05/07/2024
513
Magtymgulynyň döredijiligi: geljege gönükdirilen strategiýa
Bilşimiz ýaly, ÝUNESKO tarapyndan Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýini halkara derejede bellemek barada çözgüdiň kabul edilmegi, şeýle hem TÜRKSOÝ tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi beýik söz ussadymyzyň edebi mirasynyň umumadamzat ähmiýetine şaýatlyk edýär.
Ýurdumyzda öňdebaryjy ylmy-barlaglary alyp barmak üçin döwlet tarapyndan döredilýän zerur şertler alymlarydyr bilermenleri täze açyşlara ruhlandyrýar. Şu nukdaýnazardan, akyldar şahyrymyzyň döredijiliginde täze sahypalaryň we ylmy-taryhy çaklamalaryň yzygiderli ýüze çykarylmagy tebigy ýagdaýdyr. Ussadyň ynsanperwer garaýyşlary dünýä siwilizasiýasynyň gaznasynda mynasyp orun almak bilen, diňe bir Gündogar edebiýatyna däl, milli taýdan özüňe akyl ýetirmäge, şeýle hem has giň sebitara çäklerdäki taryhy wakalaryň gidişine-de bahasyna ýetip bolmajak täsirini ýetirdi.
Häzirki zamanyň geosyýasy şertlerinde parahatçylygy we durnuklylygy, döwletleriňdir halklaryň arasynda hoşniýetli goňşuçylygy, dostlukly gatnaşyklary ýola goýmak baradaky pikirleriň ähmiýeti barha artýar. Magtymguly Pyragynyň eserlerinde Aziýanyň we Ýewropanyň giňişliklerinde ýaýbaňlanan şol döwrüň syýasy wakalarynyň ýaňyny duýmak bolýar. Hususan-da, onuň zamanasynda Orta we Ýakyn Gündogaryň, Merkezi we Günorta Aziýanyň sebitara gatnaşyklary, Nedir şanyň we Ahmet şa Dürranynyň, Osman imperiýasynyň soltanlarynyň arasyndaky özara göreşler Ýewropa döwletleriniň hem goşulmagy netijesinde has-da ýitileşipdir.
Eýran üçin aýratyn agyr döwür bolan XVIII asyryň birinji çärýegi türkmen hökümdary Nedir şany syýasy göreş meýdanyna çykarýar. Ol daşky duşmanlaryň ýurdy paýlaşmak meýlini ýok etmek ýaly wajyp meseleleriň hötdesinden gelýär. 1736-njy ýylda şalyk tagtyna oturyp, Eýranyň taryhynda öz neberesi owşarlaryň ady bilen nobatdaky türki nesilşalygyny esaslandyran Nedir şa döwrüniň geosyýasatyndan ussatlyk bilen baş çykaran diplomat, strateg, serkerdedir. Ol Orta Gündogary daşary ýurtlaryň kolonial üleşiginden goramagyň açarynyň deňizleriň gözegçiligini eliňde saklamak bilen berk baglydygyna düşünýärdi. Nediriň Horasany ýurduň beýleki welaýatlaryndan aýry tutandygyna, oňa ýeňillikleri berendigine degişli deliller ýeterlik. Hindistandan alan baýlyklarynyň hasabyna tutuş ýurduň ilatyny esasy salgytlardan (7 görnüş) üç ýyllap boşadandygy köplere mälim.
1747-nji ýylda Nedir şanyň öldürilmegi bilen owşarlar hanedanlygy ýykylýar. Merkezi Aziýada beýik döwlete — mirasa eýe çykmak ugrundaky gazaply darkaşlar hem göreşler başlanypdyr. Magtymgulynyň özi-de, maşgalasy-da şol taryhy, harby-syýasy wakalara dahylly bolupdyr. Onuň iki agasy şol göreşleriň gurbany bolýar. Ýazyjy O.Ödäýew döwrüň ykbal kesgitleýji wakalaryna gönüden-göni dahylly türkmenleriň, hususan-da, ýomut-gökleňleriň syýasy sahna özbaşdak güýç hökmünde çykyp bilmän, sebit möçberinde häkimlige dalaş eden başga güýçli toparlaryň ol ýa beýlekisiniň tarapynda çykyş edendiklerini dogry belleýär. Magtymgulynyň şygyrlarynda taraplaryň üçüsiniň — Rumystanda häkimligi barha rowaçlanýan Osman türkmenleri, owganlar, olaryň öňbaşçysy Ahmet Dürrany, şeýle-de gajarlar we olaryň baştutany Muhammethasan han hem-de türkmenleriň bulara gatnaşygy beýan edilýär.
Magtymguly — XVIII asyrda türkmeniň döwletsizliginiň, türkmen taýpalarynyň agzalalygynyň derdini çeken şahyr. Beýik türkmen binasynyň gurulmagyny arzuw eden şahyr şol bir wagtda öz halkynyň Gündogaryň geosyýasy meýdanynda atyny ýeke çapyp bilmejekdigine anyk göz ýetirýär. Şu sebäpli-de owgan döwletini esaslandyryjy Ahmet şa Dürrany bilen ençeme garaýyşlaryny paýlaşypdyr. Nedir şadan soň ýurtda dörän syýasy wakalara Magtymguly öz sesini goşupdyr. Ahmet şanyň hereketlerini goldap, ony taryplap, oda ýazýar. Ussadyň garaşsyz türkmen döwletini döretmek ugrundaky tagallalary onuň Nedir şanyň dargan döwletiniň binýadynda Owganystanda garaşsyz döwleti döreden Ahmet şa Dürrany bilen gatnaşyklarynda aýdyň ýüze çykýar. Iş ýüzünde Magtymguly diňe eli döwet-galamly şahyr däl-de, kämil çykan hakyky halk diplomatiýasynyň wekili bolupdy. Ol şol wagtky türkmen tire-taýpalarynyň dagynyklygy we goňşy döwletler tarapyndan agzynyň alardylýan, milli döwletliligiň ýok zamanasynda diňe bir berkarar döwletiň ruhy binýadynyň kerpijini goýmaga çalyşman, eýsem, öz döwrüniň çylşyrymly jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýyndan içgin baş çykaryp bilen şahsyýet hökmünde iş ýüzünde onuň düýbüni tutmakda hem ilkinji ädimleri ätmäge synanyşypdyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow akyldar şahyrymyzyň 2013-nji ýylda neşir edilen eserler ýygyndysyna sözbaşy hökmünde ýazan «Magtymguly — ynsan kalbynyň ruhy lukmany» atly makalasynda: «Magtymgulynyň ýaşan zamanasy örän çylşyrymly we dartgynly döwür boldy... Magtymgulynyň beýikligi şol döwürler dagynyk ýaşan külli türkmen ilini ilkinji bolup, bir bitewi millet hökmünde saýmagyndadyr we muny wagyz etmegindedir» diýip belleýär. Makalada nygtalyşy ýaly, şahyryň ýaşlygy owşar türkmenleriniň hökümdarlyk eden döwrüne, kämillik kelamyny söýlän döwri gajar türkmenleriniň hökümdarlyk eden döwrüne gabat gelýär. Milli Liderimiz ussadyň ýaşan döwrüniň çylşyrymly syýasy ýagdaýyny seljermek bilen, owşar we gajar hökümdarlarynyň-da türkmenlerdigini, ýöne türkmeniň milli bähbitlerine ýeterlik derejede üns bermedik bu hökümdarlygyň ikisindenem türkmen halkynyň-da, söz ägirdiniň-de göwnüniň suw içmändigini aýdýar. Gahryman Arkadagymyzyň sözleri bilen aýtsak, «Bu döwletleri Magtymgulynyň, halkyň isleýän milli türkmen döwleti diýip atlandyrmak kyndy. Şonuň üçin Magtymguly: «Derdim köpdür diýarymdan, döwrümden» diýmek bilen, özüniň zamana garaýşyny açyk aňladypdy. Ine, şu çylşyrymly we ýowuz zamanada ol halkyň «ykbalynyň oňmagy», «sowulmaz ýaza ulaşmagy» üçin ýol agtarýardy. Şahyr Buharada ýa-da Hywada, Owganystanda ýa-da Hindistanda, ýa-da başga bir ýurtlarda ýol söküp, «ilden-ile aralap» ýörkä-de, onuň pikir-hyýaly, dert-aladasy türkmen topragy, türkmen halky we onuň ykbaly bolupdyr».
XVIII asyryň ikinji ýarymy — XIX asyryň başlary Orta Gündogary tabyn etmek ugrunda Ýewropa döwletleriniň arasynda «Uly oýun» adyny alan geosyýasy göreşiň başlanan döwri. Ata Watanynda döwletsiz galan türkmenleriňem şol oýundan çetde galdyrylmandygy düşnüklidir. Eýrany, Owganystany öz täsir zolaklaryna bölmek isleýän Günbatar döwletleriniň bäsdeşliginde türkmenleri öz tarapyna çekip, olary öz bähbidine ulanmakçy bolýan şertlerinde şahyryň geosyýasy «göçüminiň» maksady olaryň hijisine-de ýapja bolmazlyk üçin türkmen taýpalaryny birleşdirip, özbaşdak döwleti esaslandyrmakdy. Onuň özeninde bolsa şu günki türkmen bitaraplygynyň kökleri ýatandyr.
XVIII asyrda Orta Gündogar geosyýasatynyň «uly oýnunda» türkmen halkynyň aljyrap, özüni ýitirmändigi, onuň ruhy öňbaşçysy akyldar Magtymgulynyň bu oýunda öz dogry göçümini edendigi barada netijä gelýäris. Şahyryň göçümi adamyň esasy guraly gylyç däl-de, pikiri diýip tassyklaýan ruhy ýörelgä ýetmegiň meselelerine baş agyrdýan, gylyç, ýarag, at pelsepeleriniň mazmunyna üýtgeşiklik girizen, bütin ömri hem-de taglymaty türkmeniň taryhy ýaşaýşynyň akymyny üýtgetmelidigini, ýaraga, güýje däl-de, akyl-paýhasa, ruhy gymmatlyklara gol ýapmalydygyny görkezýän parahatçylyk söýüji filosofyň göçümidir. Şeýlelikde, Magtymguly Pyragy diňe bir şahyr däl, eýsem, döwrüniň çylşyrymly geosyýasy wakalaryndan öňdengörüjilik bilen baş çykaran ussat diplomat, ökde strateg hökmünde türkmen tire-taýpalaryny «bir supranyň başynda jemläp», «ýurt binasynyň gaýym bolmagyna, goýulmagyna», özbaşdak berkarar türkmen döwletini döretmäge çagyran milli döwletlilik senasynyň Jarçysydyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň halkara gatnaşyklarda öňe süren «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly täze filosofiýasy Magtymgulynyň arzuw eden berkarar döwletiniň şygary boldy. Şu nukdaýnazardan, biz ussadyň döredijiliginde geljege gönükdirilen strategiýany görýäris. Magtymgulynyň «çoh garaşan ajap eýýamy» häzirki döwürde at-abraýy halkara derejede barha artýan döwletimiziň mysalynda amala aşdy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap türkmen döwletiniň dünýä döwresinde belent abraýa eýe bolmagy bilen, Magtymgulynyň aýdany geldi: türkmen iline döwlet guşy gondy. Milli döwletliligiň mäkäm binýady goýlup, ol yzygiderli pugtalandyrylýar.
Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory,
taryh ylymlarynyň kandidaty.
Çeşme: "Türkmenistan" gazeti - 05.07.2024 ý. // https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/154829