16/08/2023
871
MAGLUMAT TEHNOLOGIÝALARY täze Galkynyş zamanasynda döwletimiziň ösüşinde barha zerurlyga öwrülýär
Ylym we bilim — adamzadyň goşa ganaty saýylýar. Ynsan kowmy ýaradylan gününden başlap ýaşaýan dünýäsiniň kämilligine hem syrlaryna düşünmäge synanyşyp gelýär. Şol gyzyklanma hem ynsany ençeme taryhy ylmy açyşlaryň üstünden eltdi. Ylmy açyşlaryň hemmesi tebygy zerurlygyň netijesi. Ylym-bilim – ynsanyň gowy durmuşda ýaşamagynyň açary. Ähli ylmy açyşlar ynsan durmuşyny ýeňilleşdirmäge, ony rahat ýagdaýa getirmäge gönükdirilendir. XXI asyr ylym asyryna öwrüldi. Ylym jemgyýetiň aýrylmaz bölegi. Adamzat jemgyýeti indi sarp ediji jemgyýetliginden habar beriş jemgyýetine öwrüldi. Habar beriş jemgyýetinde bolsa ylym diňe bir maglumat çeşmesi bolmagyny bes edip, ol öndüriji güýje öwrülýär. Dünýäniň ösen döwletleri indi çig malyň hasabyna däl-de, ylmy tehnologiýalary öndürmegiň we ony kämilleşdirmegiň hasabyna ýaşaýar.
Geçen asyryň ikinji ýarymynda ýaýbaňlanan ylmy-tehniki öwrülişik palanetamyzyň durmuşyny düýpgöter üýtgetdi. Bilim ulgamy şol öwrülişigiň talaplaryna laýyk kämilleşdi. Bilimiň üznüksizligi gazanyldy. Mekdepler, ýörite we ýokary okuw mekdepleri kompýuterler, öwrediji okuw enjamlary, ýöriteleşdirilen laboratoriýalar, okatmak we testirleme almak üçin awtomatlar, telewizorlar, wideomagnitofonlar, interaktiw tagtalar bilen üpjün edilýär. Hususy kompýuterler we EHM-ler ösen ýurtlarda ýaşaýan adamlaryň köpüsiniň hemişelik hemrasyna öwrüldi. Olar dürli tehniki we ykdysady bilimleri, dilleri özleşdirmäge, dürli maglumatlary almaga we ş.m. mümkinçilik berýär.
Islendik jemgyýet ylym-bilimsiz, medeniýetsiz öňe gidip bilmez. Asyrlaryň dowamynda adamzat tarapyndan topnanan ylym-bilim hazynasy, medeni gymmatlyklar — umumadamzat medeniýetiniň genji hazynasy. Ol gazna her halkyň öz goşandyny goşmaga, öz medeniýeti bilen täzeçe röwüş çaýmaga, öz gezeginde beýleki halklaryň döreden gymmatlyklaryndan özi üçin «susup» almaga haky bardyr. Köp ugurly, dürli öwüşginli ylym-bilim we medeniýet geçen asyrda milli serhetleriň, dini tapawutlaryň çygryndan çykdy. XX asyrda adamzat ylym, bilim we medeniýet ulgamlarynda ähli döwletleriň tagallalarynyň birleşdirilmelidigine hasam ýiti düşündi. 1922-1946-njy ýyllarda hereket eden Milletler Ligasynyň intellektual hyzmatdaşlayk baradaky ýörite komiteti bu baradaky işleri utgaşdyrdy. Ikinji jahan urşy tamamlanandan soň döredilen UNESKO guramasy bolsa bu işi hasam guramaçylykly ýagdaýda alyp barýar. Dünýäniň ertirki geljegi üçin zerur bolan bilimiň, ylmyň, medeniýetiň we aragatnaşygyň görnüşleri barada geljege gönükdirilen barlaglary alyp barmak, ylmy barlaglara, hünärmenleri taýýarlamaga we okatmaga daýanmak bilen bilimleri ilerletmegi, bermegi we alyşmagy guramak bu guramanyň esasy wezipeleriniň hataryna girýär. ÝUNESKO bütin dünýäde ählumumy sowatlylygy gazanmak üçin ençeme işleri durmuşa geçirýär.
