Patyşalygyny, Katar Döwletini, Kuweýt Döwletini, Birleşen Arap Emirlikleri, Oman Soltanlygyny hem-de Saud Arabystany öz içine alýar. Guramany döretmek başlangyjy Saud Arabystana degişlidir. Sebitiň ýurtlarynyň tutýan meýdany 2 285 844 inedördül km. Bu çäkde 2012-nji ýylyň maglumatlaryna görä, 42,1 mln adam ýaşaýardy. Ol sebitara ýapyk halkara guramasy bolup, agza döwletleri ykdysady we maliýe, söwda, gümrük we aragatnaşyk, bilim we medeniýet, saglyk ulgamynda, metbugat we syýahatçylyk, kanunçylyk we dolandyryş meselerinde tejribe alşyp, giň hyzmatdaşlygy alyp barýarlar. Guramanyň baş sekretariaty er-Riýad şäherinde ýerleşýär.
Bilelikdäki ykdysady ylalaşyga laýyklykda, alty döwletiň arasyndaky gümrük päsgelçilikleri aradan aýryldy. Aýlagyň halklary Geňeşe agza döwletleriniň islendiginde deň hukuklarda önümçiligini açmaga we geleşikleri baglaşmaga haklydyrlar. Guramanyň düzüminde “Ýarymadanyň galkany” diýlip atlandyrylýan Aýlag ýurtlarynyň çalt hereket edýän birleşdirilen goranyş güýçleri hem hereket edýär.
PAADHG-niň ykdysady mümkinçilikleri hem örän uludyr. Sebit dünýäde nebitiň barlanan gorlarynyň 40%-ni özünde jemläp, daşary ýurtlaryň bu çig mala bolan zerurlygynyň 25%-ni kanagatlandyrýar. Dünýä teibgy gaz gorlarynyň 20%-i, maliýe gorlarynyň 40%-i şu sebite degişlidir.
2009-2011-nji ýyllarda aýlagdaky 6 ýurt öz energiýa ulgamlaryny birikdirdi. Häzirki wagtda geňeşiň agzalary «Haliji» atlandyrylan bitewi walýuta geçmekligi hem meýilleşdirilýär.
Aýlagyň Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň düzümine her ýyl geçirilýän Döwlet Baştutanlarynyň Ýokary Geňeşi we her üç aýda bir gezek ýygnanýan Ministrler geňeşi degişlidir.
Türkmenistan - “Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk Geňeşi:
Özara bähbitli hyzmatdaşlygyň daýanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklar
Häzirki döwürde Arap aýlagynda ýerleşýän döwletler ýurdumyzyň esasy hoşniýetli gatnaşyklary yzygiderli alyp barýan hyzmatdaşlarynyň biridir. Şol sebäpli, sebitde bolup geçýän syýasy wakalara ýurdumyzyň işjeň gatnaşmagy aýlag döwletleri bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklaryň has hem ösmegine giňden ýardam edýär.
2022-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow “Aýlagdaky Arap Döwletleriniň – Merkezi Aziýanyň Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň” Daşary işler ministrleriniň strategiki dialogynyň birinji duşuşygyna gatnaşdy.
Bu platforma ýurtlaryň arasyndaky syýasy gepleşikleri giňeltmek hem-de söwda, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen döredildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar halkara gün tertibiniň möhüm ugurlaryny, sebit howpsuzlygy meselelerini we söwda, ykdysadyýet, maýa goýumlary, medeniýet we ylym pudaklarynda geljekde netijeli gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin geljekki ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Ýokary derejeli gepleşikleriň dowamynda ýurdumyzyň Daşary işler ministri öz çykyşynda “Şu günki mejlise Türkmenistan tarapyndan Merkezi Aziýa döwletleri bilen Aýlagyň Arap döwletleriniň Hyzmatdalyk Geňeşiniň arasynda giň gerimli özara gatnaşyk döretmek üçin ilkinji möhüm ädim hökmünde garalýar” diýip belläp geçmegi bilen, ýurdumyzyň aýlag sebitinde ýerleşýän döwletler bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy has hem ilerletmäge ýardam etjekdigi nygtady.
Duşuşygyň netijesinde taraplar Bilelikdäki Beýannamany, şeýle hem söwda, maýa goýum, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sport ugurlary boýunça amaly hyzatdaşlygy ýola goýmaga gönükdirilen 2023-2027-nji ýyllar üçin Bilelikdäki hereketleriň meýilnamasyny kabul etdiler.
Görşümiz ýaly, geosyýasy ýerleşiş taýdan amatly sebitde ýerleşýän Türkmenistan döwletimiz goňşy döwletler, şol sanda Aýlag döwletleriniň her biri bilen alyp barýan gatnaşyklary aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Şu nukdaýnazardanam, “Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk Geňeşi – Merkezi Aziýa” agza döwletleri üçin islendik ugurlarda ýurdumyz ygtybarly hyzmatdaşydyr.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Bitaraplyk hukuk derejesine laýyklykda, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny yzygiderli amala aşyryp, hyzmatdaş ýurtlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda iri halkara guramalaryň çäklerinde netijeli gatnaşyklary işjeň ösdürýär. Türkmenistanyň agzalygyna girmeýän abraýly halkara we sebit düzümleriniň sammitlerine çagyrylmagy Watanymyzyň dünýädäki belent abraýynyň, häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýaralamakda işjeň, başlangyçly ornunyň ykrar edilmeginiň subutnamasydyr.
Goý, özenine parahatsöýüjilik ruhy siňen, hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan syýasatyň netijesinde barha gülläp ösýän, Türkmenistan döwletimiziň at-abraýy mundan beýläk hem belende galsyn! Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Şasenem MEÝLISOWA,
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby
Soňky täzelikler
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI