Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar) / Magtymguly barada aýdylanlardan
    Magtymguly barada aýdylanlardan surady
    25/10/2023

    3188

    Magtymguly barada aýdylanlardan

    Türkmen halkynyň beýik ogly — Magtymgulynyň döredijiligi adam kalbyna ganat bekledýän poeziýadyr.
    Arwiý Siýge, eston ýazyjysy.
    * * *
    Balkarlar hem indi Magtymgulynyň kitabyny goltuklaryndan düşürmän göterýärler. Beýik şahyra şeýle hormat goýýandygymyzy biz özümize bagt hasap edýäris. Munuň özi biziň türkmen genisiniň öňünde baş egýändigimiziň güwäsidir.
    Kaýsyn Kulyýew, balkar şahyry.
    * * *
    Beýik Magtymgulynyň adynyň elmydama umumadamzat medeniýetiniň öňdäki hatarynda tutuljakdygyna biz berk ynanýarys.
    Georgiý Markow, rus ýazyjysy, dramaturg.
    * * *
    Men Magtymgulynyň şygyrlaryna duýgulanyp, «Şahyr Magtymguly» atly saz eserini döretdim. Magtymguly meniň ýürek törümde ýaşaýar, ol — ylham çeşmäm.
    Gilbert Biberýan, angliýaly kompozitor.
    * * *
    Poeziýa we edebiýat şalygynyň örän belent gerişleriniň arasynda Magtymgulynyň döredijiliginiň belentligi buýsançly lowurdap dur.
    Maksim Tank, belarus şahyry.
    * * *
    Magtymguly teşnelere çeşme bolupdyr. Ol tümlükde ýalkym bolupdyr. Onuň şöhlesi tutuş bir halky ýagtyldypdyr.
    Mömin Kanoat, täjik ýazyjysy.
    * * *
    Türki halklaryň arasynda Magtymguly ýaly şahyrly halk diňe türkmenlerdir. Wasiliý Bartold, rus taryhçysy, gündogarşynas.
    * * *
    Magtymguly türkmeniň poeziýasynda gymmatbaha daşlaryň biri bolup, ol biziň zamanymyzda täze ýüzügiň gaşynda gözüňi gamaşdyryjy şöhle bolup lowurdaýar.
    Ýewgeniý Bertels, rus alymy, gündogarşynas.
    * * *
    Magtymgulynyň şygyrlar ýygyndysy örän gyzykly. Onda, bir tarapdan, türkmen diliniň arassa nusgasyny görsek, ikinjiden, beýleki Gündogar şahyrlarynyň eserlerinde seýrek duş gelýän zatlar barada jikme-jik aýdylýar.
    Arminiý Wamberi, wenger syýahatçysy, gündogarşynas.
    * * *
    Iňlislerde meşhur Uilýam Şekspire deňelýän ýekeje şahyr bar. Ol — MAGTYMGULY.
    Braýan Oldis, iňlis ýazyjysy.
    * * *
    Onuň şöhraty indi bütin dünýä ýüzüne doldy.
    Nikolaý Tihonow, rus ýazyjysy.
    * * *
    Magtymgulyny men okap, Sözlerini etdim togap, Kemi barmy, beriň jogap, Şol şahyry yzlaram men.
    Berdimyrat Berdak, garagalpak şahyry.
    * * *
    Magtymguly meniň hem şahyrym, onuň dili meniň hem dilim... Men Magtymguludan köp zatlary öwrenýärin, ol meniň-de ussadym. Ýöne onuň bir öwreden ullakan zadyny has nygtasym gelýär, ol-da öz halkynyň azatlygy üçin göreşmek.
    Nazim Hikmet, türk ýazyjysy.
    * * *
    Biz her sapar ýüzlenenimizde Magtymguly biziň üçin ähtibarly maslahatçy, halypa bolup durýar.
    Aleksandr Aborskiý, türkmenistanly ýazyjy, terjimeçi.
    * * *
    Magtymguly umumymilli şahyr hasaplanýar.
    Agafangel Krymskiý, rus taryhçysy.
    * * *
    Her bir halkyň öz döredijiligi bilen milletiň kalbyny beýan edýän edebiýat ägirtleri bar. Ol rus halkynda Puşkindir, ukrain halkynda Şewçenkodyr, türkmen halkynda bolsa beýik Magtymguly Pyragydyr.
    Sergeý Mihalkow, rus ýazyjysy.
    * * *
    Magtymgulynyň ganatly sözleri halkyň dilini sadalaşdyryp hem-de baýlaşdyryp halk arasynda ýaşaýar.
    Ibraýim Ýusupow, garagalpak şahyry, dramaturg.
    * * *
    Magtymguly Pyragy — bütindünýä poeziýasynyň genji-hazynasyna giren şahsyýet, goşgy bilen gürlän akyldar.
    Çingiz Aýtmatow, gyrgyz ýazyjysy.
    * * *
    Magtymgulynyň öwlüýä mukaddesligi türkmenleriň arasynda şek-şübhe döretmeýär. Türkmenler onuň ähli aýdan we ýazan zatlary iru-giç berjaý bolmaly diýýärler.
    Fýodor Bakulin, rus alymy, türki dillerini öwreniji.
    * * *
    Magtymgulynyň goşgularyny özbek doganlarymyz aýdym edip aýdýarlar, olar dilden-dile geçip, biziň jülgelerimizi we ýaýlalarymyzy ýaňlandyrýar.
    Askat Muhtar, özbek ýazyjysy.
    * * *
    Magtymgulynyň goşgularyny öz dilimize terjime etmek bilen, poeziýa äleminde şeýle ägirt adamyň türkmenlerdedigine göz ýetirdim.
    Resul Gamzatow, awar şahyry.
    * * *
    Türkmen edebiýatynyň nusgawy döredijiliginiň kökleri mähriban topragyň jümmüşine gidýän gadymy we baky gök öwüsýän daragt bilen deňdir.
    Pawel Mowçan, ukrain şahyry.
    * * *
    Dogrusy, Gündogaryň hiç bir şahyrynda döwrüň obrazy Magtymgulynyň döredijiligindäki ýaly baş orny eýelemeýär.
    Zagid Gajyýew, awar şahyry.
    * * *
    Magtymgulynyň şygyr şerbetinden ganyp içdim, Öz ilimiň şahyry dek ony gadyrladym.
    Mirtemir Tursunow, özbek şahyry.
    * * *
    Magtymguly azerbaýjan halky üçin iň bir eziz senetkärleriň biridir.
    Süleýman Rüstem, azerbaýjan şahyry.

    Toplan Halmuhammet HAJYÝEW,
    Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjysy.

    Çeşme şu ýerden alnan:
    https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/7/articles/123135

    Soňky täzelikler

    MAGTYMGULY, DILE DESSAN GETIRDIM...” (MAGTYMGULY BARADA SAÝTLARDAN JEMLENEN MAGLUMATLAR) surady

    22/10/2024

    MAGTYMGULY, DILE DESSAN GETIRDIM...” (MAGTYMGULY BARADA SAÝTLARDAN JEMLENEN MAGLUMATLAR)
    MAGTYMGULY, DILE DESSAN GETIRDIM...” (MAGTYMGULY BARADA SAÝTLARDAN JEMLENEN MAGLUMATLAR) surady

    21/10/2024

    MAGTYMGULY, DILE DESSAN GETIRDIM...” (MAGTYMGULY BARADA SAÝTLARDAN JEMLENEN MAGLUMATLAR)
    MAGTYMGULY, DILE DESSAN GETIRDIM...” (MAGTYMGULY BARADA SAÝTLARDAN JEMLENEN MAGLUMATLAR) surady

    05/10/2024

    MAGTYMGULY, DILE DESSAN GETIRDIM...” (MAGTYMGULY BARADA SAÝTLARDAN JEMLENEN MAGLUMATLAR)
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI