25/10/2023
2413
Magtymguly barada aýdylanlardan
Türkmen halkynyň beýik ogly — Magtymgulynyň döredijiligi adam kalbyna ganat bekledýän poeziýadyr.
Arwiý Siýge, eston ýazyjysy.
* * *
Balkarlar hem indi Magtymgulynyň kitabyny goltuklaryndan düşürmän göterýärler. Beýik şahyra şeýle hormat goýýandygymyzy biz özümize bagt hasap edýäris. Munuň özi biziň türkmen genisiniň öňünde baş egýändigimiziň güwäsidir.
Kaýsyn Kulyýew, balkar şahyry.
* * *
Beýik Magtymgulynyň adynyň elmydama umumadamzat medeniýetiniň öňdäki hatarynda tutuljakdygyna biz berk ynanýarys.
Georgiý Markow, rus ýazyjysy, dramaturg.
* * *
Men Magtymgulynyň şygyrlaryna duýgulanyp, «Şahyr Magtymguly» atly saz eserini döretdim. Magtymguly meniň ýürek törümde ýaşaýar, ol — ylham çeşmäm.
Gilbert Biberýan, angliýaly kompozitor.
* * *
Poeziýa we edebiýat şalygynyň örän belent gerişleriniň arasynda Magtymgulynyň döredijiliginiň belentligi buýsançly lowurdap dur.
Maksim Tank, belarus şahyry.
* * *
Magtymguly teşnelere çeşme bolupdyr. Ol tümlükde ýalkym bolupdyr. Onuň şöhlesi tutuş bir halky ýagtyldypdyr.
Mömin Kanoat, täjik ýazyjysy.
* * *
Türki halklaryň arasynda Magtymguly ýaly şahyrly halk diňe türkmenlerdir. Wasiliý Bartold, rus taryhçysy, gündogarşynas.
* * *
Magtymguly türkmeniň poeziýasynda gymmatbaha daşlaryň biri bolup, ol biziň zamanymyzda täze ýüzügiň gaşynda gözüňi gamaşdyryjy şöhle bolup lowurdaýar.
Ýewgeniý Bertels, rus alymy, gündogarşynas.
* * *
Magtymgulynyň şygyrlar ýygyndysy örän gyzykly. Onda, bir tarapdan, türkmen diliniň arassa nusgasyny görsek, ikinjiden, beýleki Gündogar şahyrlarynyň eserlerinde seýrek duş gelýän zatlar barada jikme-jik aýdylýar.
Arminiý Wamberi, wenger syýahatçysy, gündogarşynas.
* * *
Iňlislerde meşhur Uilýam Şekspire deňelýän ýekeje şahyr bar. Ol — MAGTYMGULY.