Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Medeniýet — ynsan köňlüniň nury
    Medeniýet — ynsan köňlüniň nury surady
    24/06/2024

    796

    Medeniýet — ynsan köňlüniň nury

    Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeligi halkymyzyň ruhy mirasyny gorap saklamakda, öwrenmekde hem-de dünýä ýaýmakda möhüm ähmiýete eýedir. 2024-nji ýylyň 22-nji iýunynda sebitiň «akylly» megataslamasy bolan Arkadag şäherinde ilkinji gezek Medeniýet hepdeligine badalga berilmegi halkymyzyň watançylyk ruhuny ýokary götermekde, taryhy ýörelgelerimizi dabaralandyrmakda möhüm başlangyç boldy. 27-nji iýuna çenli dowam etjek bu medeni forumyň açylyş dabarasy Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda geçirildi.
    Taryhdan mälim bolşy ýaly, merdana pederlerimiz gowgaly söweşlerde ar-namysa ýugrulan aýdymdyr sazlardan ruhlanyp, duşman üstüne şir dek topulypdyrlar, bagşylaryň watançylyk hakynda aýdýan aýdymlarynyň sözlerinden many alypdyrlar. Diýmek, milli medeniýetiň, aýdym-saz sungatynyň watançylyk ähmiýeti örän güýçlüdir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Arkadag şäherinde giňden dabaralandyrylýan Medeniýet hepdeligi hem halkymyzyň şöhratly taryhyny, tomaşaly toýlarymyzyň belent dabarasyny äleme doldurýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen bu meşhur medeni forum ýurdumyzda 12-nji gezek geçirilýär.
    Döwlet Baştutanymyz Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara iberen Gutlagynda şeýle belleýär: «Arkadag şäherinde geçirilýän
    Medeniýet hepdeliginiň hem türkmen medeniýetini we sungatyny has-da kämilleşdirmek, onuň köpöwüşginliligini giňden açyp görkezmek babatda baý mazmunly medeni çärä öwrüljekdigine berk ynanýaryn». Şunuň bilen baglylykda, Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde ýerleşýän bu «akylly» şäherinde şeýle uly tutumlar üçin ähli şertleriň döredilendigini buýsançly bellemek gerek. Açylandan bäri geçen bir ýyla ýakyn wagtyň içinde Arkadag şäheri sungatyň, döredijiligiň joş urýan mekanyna öwrüldi. Täze şäherde halkara sungat we medeni çäreler, döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. Bu şäherde görseň gözüňi dokundyryp duran kaşaň teatryň, döwlet sirkiniň, muzeýiň, kitaphananyň, sungat mekdepleriniň bolmagy medeni ösüşleri ilerletmäge giň mümkinçilik berýär. Medeniýet hepdeliginiň dowamynda guraljak medeni çäreler hakynda durlup geçilse, 2024-nji ýylyň 22-nji iýunynda Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň döredijilik topary tarapyndan sahnalaşdyrylan «Älem nury» atly sahna eseriniň ilkinji görkezilişiniň bolandygyny nygtamalydyrys. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan bu sahna eseri tomaşaçylar köpçüligi tarapyndan uly gyzyklanma bilen garşylandy. Täze sahna eserinde dünýä döräli bäri dowam edip gelýän haýyr bilen şeriň göreşi beýan edilýär. Tomaşanyň başynda Jebrut äleminiň nury zemine inýär. Ol nur adamzady baky bagta ýetirip biljek gizlin syryň açarydyr. Hut şu wakalaryň esasynda hem Magtymguly Pyragynyň ruhy-ahlak, watançylyk hem-de döwletlilik garaýyşlary öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarowyň we Abdylazym Rejepowyň beýik söz ussadymyzyň şygyrlarynyň we halk rowaýatlarynyň esasynda döreden sahna eseri Bagtyýar Abaýewiň režissýorlyk etmeginde tomaşaçylara ýetirildi. Şeýle baý mazmunly çykyşlara Medeniýet hepdeliginiň tutuş dowamynda giň orun berilýär. Mundan başga-da, ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli baýramçylyk konsertidir döredijilik agşamy, Arkadag şäheriniň açylmagynyň 1 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabaralary medeni forumyň çäreleri bilen utgaşdyrylar.
    Medeniýete sarpa — Watana sarpa. Çünki ähli zadyň, ähli ulgamyň, ähli belentlikleriň sakasynda medeniýet bar. Diýmek, Arkadag şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeligi hem medeniýeti, sungaty, sözi ýene bir ýola has belentden sarpalamaga döredilen mümkinçilikdir. Hepdeligiň çäklerinde opera, aýdym-saz, kino we teatr, şekillendiriş, amaly-haşam sungaty, edebiýat, halk döredijiligi ýaly häzirki zaman türkmen medeniýetiniň ähli ugurlaryny özünde jemleýän çäreleriň meýilleşdirilmegi munuň şeýlediginiň aýdyň beýanydyr.
    Medeniýet hepdeligi dowam edýär. Maksatnamalaýyn çäreler mazmuna baýlygy bilen tapawutlanýar. Her ýyl bolşy ýaly, bu gezekki medeni forum hem jemgyýetimiziň sungata bolan gyzyklanmasynyň artýandygyny, döredijilik başlangyçlarynyň rowaçlanýandygyny aýdyň görkezýär. Ýürekleri birleşdirip, duýgulary sözleşdirýän baýram — Medeniýet hepdeligi, sözüň doly manysynda, medeniýetiň, sungatyň baýramydyr. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda türkmen medeniýetiniň at-owazasy has-da belende galsyn!

    Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI