Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Kämil bilim — beýik geljegiň binýady
    Kämil bilim — beýik geljegiň binýady
    Kämil bilim — beýik geljegiň binýady
    Kämil bilim — beýik geljegiň binýady
    Kämil bilim — beýik geljegiň binýady
    27/08/2024

    1165

    Kämil bilim — beýik geljegiň binýady

    Halkymyzda «Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat» diýen paýhasly aýtgy bar. Çünki bilim — jemgyýetiň ösüşini üpjün edýän, ony öňe ilerledýän gymmatlyk. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan döwletimizde ýaş nesle berilýän bilimiň hilini kämilleşdirmek, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli gowulandyrmak babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz: «Beýik Watanymyzyň berkararlygy, güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi her bir türkmen ýigidiniň we gyzynyň biliminde, şahsyýet hökmünde kämilliginde jemlenendir» diýip bellemek bilen, ýaş nesilleriň ruhy we beden taýdan sagdyn hem-de kämil şahsyýetler bolup ýetişmegine möhüm ähmiýet berýär. Şu jähetden, 24-nji awgustda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ady bilen ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň ýolbaşçylarynyň we bu ulgamda zähmet çekýän hünärmenlerdir mugallymlaryň gatnaşmagynda awgust maslahatynyň geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir.
    Maslahatda 2023-2024-nji okuw ýylynyň jemi jemlenildi hem-de täze okuw ýylynda bilim işgärleriniň öňünde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, geçen okuw ýylynda ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda berilýän bilimiň üznüksizligi hem-de arabaglanyşygy üpjün edildi. Şeýle-de bilimli, ylymly, watansöýüji şahsyýetleri kemala getirmäge, okatmagyň hilini, bilimiň mazmunyny halkara ülňülere laýyk getirmäge, pedagogik işgärleri taýýarlamagyň gerimini giňeldip, mugallymlaryň hünär bilimlerini çuňlaşdyrmaga gönükdirilen işleriň uly tapgyry durmuşa geçirildi. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, täze okuw ýylyndan başlap, okatmagyň usulyýetiniň milli tejribä we halkara bilim standartlaryna laýyklykda has-da döwrebaplaşdyryljakdygyna aýratyn üns çekildi. Biz hem maslahata gatnaşan mugallymlardyr terbiýeçileriň käbiri bilen söhbetdeş bolup, olaryň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

    Aýgözel ÖWEZOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy:
    — Täze taryhy döwrümizde ylym-bilim ulgamy döwletimiziň diňe bir içeri syýasatynda däl-de, eýsem, daşary syýasy gatnaşyklarynda hem iň bir ileri tutulýan ugur hökmünde kesgitlenildi. Çünki islendik bir ýurduň ösen milli ylym-bilim ulgamyny dünýä ülňülerinden üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Biz hem döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, innowasion tehnologiýalara esaslanyp, geljekki halkaraçy hünärmenlere daşary ýurt dillerini, aýratyn hem, iňlis dilini çuňňur öwretmäge, bilim işine täzeçil usullary ornaşdyrmaga, diplomatiýanyň dürli ugurlaryna degişli ylmy gözlegleri alyp barmaga möhüm ähmiýet berýäris. Bilim işgärlerine öz hünärleriniň hakyky eýesi bolmak we ýaşlara kämil bilim-terbiýe bermek üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz egsilmezdir.

    Çeşme: "Nesil" gazeti - 26.08.2024 ý. // https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/7/articles/160820

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI