Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Çäreler / «MAGTYMGULYNYŇ DÖREDIJILIGINDE AHLAKLYLYK ÝÖRELGESI» ATLY WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY
    «MAGTYMGULYNYŇ DÖREDIJILIGINDE AHLAKLYLYK ÝÖRELGESI» ATLY WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY
    «MAGTYMGULYNYŇ DÖREDIJILIGINDE AHLAKLYLYK ÝÖRELGESI» ATLY WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY
    «MAGTYMGULYNYŇ DÖREDIJILIGINDE AHLAKLYLYK ÝÖRELGESI» ATLY WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY
    05/06/2024

    3851

    «MAGTYMGULYNYŇ DÖREDIJILIGINDE AHLAKLYLYK ÝÖRELGESI» ATLY WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

    2024-nji ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ilkinji zenanlar we ilkinji ýaşlar guramasynyň bilelikde guramagynda «Magtymgulynyň döredijiliginde ahlaklylyk ýörelgesi» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
    Wagyz-nesihat duşuşygynda Aşgabat şäheriniň 51-nji orta mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň işjeň agzasy Ogulnabat Owlakowa hem-de Aşgabat şäherinde ýerleşýän Türkmenbaşy dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy Arslanmyrat Rejepmyradow dagy çykyş etdiler.
    Duşuşygyň dowamynda myhmanlar türkmen halkynyň beýik ogly, Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň eserleriniň ýaşlary terbiýelemekdäki, ýaş nesliň dünýägaraýşyny kemala getirmekdäki bahasyna ýetip bolmajak terbiýeçilik ähmiýeti dogrusynda gyzykly gürrüňleri berdiler. Şeýle-de Magtymgulynyň poeziýasynyň ahlak sapaklary ähli döwürde-de wajyp bolup durýandygyny, söýgi, dostluk, rehimdarlyk, ýagşylyk we ýamanlyk — bularyň ählisiniň akyldaryň eserlerinden eriş-argaç bolup geçýändigini nygtadylar.
    Wagyz-nesihata gatnaşyjylar beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny bütin dünýäde dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

    Gyzylgül GURBANMUHAMEDOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy,
    institutyň ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy.

    Soňky täzelikler

    GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «HAKYDA GÖWHERI» ESERINE BAGYŞLANAN DUŞUŞYK surady

    04/06/2025

    GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «HAKYDA GÖWHERI» ESERINE BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
    Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dabara surady

    31/05/2025

    Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dabara
    TÜRKMENISTANYŇ HUKUK GORAÝJY EDARALARYNYŇ IŞGÄRLERINIŇ GATNAŞMAGYNDA WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI surady

    28/05/2025

    TÜRKMENISTANYŇ HUKUK GORAÝJY EDARALARYNYŇ IŞGÄRLERINIŇ GATNAŞMAGYNDA WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI