20/05/2024
592
Italiýanyň ykdysadyýetine syn
Geografik ýerleşişi boýunça ädigi ýadyňa salýan Italiýa döwleti ýokary derejede ösen sosial bazar ykdysadyýetine eýedir. Dünýäniň ösen ykdysadyýetli ýurtlarynyň sanawynyň ilkinji onlugyna girýän Italiýanyň ykdysadyýetiniň esasy bölegini hyzmatlar we önümçilik pudaklary tutýar. Mundan başga-da, syýahatçylyk pudagy ýurduň ykdysadyýetine saldamly goşant goşýar.
Italiýa Ýewropa Bileleşiginde 3-nji uly milli ykdysadyýetdir. Ýurt senagat önümçiligi boýunça Ýewropanyň 2-nji, dünýäniň 7-nji ýurdudyr. Häzirki wagtda Italiýa nominal jemi içerki önümi boýunça dünýäde 9-njy, satyn alyş kuwwaty babatda 13-nji orny eýeleýär. 2024-nji ýylda ýurduň jemi içerki önüminiň ösüşiniň 0,7 göterime deň bolup, görkezijileriň degişlilikde, 2,328 we 3,347 trillion amerikan dollary möçberinde boljakdygy çaklanylýar. Şeýle-de üstümizdäki ýylda ilatyň jan başyna düşýän nominal jemi içerki önüminiň 39,580 amerikan dollaryna deň bolmagyna garaşylýar.
Eksporty we importy
Italiýa eksport kuwwaty babatda hem öňdebaryjy ýurtlaryň hatarynda bilinýär. Has dogrusy, ýurt 2022-nji ýylda umumy bahasy 634 milliard amerikan dollaryna deň bolan italýan harytlaryny daşary ýurtlara çykaryp, dünýäniň 7-nji eksportçysy boldy. Bary-ýogy 5 ýylyň içinde, has takygy, 2017 — 2022-nji ýyllarda Italiýanyň eksportynda 136 milliard amerikan dollarlyk ösüş hasaba alyndy. Umuman alanyňda, 1993 — 2023-nji ýyllar aralygynda Italiýanyň eksport kuwwaty 8 esse ýokarlandy. Has takygy, 2023-nji ýylyň mart aýynda ýurduň eksporty 63,7 milliard amerikan dollaryna deň boldy. 1993-nji ýylyň awgust aýynda bu görkeziji bary-ýogy 8,4 milliard amerikan dollaryna deňdi. Ýurduň söwda hyzmatdaşlarynyň hatarynda Germaniýany, Fransiýany, ABŞ-ny, Ispaniýany, Beýik Britaniýany, Şweýsariýany, Hytaýy, Niderlandlar Patyşalygyny agzamak bolar.
Italiýanyň Milli statistik institutynyň hasabatyna görä, dünýä bazarynda Italiýada öndürilen şaý-seplere we dokma önümlere bolan isleg peseldi. Netijede, 2024-nji ýylyň mart aýynda Italiýanyň eksport harytlarynyň mukdary 54,18 milliard ýewro deň boldy. Bu geçen ýylyň degişli döwründäkiden 8,9 göterim pesdir, ýöne şu ýylyň fewral aýy bilen deňeşdirilende bolsa, 0,8 milliard ýewro köpdür. Ýeri gelende bellesek, «Trading Economicsiň» bilermenleri Italiýanyň eksportynyň 2025-nji ýylyň degişli döwründe 62,7 milliard ýewro, 2026-njy ýylda 66,9 milliard ýewro ýetjekdigini çaklaýarlar.
Italiýanyň eksport harytlaryna awtoulaglar we ätiýaçlyk şaýlary, dokma we deri önümleri, egin-eşikler, aýakgap, aksessuarlar, azyk harytlary, himiki serişdeler degişlidir.
«ENI» nebit we gaz kompaniýasy
«ENI» Italiýanyň köpmilletli nebit we gaz kompaniýasy bolup, ol 1953-nji ýylda döredildi. Kompaniýa dünýädäki iň iri döwlet nebit we gaz kompaniýalarynyň hataryna girýär. «ENI» nebit we gaz almakdan başga-da, nebiti gaýtadan işleýär, himiýa önümlerini öndürýär we energiýa işläp çykarýar. Italýan kompaniýasy girdejisiniň esasy bölegini nebit önümleriniň satuwyndan gazanýar. Resmi maglumatlara görä, kompaniýa 2022-nji ýylda umumy möçberi 60,52 we 2023-nji ýylda 50,51 milliard kub metre deň bolan tebigy gaz satdy.
2023-nji ýylda «ENI» kompaniýasynyň umumy söwdasy 93,7 milliard ýewro, arassa girdejisi bolsa 4,77 milliard ýewro deň boldy. Kompaniýa üçin 2022-nji ýyl üstümizdäki asyryň iň şowly ýyly hökmünde hasaba alyndy. Şol ýyl tebigy gazyň we çig nebitiň nyrhynyň ýokarlanmagy netijesinde, «ENI» kompaniýasynyň söwdasy 130 milliard ýewro barabar boldy we 14 milliard ýewro golaý arassa girdeji gazandy. 2023-nji ýylyň 31-nji dekabr ýagdaýyna görä, kompaniýanyň bazar kapitaly 50 milliard ýewro deň bolup, onuň 30,33 göterim ülşi Italiýanyň Hökümetine degişlidir.
2022-nji ýylda «ENI» kompaniýasy «Fortune Global 500» we «Fortune Global 2000» sanawynda 111-nji orny eýeläp, sanawdaky 3-nji iň iri italýan kompaniýasy boldy. Ýeri gelende aýtsak, Italiýanyň iň uly nebit we gaz kompaniýasy bolan «ENI» degişli ugurda Ýewropa Bileleşiginde 2-nji, dünýäde 13-nji orny eýeleýär.
Häzirki wagtda «ENI» kompaniýasy dünýäniň 63 ýurdunda iş alyp barýar. Şol sanda «ENI» kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy bolan «ENI Turkmenistan Limited» 2008-nji ýyldan bäri işleýär. Ol önümi paýlaşmak hakyndaky şertnama esasynda «Nebitdag» ýatagynyň çäklerinde iş alyp barýar we günde 2 müň tonnadan gowrak nebit çykarýar.
«Gucci» moda kompaniýasy
1921-nji ýylda esaslandyrylan «Gucci» moda kompaniýasynyň önümleri dünýäniň iň meşhur brendi hasaplanýar. Italiýanyň Florensiýa şäherinde ýerleşýän kaşaň moda kompaniýasynda ýantorbalar, egin-eşikler, aýakgaplar, aksessuarlar we öý bezegleri öndürilýär. Şeýle-de «Gucci Beauty» ady bilen parfýumeriýa we kosmetika serişdeleriniň önümçiligi alnyp barylýar.
Häzirki wagtda moda kompaniýasynyň dünýä ýüzünde 500-den gowrak dükany hereket edýär. 2022-nji ýylda «Gucci» brendi dükanlarynyň söwdasyndan 11 milliard amerikan dollary möçberinde girdeji gazandy. Ýeri gelende bellesek, moda kompaniýasy wise-prezidentine ýylda 251 — 441 müň amerikan dollary aralygynda, müşderi geňeşçisine bolsa 50 — 83 müň amerikan dollary aralygynda zähmet hakyny berýär. Mundan başga-da, kompaniýa tikinçilerine sagadyna 31,36, satyjylaryna 11,17 amerikan dollary möçberinde hak töleýär.
«Ferrero» kompaniýasy
Italiýanyň köpmilletli kompaniýasy «Ferrero» şokolad we konditer önümlerine ýöriteleşendir. «Ferrero» dünýäniň iň uly 2-nji şokolad we konditer öndürijisi bolup, ol Ferrero maşgalasyna degişli bolan hususy kompaniýadyr. 1946-njy ýylda Italiýanyň Alba şäherinde kiçijek konditer dükany hökmünde işläp başlan «Ferrero» kompaniýasynyň häzirki wagtda dünýäniň 5 yklymynda 37 sany önümçilik kärhanasy hereket edýär. Kompaniýanyň taýýar önümleri dünýäniň 170-den gowrak ýurdunyň bazarlarynda elýeterlidir. Bu günki günde kompaniýanyň 47 müňden gowrak işgäri bolup, olar dünýäniň 145-e golaý milletinden düzülendir.
2023-nji ýylyň 31-nji awgustynda kompaniýanyň söwda dolanyşygy 17 milliard ýewro deň boldy. Bu görkeziji 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 20,7 göterim ýokarydyr. Ýeri gelende bellesek, 2023-nji ýylda kompaniýa önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak maksady bilen, ABŞ-da, Italiýada, Germaniýada, Ispaniýada hereket edýän önümçilik zawodlaryna umumy bahasy 811 million ýewro deň bolan maýa goýdy.
«Ferrero» kompaniýasy dünýäniň ýyllyk funduk önümçiliginiň dörtden bir bölegini gaýtadan işleýär. Önümçilik sehlerinde ýylda 1 374 224 tonnadan gowrak «Nutella», «Rafaello», «Kinder», «Kinder Bueno», «Kinder Joy», «Kinder Surprise» brendli süýjüliklerdir konditer önümleri öndürilýär.
Türkmen-italýan gatnaşyklary
Türkmenistan we Italiýa Respublikasy ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn esasda, abraýly halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk alyp barýar. Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady, energetika ulgamlarynda we hususy pudakda ýola goýlan netijeli gatnaşyklary görkezip bolar. Soňky ýyllarda köpugurly mümkinçiliklere eýe bolan hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi toplandy. Bu bolsa, elbetde, iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň ýokarlanmagyna itergi berýär.
Resmi maglumata görä, 2023-nji ýylda Türkmenistan bilen Italiýanyň arasyndaky umumy söwda dolanyşygy 229 million ýewrodan gowrak boldy. Bu 2022-nji ýyldakydan 32,8 göterim köpdür. Hasabat döwründe Italiýanyň türkmen bazaryndan importy 80,17 million ýewro deň bolup, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 18,1 göterim ýokarlandy. Şol bir wagtyň özünde Türkmenistan Italiýadan, takmynan, 148,83 million ýewro deň bolan haryt import etdi. Bu bolsa 2022-nji ýyldakydan 42,4 göterim artykdyr.
Umuman, 2023-nji ýylda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynyň arasyndaky söwda dolanyşygy 87 göterim ýokarlanyp, 1,87 milliard ýewro ýetdi. Bu görkeziji 2022-nji ýylda 1 milliard ýewro deňdi.
Taýýarlan:
Jahantäç ÖWEZOWA,
TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby,
«Biznes reklama».
Çeşme: "Biznes reklama" gazeti -20.05.2024 ý. //
Soňky täzelikler
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI