30/11/-0001
747
KÖPGYRAŇLY ZEHINLI TÜRKMEN SERKERDESI
Nesilbaşymyz Oguz handan gaýdýan bäş müň ýyllyk taryhymyzyň dowamynda türkmen halkymyzyň şan-şöhratyny Äleme ýaýan beýik ogullary köp bolupdyr. Olaryň biri hem Baýram han Türkmendir. Muhammet Baýram hanyň ömri we döredijiligi barada aýdylanda, ol 1500-nji ýylda Badahşanda dogulýar. Ol türkmenleriň baharly tiresine degişli bolup, taryhda ýaň salan döwletleriň biri bolan Garahanly Türkmen döwletindendir.
Gündogaryň meşhur döwlet işgäri, serkerde hem-de söz sungatynyň ussady bolan Baýram hanyň taryhyň gatlaryna siňen ömür ýoly türkmen we Gündogar halklarynyň edebiýatyny, medeniýetini öwrenmegiň aýrylmaz bölegidir. Türkmen alymlary bu beýik şahsyýetiň geçen şöhratly ýoly, döredijiligi bilen köp wagt bäri meşgullanyp gelýärler. Dünýä alymlarynyň ylmy garaýyşlaryna, dürli döwürlerde ýazan ylmy eserlerine salgylanyp, serkerde şahyryň döredijiliginiň häsiýetli aýratynlyklaryny, onuň milli öwüşginini, has takygy türkmen ruhuny açyp görkezmäge synanyşyldy. Şahyryň gazallaryny derňäp, onuň ulanan goşgy düzüliş kadalaryny seljerdiler.
Baýram han ýaşlykda ýetim galyp, öz döwrüniň barly, at-abraýly maşgalalarynyň kömegi bilen bilim alýar. Ol ylahyýet ylymlaryny, edebiýaty çuňňur öwrenip, türkmen we pars dillerini suwara bilýän sowatly adam bolup ýetişýär. Ol harby sungat bilen hem içgin gyzyklanypdyr. Netijede, ussatlyk bilen harby tälim alyp, batyrgaý serkerde bolup ýetişipdir. Muhammet Baýram han ilki Sefewiler dinastiýasyny esaslandyran Ysmaýyl Hataýynyň, soňra Timurlar dinastiýasynyň belli patyşasy Muhammet Babyryň goşun serkerdeleriniň biri bolýar. Ussat serkerde özüniň harby hünärleri, söweşde görkezen gahrymançylyklary, batyrlygy, şol sanda paýhasly serkerdeligi bilen Mogollar hereketi wagtynda uly orun eýeleýär. Onuň harby serkerde hökmünde at-abraýy dünýä dolýar. Döwürdeş taryhçylarynyň bellemeklerine görä, Baýram han batyr we özbaşdak hereket edip bilýän adam bolupdyr. Hindi taryhçysy Badony: «Baýram han parasatlylykda, geçirimlilikde, göwnaçyklykda, hoşniýetlilikde öz döwürdeşleriniň hemmesinden artykmaçdyr» diýip nygtaýar. Muhammet Baýram han özüni öňdengörüji, rehimli, sözünde tapylýan, demir ýaly berk erk-ygtyýarly beýik ynsan we döwlet işgäri hökmünde dünýä tanadýar.
Şol döwrüň taryhçylarynyň güwanamalaryna görä, Baýram han şähdaçyk, bilesigeliji ýigit bolupdyr. Ol saza sarpa goýup, bu sungata çuň düşünipdir. Şygryýetiň kadalaryny oňat özleşdirip, goşgy ýazmakda kämillige ýetipdir. Döwürdeş alymlary, şahyrlary we sazandalary onuň bilen ýakyn aragatnaşykda bolupdyrlar.
Babyr Baýramyň başarnyklaryna uly baha berip, oňa jogapkärli ýumuşlary tabşyrypdyr. Baýram öz başarjaňlygy bilen Babyryň ogly şazada Humaýunyň gözüne ilip, kakasyndan ony öz gullugyna diläp alypdyr. Baýramyň asyllylygy, wepadarlygy, şygryýete we saza ukyplylygy şazadany özüne maýyl edipdir. Şeýlelikde, Baýram han onuň syr alyp, syr berişýän dostuna öwrülipdir. «Ol öz bilimini ýygnanyşyklarda görkezdi, söweşlerde gaýduwsyzlygyny we harby başarnygyny subut etdi, şeýlelikde, şazadanyň hemdemligini we dostlugyny gazandy, Babyryň iň zehinli köş adamlarynyň biri boldy» diýip, döwürdeşleriniň biri Baýrama ýokary baha beripdir.
Humaýun şa bolandan soňra, Baýram döwletde ýokary derejä eýe bolýar, görnükli harby ýolbaşça öwrülýär. Humaýun owgan hökümdary Şir şanyň garşysyna eýen söweşinde Baýram han ägirt uly merdanalyk we edermenlik görkezip, öz ýolbaşçylygyndaky goşunlary duşman gabawundan çykaryp, halas edýär. Kandagary we Şirhindi eýelemekde bitiren hyzmatlary üçin, Humaýun Baýram hana uly sylag edýär. Ol Baýrama ozalky harby hyzmatlary üçin berlen han derejesiniň üstüne iň ýokary harby dereje bolan han-hanan (hanlaryň hany) diýen derejäni berýär. Baýram han ýaşajyk şazada Akbaryň Humaýunyň oglunyň terbiýeçisi edilip bellenýär. Şeýlelikde, Baýram han ýetjek mertebesine ýetip, Humaýunyň baş geňeşçisine öwrülýär, hakykatda bolsa, döwletiň başynda durýar. Hindistanyň mogollar döwründäki taryhynda, Humaýuna garanyňda, Baýram hana has köp üns berilýär. Hindistanyň mogollar döwrüniň taryhy Baýram hanyň ömri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Humaýun aradan çykandan soň, tagta ýaşajyk Akbar çykýar, ýöne harby we döwlet işlerini hut Baýram hanyň özi alyp barypdyr. Ol ýurtda we goşunda tertip-düzgüni berkidýän degerli çäreler görýär, ynamdan düşen emeldarlary işden boşadýar. Goşunda berk düzgün-nyzamy girizip, Baýram han esgerleriň söweşjeňlik ruhuny galkyndyrýar. Ol goşunyň öňünde çykyş edip, olary hemişe ýeňşe hyjuwlandyrypdyr.
Baýram han Humaýunyň uýasynyň gyzy Selime Soltana öýlenip, şa maşgalasy bilen garyndaşlyk gatnaşygyny açýar. Türkmen ýigidiniň şazada gyza öýlenmegi, köşkdäki abraýly orny, belent gulluk derejesi, söweşlerde gazanan şöhraty onuň mertebesini has beýgeldipdir. Babyryň gyzynyň «Humaýunnamasynda» Selim Soltan hakynda: «Ol juda sowatly zenandy, şygyrlaryny Mahfi lakamy bilen ýazardy, edep-ekramlylygy, öz mertebesini saklap bilýänligi hem-de her bir işi sünnäläp edýänligi bilen tapawutlanýardy. Durmuşa çykan pursadyna çenli Selime eýýäm şygryýet sungatyny özleşdiren kämil şahyrady, köşk zenanlaryna hat-sowat öwredýärdi, olara taryhdan we edebiýatdan sapaklar berýärdi» diýip ýazylypdyr. Şygryýete bolan uly höwesi ony belli şahyr hem akyldar Baýram han bilen ysnyşdyran bolsa gerek.
Baýram hanyň ylmyny, bilimini, durmuş tejribesini ile ýaýmak isländigini onuň döredijiliginde hem görmek bolýar. Ol ähli ukyp-başarnygyny öz ogly Abdyrahyma siňdiripdir. Hanyň ogly hem edil kakasy ýaly döredijilik bilen meşgullanypdyr. Ol bäş dilde goşgy ýazyp, Gündogar edebiýatynyň taryhyna Rahymy ady bilen giripdir. Häzirki wagtda Abdyrahym Rahymynyň ömri we döredijiligi alymlarymyz tarapyndan ürç edilip öwrenilýär.
Baýram han ýaşlykdan şygyr sungatyny, onuň inçe syrlaryny kemsiz ele alypdyr. Babyryň edebi mekdebiniň synaglaryndan üstünlikli geçýär we zehinli şahyr hökmünde ykrar edilýär. Ol çylşyrymly döredijilik ýoluny geçýär. Munuň sebäbi Baýram hanyň ömür ýoly dürli ýurtlarda, dartgynly taryhy wakalaryň içinde dowam edýär. Ol ençeme ýowuz kynçylyklary başdan geçirmeli bolýar. Öz edebi gözýetimini giňeltmek maksady bilen arap, pars, türki edebiýatynyň ajaýyp nusgalaryny, olaryň taryhyny gowy öwrenýär. Şol dillerde ýazylan eserleri suwara okap bilipdir we düşünişipdir. Baýram hanyň hindi dilinde hem türkmen we pars dillerindäkilerden pes bolmadyk goşgulary ýazandygy barada maglumatlar bar. Ol türkmen we pars dillerinde iki sany goşgular diwanyny döredipdir. Onuň bu diwanlarynyň ikisi hem şowly çykypdyr.
Baýram hanyň diwanlarynyň ikisi-de orta asyr Gündogar edebiýatynyň ýörgünli kasydaçylyk däbi bilen başlanýar. Şahyryň pars dilinde ýazan kasydalarynyň birinde türkmeniň gadymdan gelýän altyn gabak atylyp, türgenleşik geçirmek däbi çeper beýan edilipdir. Bu ýaý atmak oýny ýaş ýigitlerde çakganlygy, ugurtapyjylygy güýç-gaýraty, mergen bolmagy terbiýeläpdir. Baýram han bu oýnuň oýnalyşyny has-da giňden çeper beýan edipdir. Kasydany okanyňda, şol oýnuň gyzyşan pursadyndaky at aýagynyň dükürdileri, ýaýdan çykyp gaýdýan peýkamyň nyşana degende çykýan sesleri, märekäniň goh galmagaly edil gulagyňa gelip duran ýaly duýulýar. Elbetde, bu ýagdaý şahyryň ussatlygyna aýdyň güwänamadyr.
Baýram han gazal ýazmaga-da uly üns beripdir. Çünki şol döwürde edebiýat meýdanynda uly meşhurlyk gazanan bu şygyr şekilli ýazuw edebiýatynda düýpli orun alypdyr. Gazalyň kämilleşmeginde we baýlaşmagynda Baýram hanyň goşandy az däldir. Şahyryň «Ha ynan, ha ynanma», «Tapylmas», «Köňlüm», «Gözleriň», «Bilmez men», «Hijran imis», «Käşki», «Laýyk olmasam», «At kylmadyň», «Bara sen» ýaly redifler bilen ýazylan onlarça gazallarynda onuň gazalyň many-mazmunyna uly üns berendigini görmek bolýar.
Lybasyn etgeli ol serwi hoş huram gyzyl,
Gözümni eýledi gan-ýaş bilen tamam gyzyl.
Peri ruhum ýene ganlyg gözümde kyldy makam,
Ki husn ählige zyba durar makam gyzyl.
Mydam aryzy renginligi çykardan imes,
Ki hiç ýüzni bu reň eýlemes mydam gyzyl.
Eger çi husn ilidur jamdan gyzyl ýüzlük,
Erur hemişe ýüzüň äksi birle jam gyzyl.
Bilip sipähr gamym gan-ýaşyn döker Baýram,
Şapak imes, ki erur her namaz-y şam gyzyl.
Häzirki günlerimize Baýram hanyň birnäçe ajaýyp goşgulary gelip ýetendir. Olardan «Bahary gör», «Ýarmuhammet», «Tapylmas», «Bilmes», «Saçyň» we beýleki eserleri görkezmek bolar. Olarda batyrgaýlyk, gahrymançylyk, söýgi wasp edilýär. Şeýle-de, adamkärçilik hakynda dünýä, durmuş, ýaşaýyş barada pelsepewi pikir ýöredilýär. Öz döwrüniň ussat döwlet işgäri Baýram hanyň eserlerini ilkinji çapa taýýarlan iňlis alymy, gündogarşynas Denison Ross şeýle belleýär: «Ýyldyz kimin ýagtylyk berýänleriň arasynda parlak ýyldyzlaryň biri bolup, Humaýunyň, Ekberiň köşklerine ýagtylyk beripdir. Onuň isminiň XVI asyryň durmuşyny görkezip, Hindistanyň taryhynda uly mertebesi bar». Ol adamzat gymmatlyklaryny bellemek bilen, her bir goç ýigidiň häkimleriň ýanynda özüňi alyp barmagy başarmagy garyp-gasarlaryň göwnünden turup, olara duýgudaşlyk etmegi alymlaryň, bilermenleriň ýanynda aýtjak sözüňi bilip aýtmagy başarmalydygyny belleýär.
Muhammet Baýram hanyň döredijiliginde şygyr düzülişiniň mesnewi, gazal, rubagy ýaly görnüşlerinden başga-da kytga, ferdiýat ýaly görnüşleri hem ulanylypdyr. Şygyr düzülişiniň bu görnüşi örän seýrek duş gelýär. Şahyryň bize mälim bolan kytgalary söýgi temasynda bolup, olarda çeperçiligiň ajaýyp nusgalary jemlenendir:
Eý, lebiň käm-bagş zümreýi-yşk,
Waý, ýüzüň kyblagähi ähli-wepa.
Niçe köňül mulazimet kemini,
Kyladyr Baýram kemine eda.
Şahyryň kytgalarynyň ölçegleri birmeňzeş bolup, olar sazlaşýarlar.
Şahyryň goşgularynda duş gelýän ferdiýatlar bolsa, iki setirden ybarat bolup, her bent özara sazlaşýar. Kähalatlarda olar ýeke setirden ybarat kapyýasyz halda-da gabat gelýär, ýöne şahyryň döredijiliginde duş gelýän ferdiýatlar iki setirden ybarat. Mysal üçin:
Täji-syýah imesdir, ol dilistan başynda,
Salmyş humaý saýa serwi-nowan başynda
ýa-da:
Eý, ki serwi-bossany-ygtydalym sen meniň,
Näz birle perweriş tapgan, nahalym sen meniň.
Bentlerden görnüşi ýaly, şahyr çeper söz aňlatmalaryny ýerlikli ulanmak bilen, iki setirde tutuş mazmuny jemlemegi başarypdyr.
Şahyryň döredijiliginde duş gelýän bu şygyr görnüşinde şahyrana mazmuny emele getirmäge gatnaşýan çeperçilik serişdeleriniň nusgawy ülňülerine duş gelmek bolýar. Şeýle-de, bu görnüşlerden peýdalanmak arkaly şahyr bölek setirlerde kämil mazmuny jemlemegi ussatlyk bilen başarypdyr.
Şahyr öz şygyrlarynda watansöýujiligi, ynsanperwerligi ündeýär. Bu bolsa ösüp gelýän ýaş nesillerimizi watançylyk ruhunda terbiýelemäge giň ýol açýar. Mysal üçin, onuň «Ýarmuhammet» atly gazalynda taryhy öwrenijä geregiçe düşünje bar:
Öz kämi bile gan töker, il kämini bermeý,
Huplar ara hudkäm ýigit Ýarmuhammet.
Hem turrasydyr purşiken, ol nowg ki sünbül,
Hem çihresi gülfam ýigit Ýarmuhammet.
Ussat şahyryň pars dilinde ýazan diwanyndaky gazallarynyň ýazylyşynda şahyrana lirizm, söýgi temasy hem agdyklyk edýär:
Bizleri yşk ýolunda gam bilen har eýlemäň,
Yşk ýolunda bizlerden özge gamhor tapylmaz.
Baýrama munça jepa eýlemäň, besdir indi,
Sizlere ondan özge çyn wepadyr tapylmaz.
Mundan başga-da belläp geçsek, Baýram han şahyryň döredijiliginde her bir bent, türkmen serkerdesiniň gaýduwsyz söweşlerde, aldym-berdimli jeňlerde algyr laçyn ýaly duşmana topulyşyny, söýgi ummanynda ugruny ýitiren gaýygyň tolkunlaryň jümmüşinde urnuşyny göz öňünde janlandyrýar. Şahyryň bize gelip ýeten «Türkmen diwanynda» jemlenen gazallardyr goşgularyň many-mazmunynyň çuňlugy, söýgä, gaýga siňdirilen setirleri ýiti zehiniň, pähim-paýhasyň, gujur-gaýratyň, mertligiň nyşany hökmünde öňe çykýar.
Şahyryň «Binowalarga» diýen goşgusynda birnäçe çeper serişdeler jemlenipdir:
Serwi näzim rehm kylgaý binowalarga,
Patşalar merhemet eýlär gedalarga,
Ol şah-y huban lutf ile bolsa hyrydar,
Gedaýy men ki ystygna satar men patşalarga.
Ýokardaky bendiň esasy çeper serişdesi hökmünde şahyr söýgülisini «serwi näzim, şah-y huban» sözlerinde metaforalaryň üsti bilen janlandyrýar. Şahyryň döredijiligine üns berilmeli çeperçilik serişdeleriniň biri hem antitezadyr. Şahyr gapma-garşy düşünjeleri öz maksady üçin ýerlikli ulanypdyr. Meselem, patyşalar — gedalarga. Bentdäki ulanylan işliklerde-de manylar gapma-garşy gelýär: rehm kylgaý, merhemet eýlär, — ystygna satar men (ulumsylyk satmak).
XVI asyryň wekili Baýram han şahyr gapma-garşy düşünjeleri çeper serişde hökmünde birleşdiriji äheňde ýerlikli ulanmagyň üsti bilen söýginiň elýetmezligini, özüniň oňa zardygyny, jeňde näçe şir bolsa-da, söýgi ýolunda asgyndygyny nygtaýar.
Goşgularda duş gelýän çeperçilik serişdeleriniň ýene-de bir görnüşi meňzetme bolup, onuň metaforadan tapawudy meňzetmede «dek, ýaly» sözleriň kömegi bilen iki obýekt biri-birine meňzedilýär. Meselem:
Gäh koýan dek gam beýabanyda sergezdan olu,
Gäh-i mejnun dek junun efratydan bihud bolup.
Diliň çeperçilik serişdelerini göwnejaý utgaşdyrmak bilen şahyr öz pikirini, duýgusyny, dünýägaraýşyny okyjylara ýetirmegi başaranlygy üçin Baýram hanyň şygyrlary edebi bolup, halkyň hakydasynda ýaşaýar.
Sözümiziň şu ýerinde ussat şahyr, akyldar, alym Muhammet Baýram han barada Deli uniwersitetiniň professory Ram Kişore Pandiniň şu setirlerini ýatlap geçmek isleýäris. Professor öz sözünde: «Muhammet Baýram han Türkmeniň ömri we edermenlikleri» atly işinde: «Başga serdarlaryň hiç biri-de batyrlykda, döwleti dolandyrmak ussatlygynda, alymlykda, edebiýaty oňat bilmekde we söweş tejribesinde Baýram han bilen bäsleşip biljek däldir...» diýip belleýär. Bu bolsa görnükli şahyryň edermenlik hem döredijilik ýolunyň dünýä alymlarynda hem uly gyzyklanma döredýändigine şaýatlyk edýär.
Döwlet işgäri, beýik akyldar şahyryň 500 ýyllyk senesi 2000-nji ýylda uly dabara bilen bellenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy bilen 2009-njy ýylyň 17 — 19-njy iýunynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty we Türkmenistanyň Bilim ministrligi «Baýram han we Mogollar şadöwleti» atly halkara ylmy maslahat, şeýle-de geçen 2021-nji ýylda Aşgabatda sanly ulgam arkaly «Muhammet Baýram han Türkmen we türkmen halkynyň mertlik, watansöýüjilik, adamkärçilik ýörelgeleri» atly halkara maslahat geçirildi. Mundan başga-da, serkerde şahyryň 1970-nji ýylda ilkinji gezek saýlanan eserleri, 2000-nji ýylda bolsa uly göwrümli goşgular toplumy ýurdumyzda neşir edilip, halkymyza ýetirildi. Bu ýygyndylara onuň pars hem-de türki dillerindäki goşgularynyň aglabasy girizilipdir. Onuň «Fetihnama» atly öz harby ýörişlerini beýan edýän kitabynyň hem bolandygy barada çaklamalar bar. Muhammet Baýram hanyň «Bahary gör», «Ýarmuhammet», «Tapylmas», «Bilmes men», «Saçyň», «Gözleriň» ýaly batyrlygyň, gahrymançylygyň, söýginiň waspyny edýän ajaýyp goşgulary okyjylar tarapyndan söýlüp okalýar.
Baýram han Türkmen halkymyzyň gadymyýetden dowam edip gelýän milli şöhratly ýoluny dünýä ýüzüne ýaýbaňlandyryp, özüni ukyp-zehini bilen dünýä taryhynyň iň bir meşhur şahsyýetleriniň hatarynda görkezipdir. Serkerdäniň köpgyraňly ukyp-başarnyklary onuň ruhy gymmatlyklara düşünýänligine, durmuş tejribesini ýeterlik özleşdirmekde aň-düşünjeli pikir ýöretmek başarnyklaryna eýedigine doly şaýatlyk edýär. Şonuň esasynda hem döwlet dolandyrylyşynda nyzamly goşuny terbiýelemek, olary ruhy ahlak ýörelgeler bilen watançylyk ruhunda hyjuwlandyrmakda serkerde Baýram hanyň bitiren hyzmatlary dünýä taryhynyň sahypalarynda özboluşly orny eýeleýär.
Şamyrat MUHAMMETGURBANOW.
«Türkmenportal.com» web saýtynyň žurnalisti.
Türkmenistanyň Prezidentiniň
«Türkmeniň Altyn asyr»atly bäsleşiginiň ýeňijisi.
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.
Soňky täzelikler
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI