Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / «KazanForum — 2023»: ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmekde möhüm başlangyçlar
    «KazanForum — 2023»:  ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmekde möhüm başlangyçlar surady
    20/05/2023

    739

    «KazanForum — 2023»: ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmekde möhüm başlangyçlar

    18-19-njy maýda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherinde «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2023» XIV halkara ykdysady forumy geçirildi. Halkara guramalaryň, jemgyýetçilik we maliýe edaralarynyň wekillerini, diplomatlary, syýasatçylary, işewürleri we telekeçileri özünde birleşdiren halkara foruma türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy. Bu barada 16-njy maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde-de bellenilipdi. Dünýä döwletleriniň 84-sinden 15 müňe golaý wekiliň gatnaşmagynda ýokary derejede guralan halkara ykdysady forumyň dowamynda Russiýanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň we Hindistanyň arasynda demir ýol hem-de ulag gurluşyk meýilnamalary babatdaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu forumyň çäklerinde ««Russia Halal EXPO» gözden geçirilişi we «Kazan EXPO» halkara sergi merkezinde maýa goýum we infrastruktura taslamalarynyň sergisi, Kazan halkara atçylyk sport toplumynda «Russia Halal Market» ýarmarkasy, şonuň ýaly-da yslam dünýäsiniň aşpezleriniň aşhana sergisi hem geçirildi. Mundan başga-da, forumyň dowamynda «Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda senagat, ulag we logistika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin infrastruktura şertleri» atly aýratyn mejlis boldy. Bu mejlise türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy hökmünde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew hem gatnaşdy. Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Demirgazyk-Günorta ITC boýunça ýük gatnawyny artdyrmagyň mümkinçilikleri barada durup geçip, Astrahan sebiti bilen işjeň hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, Astrahan sebitiniň portunyň ýörite ykdysady zolagynda logistika merkezini döretmek barada Ähtnama gol çekildi. Munuň özi merkezde ýük daşamalarynyň artdyrylmagyna, şeýle-de Demirgazyk-Günorta ugurlarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine oňyn itergi bolar.


    Şeker BATYROWA,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI