20/03/2024
403
Kakajan Mommadow: «Türkmenistanyň ussat diplomaty» we Magtymgulynyň muşdagy
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň iň tejribeli we esasy mugallymlaryndan biri Kakajan Mommadowyň diplomatik işinde tejribesi ýetik – ol bu ugurda otuz ýyla golaý zähmet çekdi. Talyplar onuň sapaklaryna uly höwes bilen gatnaşýarlar, sebäbi her gezek özleri üçin täze bir zat açyp, diplomatik gullugyň, hakykatdanam gullugyň inçe syrlaryny öwrenýärler.
K.Mommadow üçin diplomatik işi we ykbaly ony nirä atarsa-da, onuň üçin ol hemişe gullukdy. Ol işine mydama jogapkärli çemeleşýärdi, häzirem şeýle, indi ony talyplaryna-da öwredýär. K.Mommadow diplomatik işe baryp 1993-nji ýylda, ýurdumyz daşary syýasat edarasy üçin işgärler toplap başlanda girişipdi. Şol döwürde Daşary işler ministrligine daşary ýurt dillerini suwara bilýän we guramaçylyk tejribesi bolan ýaş hünärmenler gerekdi.
Seýitnazar Seýidi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyny üstünlikli tamamlan K.Mommadow iňlis dilini gowy bilýärdi. Onuň ukyp-başarnygy göz öňünde tutulyp, gysga wagtlyk taýýarlykdan soň, ol Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasyna işe iberilýär. Ilkinji iş sapary iki ýyla golaý dowam etdi. Ýaş diplomat kem-kemden tejribe toplady. Gysga wagtlyk arakesmeden soň kärine ökdelän we abraýly diplomat K.Mommadowa has kyn iş ynanylýar – ol Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynda ilçiniň geňeşçisi bolup işleýär. Birnäçe wagt geçensoň, 2014-nji ýylda oňa Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi derejesi berilýär we şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Niderlandlardaky ilçisi wezipesine bellenilýär.
Dürli jogapkärçilikli diplomatik wezipelerde uzak wagt işlänsoň, K.Mommadow – ilki ýurduň Goranmak ministrliginiň Harby akademiýasynda, soňra Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda mugallym bolup işini dowam etdirdi.
Diplomatik işde birkemsiz we päkýürekli zähmeti üçin K.Mommadow köp sanly döwlet sylaglaryna mynasyp boldy, olaryň arasynda 2014-nji ýylda gowşurylan Magtymguly Pyragy medaly hem bar. Beýik türkmen şahyrynyň muşdagy K.Mommadow bu sylagy iň abraýly baýraklaryň biri hasaplaýar. Bu ýyl oňa ýene bir abraýly sylag goşuldy – K.Mommadowa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýlen hormatly at berildi.
Allaberdi Nyýazow
Soňky täzelikler
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI