Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Bildirişler / “Kitap okan gullar magnydan dokdur” atly kitap okamak bäsleşigi
    “Kitap okan gullar magnydan dokdur” atly kitap okamak bäsleşigi surady
    07/06/2023

    2631

    “Kitap okan gullar magnydan dokdur” atly kitap okamak bäsleşigi

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplarynyň arasynda yglan edilen “Kitap okan gullar magnydan dokdur” atly kitap okamak bäsleşiginiň
    DÜZGÜNNAMASY

    Türkmenistanyň Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda giň dünýägaraýyşly, hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetleri terbiýeläp ýetişdirmek baradaky yzygiderli berýän tabşyryklaryny ýerine ýetirmek hem-de talyp ýaşlarda kitap okamaga bolan höwesi artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlap, bu ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň arasynda “Kitap okan gullar magnydan dokdur” atly kitap okamak bäsleşigini yglan edýär.

    I. Umumy düzgünler

    Bäsleşigiň maksady Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda ýaş nesliň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegini gazanmakdan we talyp ýaşlary milli ruhda terbiýelenmekden, geljekki halkaraçy hünärmenleriň öz ene dillerinde okamak we ýazmak endiklerini kämilleşdirmekden ybarat.

    II. Bäsleşigiň şertleri

    “Kitap okan gullar magnydan dokdur” atly döredijilik bäsleşigine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň ähli talyplary öz isleglerine görä gatnaşyp bilerler. Gatnaşyjylar bellenilen günde okamak üçin saýlanyp alnan eserlerden düzülen test soraglaryna we ýazmaça sowallara jogap bererler.

    Bäsleşigiň jemini jemlemek

    Bäsleşige gatnaşyjylaryň test soraglaryna we ýazmaça sowallara beren jogaplaryny seljermek üçin üçin guramaçylar tarapyndan ýörite eminler topary düzüler. Eminler tarapyndan test soraglaryna berlen jogaplaryň takyklygy we ýazmaça sowallara berlen jogaplaryň dolulygy seljeriler. Bäsleşigiň ýeňijileri eminler toparynyň gelen netijesi boýunça kesgitlener.

    Bäsleşikde okamak üçin hödürlenilýän eserler:

    a) Magtymguly Pyragynyň 2014-nji ýylda neşir edilen goşgular ýygyndysyndan şu aşakdaky goşgular:
    1. «Ýeldim tut»;
    2. «Gördüňmi?»;
    3. «Joş bolmasyn»;
    4. «Ýüz bolar»;
    5. «Aty gerek»;
    6. «Är ýanynda bellidir»;
    7. «Döwleti-maly bolmasa»;
    8. «Mert bolmaz»;
    9. «Aýrylma»;
    10. «Göze myhmandyr»;
    11. «Mala seretmez»;
    12. «Ýagşysyn»;
    13. «Läle getirmiş»;
    14. «Sir gider»;
    15. «Ar bile».

    b) Atajan Taganyň «Keseki» romany («Serwi» gelin kitabynyň içinde ýerleşdirilen eser).

    c) Gurbannazar Orazgulyýewiň «Heňňam hekaýatlary» ýygyndysy.

    III. Bäsleşigi guramagyň we geçirmegiň tertibi

    Bäsleşige bu ýokary okuw mekdebinde dürli ugurlarda, hünärlerde okaýan talyplar gatnaşyp biler.

    Her bir gatnaşýan talyp basleshik.hgi@gmail.com elektron salgy arkaly hasaba alynmalydyr. Bäsleşige gatnaşyjylary hasaba almak 2023-nji ýylyň 12-nji iýunyndan 5-nji iýuly aralygynda dowam eder.

    Bäsleşigiň jemleýji gününde talyplara Magtymguly Pyragynyň goşgulary boýunça 20 sany sorag (13 sany test, 7 sany ýazmaça), Atajan Taganyň «Keseki» romany boýunça 20 sany sorag (14 sany test we 6 sany ýazmaça) hem-de Gurbannazar Orazgulyýewiň «Heňňam hekaýatlary» ýygyndysy boýunça 20 sany sorag (13 sany test we 7 sany ýazmaça) hödürleniler. Gatnaşyjy test soraglaryň her bir dogry jogaby üçin 1 utuk, ýazmaça sowallara beren her bir dogry jogaby üçin bolsa 3 utuk gazanar. Ýeňiji utuklaryň sany boýunça kesgitleniler

    Eminler topary bäsleşige gatnaşýan talyplaryň işlerini bahalandyrýar we netijelerini jemleýär.

    Bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Hormat haty bilen sylaglanylarlar hem-de «Gujurly nesil» bilim merkezinde üç aýyň dowamynda dil öwrenmek üçin degişli arzanladyşlara (1-nji orun 100% arzanladyş, 2-nji orun 65% arzanladyş, 3-nji orun 35% arzanladyş) eýe bolarlar.

    Tel: +993 12 226852,
    Elektron salgy: basleshik.hgi@gmail.com

    Şeýle hem bu barada şu ýerden hem okap bilersiňiz:
    https://salamnews.tm/section/ylym-bilim/others/kitap-okan-gullar-magnydan-dokdur-atly-kitap-okamak-baslesigi-yglan-edildi-f1427d

    Soňky täzelikler

    II halkara bäsleşigine gatnaşyjylaryň MAKSATNAMASY surady

    06/05/2025

    II halkara bäsleşigine gatnaşyjylaryň MAKSATNAMASY
    II halkara bäsleşik surady

    28/04/2025

    II halkara bäsleşik
    ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK! surady

    22/04/2025

    ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK!
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI