30/11/-0001
630
JIGITLER PARLADAN GARAŞSYZ ÝURDUM SEN!
«Garaşsyzlyk, Bitaraplyk - ösüşiň goşa ganaty» atly
çeper-publisistik makalalar bäsleşigine
Mahal-mahal mawy ekran arkaly baýdagymyzyň daşary ýurtlarda behişdi ahalteke bedewlerimiziň üstünde parladylyşyny görýän. Ine, şonda hem Garaşsyzlygymyzy wasp etmekde haýran galdyrýan bu halatlar hakda ýazasym gelýär. Sebäbi bu pursatlarda Garaşsyzlygymyz, ýaşyl Tugumyz dünýä derejesinde wagyz edilýär ahyryn.
Gürrüň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanýan üstünlikleri, olaryň Garaşsyzlygymyzy dünýä has-da meşhur edişleri barada barýar.
Hawa, Türkmen sirk sungatymyzyň durmuşyna indi bir hakykat kada bolup girip barýar. Ol hem «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparymyz dünýäniň haýsy ýurdunda atçylyk sirki boýunça ýaryş geçirilse-de, şol bäsleşiklerden ýeňiji hökmünde Watanymyza dolanyp gelýändikleridir. Özi hem ýöne-möne ýeňijilik däl. Diňe birinji orny eýeleýän, diňe ýaryşlaryň baş baýragyny alýan ýeňijiler bolup, Ýaşyl Tugumyzy iň belentden parladyp dolanyp gelýärler. Bir ýere gidip gelenlere «Gurtmy, tilki?» diýilýän bolsa, diňe iň naýbaşy gurt bolup dolanyp gelýärler. Ynha, jigitlerimiz 2013-nji ýylda Moskwa şäherinde 16 döwletiň sirk atçylyk toparlarynyň çykyşlarynda birinji orny eýeläp, «Altyn Idol» Kubogyna baş baýragyna we beýleki baýraklara mynasyp bolupdylar. Soňra bolsa olar Italiýanyň Latina şäherinde dünýäniň 20 döwletiniň sirk ussatlarynyň gatnaşmagynda geçirilen «Citi of Latinas» atly XVI Halkara festiwalynda çykyş edip, festiwalyň Altyn kubogyny we beýleki birnäçe baýraklaryny almagy başardylar. 2016-njy ýylyň sentýabrynda Gyrgyz Respublikasynyň Çolpan-Ata şäherinde geçirilen Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlarynda, 2018-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen «Fontankadaky» sirk sungatynyň I Halkara sirk sungaty festiwalynda hem türkmen atly jigitleri «Altyn Gaetano» diýen baş baýraga mynasyp boldular. Gadymy Rimde ýeňiş gazanyp geleni uly triumf bilen garşylan bolsalar, her gezek jigitlerimiz hem Aşgabatda uly garşylanma derejä eýe boldular. Hormatly Prezidentimiz şa serpaýy hökmünde Moskwadan ýeňiş bilen gelen jigitlerimiziň her birine altyn zynjyr we pul baýragy gowşurdy.
Hawa, hormatly Prezidentimiz: «Biz diňe bir dünýä ülňülerine laýyk bolmaga çalyşmak bilen çäklenmän, eýsem ol ülňülerden ýokarda bolmagy hem gazanmalydyrys» diýýän bolsa, biziň jigitlerimiz Garaşsyzlyk döwründe dünýä ülňülerinden sözüň doly manysynda ýokarda bolmagyň hakyky nusgasyny görkezýärler. Munuň özi jigitlerimiziň at üstündäki çykyşlarynda dünýäde hiç halkyň çykyp bilmedik belentliklerine çykyp bilmekleriniň ruhy we döwürleýin sebäpleri barada pikir ýöretmek islegini döredýär.
Diňe Italiýada däl, dünýäde «Ähli ýollar Rime barýar» diýen ýörgünli ganatly söz bar. Ýöne jigitlerimiziň Italiýadaky ýeňşi şu döwrümiziň we taryhymyzyň ähli ýollarynyň geçmişde «At üstündäki millet» diýip at alan türkmen halkynyň belent sypatlaryna barýandygyny görkezýär. Geliň, şol ýollara düşüp, milletimiziň taryhdaky at bilen baglanyşykly çykan belentliklerine biraz syýahat edeliň.
