18/03/2025
2342
Mekdep okuwçylarynyň arasynda geografiýa dersi boýunça bäsleşik geçirildi
2025-nji ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli mekdep okuwçylarynyň arasynda geografiýa dersi boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşige Annanyýaz Artyk adyndaky ýöriteleşdirilen 68-nji orta mekdebiniň okuwçylary gatnaşdylar. Bäsleşik örän çekeleşikli geçip, onda geografiýa dersiniň esasy bölümi bolup durýan döwletleriň atlary we döwlet nyşanlary temasyndan soraglar berildi.
Bäsleşikde Annanyýaz Artyk adyndaky ýöriteleşdirilen 68-nji orta mekdebiniň okuwçylary üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp boldular.
Bäsleşik mekdep okuwçylarynyň diplomatiýa sungatynda möhüm orun eýeleýän geografiýa dersi boýunça bilimlerini artdyrmaga we bu ugurda ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmäge ýardam etdi.
Hojamyrat BAÝLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň
III ýyl talyby.