Medeni-gumanitar hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň daşary syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Bu ugurda halkara guramalary, hususanda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy, ýagny UNESKO bilen hyzmatdaşlyga uly orun degişli. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly UNESKO bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň BMG-niň parahatçylygyň, howpsuzlygyň esaslarynyň pugtalanmagyna we ählumumy ösüşiň gazanylmagyna gönükdirilen strategik hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolup durýar.
Bu günki günde sowatlylygy bolsa maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalarysyz göz öňüne getirmek asla mümkin däldir. Ýurdumyzyň bu halkara guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň barha çuňlaşýandygyna «Maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň, ylmyň, meýilleşdirmegiň bilimiň hilini ýokarlandyrmakdaky orny barada» halkara bilermenleriniň Türkmenistandaky maslahatam şaýatlyk edýär. Maslahat 2009-njy ýylyň 1-3-nji dekabry aralygynda Türkmenbaşy şäherinde geçirildi. Maslahatyň geçirilýän ýeri hökmünde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň saýlanyp alynmagy tötänlik däldir. Munuň özi «Awazanyň» eýýäm diňe bir syýahatçylyk merkezi bolman, onuň işewür duşuşyklaryň, halkara maslahatlaryň, biznes-forumlaryň geçirilýän ýerine öwrülip başlandygynyň nyşanydyr.
Maslahaty ÝUNESKO-nyň Türkmenistandaky işleri boýunça Milli iş topary we ÝUNESKO-nyň Tährandaky sebit edarasy gurady. Maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň bilimiň hilini ýokarlandyrmakda eýeleýän ornuna bagyşlanan bu halkara maslahatyň ÝUNESKO tarapyndan Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji gezek geçirilendigi bellärliklidir. Oňa ÝUNESKO-nyň dürli halkara guramalarynyň, onuň Tährandaky we Bangkokdaky, Ýewropadaky, Amerikadaky sebitleýin düzümleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdylar. Ýurdumyzyň Ylymlar Akademiýasynyň, Bilim ministrliginiň ýolbaşçylary, ylmy barlag institutlarynyň alymlary, ähli ýokary okuw mekdepleriniň ylmy işler boýunça prorektorlary, öňdebaryjy orta mekdepleriň informatika mugallymlary türkmen tarapyna wekilçilik etdiler. Maslahata gatnaşyjylara iberen gutlagynda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamynda döwrebaplaşdyrmakda maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalaryna berilýän ünsüň has ýokarlanýandygy, bu ugurda halkara tejribesiniň öwrenilmegine uly ähmiýet berilýändigi nygtaldy.
Maslahatyň umumy mejlisinde ÝUNESKO-nyň Tährandaky sebit edarasynyň başlygy Kunli Han, BMG-niň Çagalar Gaznasynyň (UNISEF) Türkmenistandaky wekili Sampe Lalungpa, bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirýän german kompaniýasynyň baştutany Hans Keppler çykyş etdiler. Türkmenistanyň bilim ulgamy hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy barada tanyşdyrýan wideofilmler görkezildi.
Maslahatyň ikinji we üçünji iş günlerinde jemi 10 sany mejlis geçirildi. Giriş mejlisinde Türkmenistanyň bilim we ylym ulgamlarynda ýetilen sepgitler bilen tanyşdyryldy. Bilim strategiýasyna bagyşlanan ikinji mejlisde ÝUNESKO-nyň Kanadada ýerleşen statistika institutynyň Merkezi Aziýa bölüminiň başlygy Ýuliýa Semençuk «Maglumatlary toplamagyň, seljermegiň we statistikanyň orny» diýen tanyşdyryş bilen çykyş etdi. Üçünji mejlisde ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň wekili Uilýam Stiwens dünýäniň sanlaşdyrylan kitaphanasy taslamasy bilen tanyşdyrdy. Dördünji mejlis bilimde maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalarynda mazmunyň ornuna bagyşlandy. Bu barada ÝUNESKO-nyň Bangkokdaky sebitleýin ofisiniň bilim bölüminiň başlygy Fengçun Miao çykyş etdi. Şu mejlisde ÝUNESKO-nyň Türkmenistany işleri boýunça Milli iş toparynyň hünärmenleri ýurdumyzyň orta mekdepleri üçin käbir okuw dersleri boýunça taýýarlanan elektron kitaplarynyň tanyşdyrylyşyny guradylar. Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň hünärmenleri bolsa ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda internet ulgamyny giňden ornaşdyrmagyň «Täze eýýamyň Ýüpek ýoly» atly taslama bilen tanyşdyrdylar. Häzirki günde şol ulgama guramalaryň 69-sy, şol sanda ýokary okuw mekdepleriniň 16-sy we ylmy-barlag institutlarynyň 15-si birikdirildi. Tslama uzak aralykdan okatmagyň mümkinçilikerine şert döretdi, ýurdumzyda interaktiw telelukmaçylygyny ösdürmäge ýardam etdi. Bäşinji mejlisde Germaniýanyň bilim ulgamynda öwrediş ulgamlaryny öndürýän Luka Nuelle kompaniýasynyň direktory Hans Keppler tehnologiki bilimi mekdeplerde we uniwersitetlerde ornaşdyrmak dogrusynda çykyş etdi. Altynjy mejlisde UNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Sampe Lalungpa «Problemalary çözmek, döredijilikli pikirlenmek, toparlarda işlemek: bilimiň hilini gowulandyrmagyň serişdeleri» diýen temadan çykyş etdi. Maslahatyň ikinji iş gününiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar bilimiň hilini gowulandyrmak barada ara alyp maslahatlaşmalary guradylar.
Maslahatyň üçünji iş güni ÝUNESKO-nyň Ýewropadaky merkeziniň direktory Peter Welsiň «Durnukly ösüş üçin ýokary bilimiň hilini gowulandyrmak» diýen temadan gyzykly tanyşdyrylyş dabarasy bilen başlandy. Soňra Türkmenistanda ýokary bilimiň hilini gowulandyrmak, bu babatda halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti dogrusynda ara alyp maslahatlaşmalar guraldy. ABŞ-nyň Massaçusets uniwersitetiniň matematika we sapak öwrediş tehnologiýalary bölüminiň müdiri Melda Ýyldyz maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalaryny ylmyň ösüşinde peýdalanmak we geljek nesli köptaraplaýyn sowatlylyga taýýarlamak barada öz çykyşyny maslahata gatnaşyjylara hödürledi. Dokuzynjy we onunjy mejlisler tegelek stol görnüşinde guralyp, olarda ýokary bilimi bilimlere elýeterliligiň üsti bilen gowulandyrmak, Türkmenistanyň bilim ulgamynyň ähli derejeleri bilen halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we pugtalandyrmagyň ugurlaryny gowulandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatyň jemleri boýunça birnäçe teklipler öňe sürüldi. Hususan-da, ylmy işgärlere ylmy barlaglary alyp barmakda zerur bolan iňlis diliniň öwredilmeginiň ähmiýeti nygtaldy. Ýakyn geljekde Türkmenistanyň dünýä möçberinde iri ylym we bilim merkezine öwrüljekdigine uly ynam bildurýan ÝUNESKO-nyň jogapkär wekilleri geljekde bu ýerde bilim we ylym özgertmelerini goldamak maksady bilen birnäçe taslamalary amala aşyrmagyň mümkinçliklerine seretmekçidigini aýtdylar. Maslahata gatnaşyjylaryň adyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna ýüzlenme kabul edilip, onuň guramaçylykly geçirilmegi üçin beren goldawy we hemaýaty üçin türkmen döwletiniň Baştutanyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirildi.
Dünýä ylmynyň ümzügi ileri. Ylmy açyşlaryň depgininiň şeýlebir çaltlygy hatda olaryň yzyndan ýetmegiňem hyllalla boljakdygy hakda oýlandyrýar. Emma barybir islendik döwlet şu günem, geljekde-de maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalaryna daýanman öz ösüşini üpjün edip bilmez. ÝUNESKO-nyň Türkmenistanda guran maslahaty bu hakykata has aýdyň göz ýetirmäge ýardam etdi.
Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary instituty
«Diýar» žurnaly, №1, 2010, 24-25 s.