Latina-sirk sungatynyň dörän ýerinde bäş günläp dowan eden sirk festiwalyna gatnaşyjy Narly Nuryýewiň aýtmagyna görä, festiwalyň emin agzalarynyň başlygy, köp ýyllap Wengriýanyň döwlet sirkine ýolbaşçylyk eden professor Istwan Kristow jigitlerimiziň çykyşlaryna mynasyp baha hökmünde: «Men ukrain hem rus kazaklarynyň, kawkazlaryň, Orta Aziýa halklarynyň jigitleriniň at üstündäki oýunlaryna tomaşa etdim, ýöne türkmen jigitleri ýaly çalasyn, ezber, her bir hereketi ýürekden ýerine ýetirýän ussatlary görmedim. Atly oýunlarda çapyp barýan atynyň boýnuna böküp münmegi ýa-da çapyp barýan atyň boýnunyň ýa-da garnynyň aşagyndan geçip, ýere ornaşmagy diňe hakyky ussatlar, ýagny türkmen jigitleri ýerine ýetirip bilýär. Indi olary «Monte Karlo» Halkara sirk festiwalynda görmek isleýärin» diýen sözleri dile getiripdir.
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çeper ýolbaşçysy, Türkmenistanyň medeniýetde at gazanan işgäri Pygy Baýramdurdyýew toparyň taryhy üstünlikleri barada şeýle gürrüň berýär:
—Ýeňiş gazanmak öz-özünden bolmaýar. Biziň ýeňişli ýollarymyzyň hemmesine hormatly Prezidentimiziň howandarlygy, hemaýatlary ýalkym saçýar. Biziň ýeňişlerimiziň düýp gözbaşy Garaşsyz, Arkadagly Diýarymyzyň barlygyndadyr. Her gezek daşary ýurtlarda ýeňiş gazananymyzda men bir ajap duýguny başdan geçirýärin. Men şonda özümiň türkmendigime buýsanýaryn.
Buraw bilen ýer astyndan nebit-gaz baýlygynyň çykarylyşy ýaly, bu jigitleriň çykyşy hem misli taryhyň burawy bolup, taryhymyzdaky, ýaşaýyş filosofiýamyzdaky gizlenip ýatan ägirt uly milli baýlyklary açyp berýär. Ýetilen ençeme ýeňişli sepgitlerden soňra «At-döwlet» diýen nakylyň manysyna hem indi has töwerekleýin düşünýärin diýsem, öte geçdigim bolmaz. Men oňa ozal at saklan adamyň öýüne döwlet, rysgal gelýär diýip düşünýärdim. Ýöne indi oňa at mundan başga Garaşsyz döwleti getirýär diýen manynyň hem ýatandygyny görmek bolýar. Türkmeniň näme üçin 70-den gowrak döwlet guranlygynyň sebäbine indi has içgin düşünip bolýar. Halkymyz, esasan, ahalteke bedewleriniň ýyndamlygyna, duýgurlygyna daýanyp, dünýäde şeýle köp döwletleri gurup bilipdirler. Şonça döwletde hem at üstünde türkmen baýdaklary parladylypdyr. Türkmen atynyň dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine, dünýä taryhynyň barşyna eden täsiri uludyr. Eger dünýäniň gapma-garşylyklar kanuny bilen ösýändigini nazara alsak, türkmen atynyň şu garşylyk dörediji täsir bilen Ýewropada uly taryhy özgertmeler bolup geçipdir. Häzirki wagtda adamyň durmuşda üstünlik gazanmagynyň esasy birinji ýoly ruhubelentlik hasaplanylýar. At türkmene şol ruhubelentligi beripdir. Adamzat öz taryhynyň dowamynda esasy baýlyk näme diýen sowalyň üstünde kelle döwüpdir. Olaryň bir bölegi esasy baýlygy altynda, ýene bir topary söwdada, başga bir topary ýerde görüpdir. Türkmen üçin bolsa durmuşda esasy iň uly baýlyk at bolupdyr. Görogly şadessanyna ser salsak «Gyratyň bahasyn sorasaň, sen deý şadan ýüz bolaýdy!» diýilýär. Türkmen esasy baýlygyny at hasaplap ýalňyşmandygyny taryh görkezýär. Ol esasy baýlygyna daýanyp, dünýäde ilkinji siwilizasiýalaryň birini — Magruş siwilizasiýasyny gurdy. Hiç hili altyn-kümüş bilen, söwda ýa ýarag bilen munça döwleti gurup bolmazdy. Dünýädäki halklar ilimize «At üstündäki millet» diýipdirler. «At-döwlet», «At-rysgal» diýlen jümleler bolsa, halkymyzyň ýöne bir atyň üstünde däl, döwletliligiň, rysgal-bereketliligiň üstünde oturanlygyny aňladýar. Halkymyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne ýetmegi, dünýäniň ykdysady ösüş kerweniniň iň öň hatarlaryndan barmagy şol döwletliligiň üstünde otyranlygynyň alamatydyr. Bular barada hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda hem giňişleýin gürrüň edilýär.
Hawa, häzirki jigitlerimize güýç, ussatlyk, kämillik, joşgunlyk berýän gudrat Garaşsyzlykdyr. Munuň syry häzirki jigitlerimizi hemmetaraplaýyn goldap, olaryň arkasynda dag ýaly durýan Garaşsyz, Arkadagly Diýarymyzyň barlygyndadyr.
Geçirilen bäsleşikleriň birinde türkmen jigitleri birinji ýer almak bilen beýlekilerden 40 utuk öňe gidipdirler. Olaryň şeýle üstünlikleri gazanmaklarynyň esasy üç aýratynlygy bolupdyr. Olaryň çykyşlary birinjiden millilik, ikinjiden atlar, üçünjiden çaltlyk, ezberlik bilen tapawutlanypdyr.
Türkmen atlarynda ýeňşe itergi berýän üýtgeşik gylyk häsiýetleriň bardygyny Pygy Baýramdurdyýewiň sözleri hem tassyklaýar:
Bedewlerimiz daşyndan görseň, gyz gylykly, uz ýörişli ýuwaş görünýän ýalydyr. Emma, işe gezek geldigi, bedewlerimiz syçrap, ýanyp duran atlara öwrülip duruberýärler. Hut damarlarynda ganlarynda gaýnap durandyr.
Bedewlerimiziň üstlerine atlanany derrew tanaýandygyny nygtamak isleýärin. Şonuň üçin türkmen ata atlandymy, mert, dogumly oturmaly. Muny at dessine duýýar. Hünärmenler, taryhçylar geçmişde ýigitlerimiziň mert, gaýduwsyz, dogumly bolmak häsiýetleriniň kemala gelmeginde behişdi bedewlerimiziň üstüne atlanany tanamak aýratynlygynyň uly ornunyň bardygyny belleýärler.
Ine, şu söhbetdeşligiň barşynda men gürrüňiň arasyny kesip: «Siz Garaşsyzlygyň şanly 30 ýyllygyna nähili sowgatlary taýýarlaýarsyňyz?» — diýip soradym.
Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygyna biz üýtgeşik sowgat taýýarlaýarys diýip, meşhur jigit sözüni dowam etdi. Baş maksadymyz hormatly Prezidentimize, halkymyza haýran galdyryjy çykyşlary sowgat etmek. Baýramçylyk güni tomaşa edeniňizde olary halajakdygyňyza we haýran galjakdygyňyza ynanýarys.
Pygy Baýramdurdyýewiň beren gürrüňlerini diňledigimçe buýsanjymyň üstüne buýsanç goşulýar. Diýmek, ýaşyl Tugumyz behişdi atlarymyzyň üstünde ýene-de parlar! Ýene-de mukaddes Garaşsyzlygymyz baýdagymyzyň mysalynda dünýä jar bolar!
Goý, şeýle bolsun! Goý, Ýaşyl Tugumyz has belentden parlasyn!
Gunça HAMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň
II ýyl talyby.
Soňky täzelikler
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI