01/05/2025
719
«Magtymguly – dünýäniň akyldary» kitaby boýunça kitap okamak bäsleşigi
2025-nji ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitaby boýunça talyp ýaşlaryň arasynda kitap okamak bäsleşigi geçirildi. Bäsleşikde türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň talyplary kitabyň «Parahatçylygyň şahyry» hem-de «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň şahyry» atly bölümlerinden taýýarlanylan test soraglaryna jogap berdiler.
Gündogaryň beýik akyldary, dana şahyr Magtymguly Pyragynyň «Kitap okan gullar magnydan dokdur, alarnyň ýanynda şeýtan bolarmy» diýip belleýşi ýaly, şeýle bäsleşikleriň yzygiderli guralmagy bagtyýar ýaş nesilleriň kitap okamaga bolan höwesiniň, söz gorunyň artmagyna, ýatkeşliginiň güýçlenmegine, pikirleniş ukybynyň ösmegine ýardam edýär.
Yhlas HALLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.