31/12/2024
958
MEKDEP OKUWÇYLARY ÜÇIN OLIMPIADA
Ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda
Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Bilimler güni
mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary
institutynyň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi
geňeşi bilen bilelikde “Watanyň daýanjy-bilimli ýaşlar, Arkadagly Gahryman
Serdaryň guwanjy ýaşlar!” atly Türkmenistanyň taryhy, matematika, türkmen
dili, iňlis dili dersleri boýunça olimpiadany guramak we geçirmek hakyndaky
DÜZGÜNNAMA
Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar
üçin Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň
Meýilnamasyna, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we olara jemgyýetde öz mynasyp
ornuny tapmagy üçin şertleri döretmek hakynda Türkmenistanyň Bilim
ministrliginiň 2023-nji ýylyň 14-nji fewralyndaky 49 belgili we Türkmenistanda
ýaşlary hünäre ugrukdyrmak işlerini geçirmek barada Gözükdirijini tassyklamak
hakynda 2023-nji ýylyň 21-nji iýulyndaky 291 belgili buýruklaryna laýyklykda,
mekdep okuwçylaryň zehinlerini artdyrmak, gözýetimini giňeltmek, watançylyk
duýgusyny kemala getirmek maksady bilen, ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 12-nji
synp okuwçylarynyň arasynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen
Bilimler güni mynasybetli “Watanyň daýanjy-bilimli ýaşlar, Arkadagly
Gahryman Serdaryň guwanjy ýaşlar!” atly Türkmenistanyň taryhy, matematika,
türkmen dili, iňlis dili dersleri boýunça olimpiadany guramak we geçirmek
hakyndaky Düzgünnama işlenip taýýarlanyldy.
Umumy düzgünler
Şu Düzgünnama olimpiadany guramagyň we geçirmegiň kadalaşdyryjy
resminamasy bolup, ony geçirmegiň tertibini kesgitleýär. Watana, halkymyza
Türkmenistanyň Prezidentine wepaly, zehinli we başarjaň ýaşlary ýüze çykarmak,
Türkmenistanyň bilim ulgamynyň dünýäniň ylym-bilim giňişligine sazlaşykly
aralaşýan döwründe esasy mesele hökmünde orta çykýar. Bäsleşigiň geçirilmegi
ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň intellektual derejesini kesgitlemäge,
Türkmenistanyň okgunly ösýän bazar ykdysadyýetinde innowasion tehnalogiýalary
ulanmakda we çylşyrymly meseleleri özbaşdak çözmegi başarýan zehinli ýaşlary
ýüze çykarmakda ýardam eder.
Olimpiadanyň maksady
Zehinli mekdep okuwçylaryny ýüze çykarmak, saýlap alan hünärine we kärine
bolan ukyplaryny seljermek, hem-de olaryň giriş synaglaryň tabşyryljak dersleri
boýunça bilimleriniň derejesini kesgitlemek.
Olimpiadanyň guramagyň we geçirmegiň tertibi
1. Ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän ähli mekdepleriň 12-nji synp okuwçylarynyň
olimpiada gatnaşmaga hukugy bolup, olar 20.03.2025 senä çenli degişli
maglumatlaryny elektron-salga: hgi.charetm@gmail.com ugratmaly. Okuwçylaryň
hasaba alnandyklary baradaky maglumat elektron salgylaryna 28-nji marta çenli
ugradylar hem-de ol maglumatda bäsleşige gatnaşmaly senesi, wagty görkeziler.
Olimpiadanyň I tapgyrynyň we “Açyk gapylar” gününiň geçiriljek rejesi:
a. 31.03.2025 – Aşgabat, Arkadag şäherleri we Ahal welaýaty –
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda;
b. 31.03.2025 – Balkan welaýaty – Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw
mekdebinde;
c. 31.03.2025 – Daşoguz welaýaty – Türkmen oba hojalyk institutynda;
d. 31.03.2025 – Lebap welaýaty – S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet
mugallymçylyk institutynda;
e. 31.03.2025 – Mary welaýaty – Türkmenistanyň döwlet energetika
institutynda.
2. I tapgyryndan üstünlikli geçen mekdep okuwçylary barada II tapgyra gatnaşmaga
hukuk gazanan okuwçylaryň elektron salgylaryna II tapgyra gatnaşmak üçin ýörite
login/açar ugradylar we uzak aralykdan test tabşyrarlar.
Olimpiadanyň II tapgyrynyň we “Açyk gapylar” gününiň geçiriljek rejesi:
a. 14.04.2025 – Aşgabat, Arkadag şäherleri we Ahal welaýaty –
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda;
b. 14.04.2025 – Balkan welaýaty – Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw
mekdebinde;
c. 14.04.2025 – Daşoguz welaýaty – Türkmen oba hojalyk institutynda;
d. 14.04.2025 – Lebap welaýaty – S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet
mugallymçylyk institutynda;
e. 14.04.2025 – Mary welaýaty – Türkmenistanyň döwlet energetika
institutynda.
Ýeňijileri kesgitlemegiň we sylaglamagyň tertibi
1. Olimpiadada ýokary utuklary gazanmagy başaran mekdep okuwçylarynyň
sanawy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary
institutynyň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanar.
2. I, II, III ýerlere hem-de höweslendiriji ýerler boýunça ýeňijiler Guramaçylyk
toparynyň taýýarlanan Hormat haty we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar Guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary bilen institutda
2025-nji ýylyň 30-njy aprelinde geçiriljek “Açyk gapylar” gününde sylaglanarlar.
Goşundy 1.
Bäsleşige gatnaşmak üçin hödürlenilýän okuwçylar barada Guramaçylyk
toparyna berilmeli maglumatlaryň nusgasy.
T/b |
Familiýasy, ady we atasynyň ady |
Suraty |
Doglan ýyly |
Mekdebi (welaýat, şäher, etrap) |
Synpy |
Öý telefon belgisi |
El telefon belgisi |
Elektron poçtasy |
1 |
Ataýew Ata Ataýewiç |
3x4 |
19.02. 2008 ý. |
Aşgabat şäheriniň 18-nji orta mekdebi |
12 |
223344 |
+99365656565 |