Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Institutyň gözli şaýady
    Institutyň gözli şaýady surady
    30/04/2024

    1605

    Institutyň gözli şaýady

    Ol ýene-de bir ýerlere howlugyp barýar. Şeýle pursatlar ondan: «Beýle howlukmaç nirä barýaň?!» diýip sorasaň, hemişe ýylgyryp, «duşuşyga» diýip jogap berýär. Biz-ä oňa öz ýanymyzdan «ýatlamalaryň kolleksioneri» diýip ýüzlenýäs. Diýmezçe-de däl. Onuň «gözünde» galýan pursatlar hakyda ýazgysyna baky ýazylýar. Hawa, gürrüň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby, institutymyzyň okuw studiýasynyň operatory Serdar Borjakow hakynda barýar.
    Elkyssa, habary kimden al, eşidenden däl-de, görenden diýleni. Serdar Borjakow institutymyza degişli bolup geçýän ähli köpçülikleýin çäreleri, duşuşyklary ýazga geçirýär. Söhbedimiziň küle ýeri, ol biziň talyplygymyzy wideoşekillerde ebedileşdirýär. Kämahallar ol: «Oglanlar, ýyllar geçip, institutymyzyň wideoýazgylarynda öz ýaşlygyňyzy, talyplygyňyzy görüp, maňa sag bolsun aýdarsyňyz, ýazgylarda siz bir ömür juwan bolup galarsyňyz» diýip degişýär.
    Serdar Borjakow asyl, tebigaty boýunça hem ýumşakdan degişgen oglan. Ol çärelerde talyplary ýazgy edýän pursatlary olara: «Hany, özüňizi timarlaň, men sizi telewideniýäniň ýyldyzy etmekçi» diýip degişmeli ýüzlenýär. Bir gün hem şeýle çäreleri ýazgy edende şekile düşen talyplaryň birini teleýaýlymda ýurdumyzyň çet obasynda ýaşaýan maşgalasy görýär. Perzendini teleýaýlym arkaly ilkinji gezek synlaýan ene begençli gözýaşlaryny saklap bilmeýär. Hälki talyp Serdar Borjakowyň ýanyna gelip, ähli bolan zatlary gürrüň berip, sag bolsun aýdýar. Serdardan bu hakynda soranyňda: «Edýän işimiz eneleri begendirip bilýän bolsa, armanymyz näme!» diýip buýsançly jogap berýär.
    Serdar Borjakow Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetine okuw giren günlerinden operatorçylyk bilen ýakyndan gyzyklanyp başlaýar. «Yhlaslynyň ýary Taňry» diýlişi ýaly, oňa bu işi gowy öwrenmekde institutyň talyplary Döwletgeldi Borjakow, Amangeldi Ýegenow dagy ýakyndan ýardam edýär. Halkara žurnalistikasy fakulteti döredijilik bilen dem alansoň, bu ýerde hatda talyplaryň arasynda hem halypa-şägirtlik ýörelgesi ýola goýlandyr. Çünki fakultetde owaldan metbugatda, telewideniýede zähmet çekip ýören talyplar bar. Olar degişli ugrundan höwes edýän ýaş oglandyr gyzlara halypalyk edýär. Şeýde-şeýde ýodalar ýola öwrülýär. Bu günki gün Serdar Borjakow okuwyndan boş wagtlary «Türkmenistan» teleýaýlymynyň operatory bolup zähmet çekýär.
    Serdardan «Ýazga geçirýän gepleşikdir taslamalaryňdan seniň üçin iň täsirlisi haýsy?!» diýip soranyňda, ol bada-bat: «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşigi diýip jogap berýär. Ol: «Bu bäsleşik — üýtgeşik meýdança. Onda zehin bilen zehin, taryh bilen şu gün didarlaşýar. Şeýle duşuşygyň gözli şaýady bolmagam meniň üçin uly nesibe» diýýär.
    «Mekdep okuwçylarynyň bäsleşigiň dowamynda sowallara jogap bermek üçin oýlanyp duruşlary, ýeňiji bolanlarynda buýsançdan ýaňa çar ýana seredip, begenýän pursatlary — aýratyn bir sungat eseri. Operator üçin şeýle pursatlary ýazga geçirmek uly lezzet» diýip, Serdar Borjakow özüne bäsleşikden ýeten täsirleri paýlaşýar.
    ...Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplarynyň hersi bir ýagşy işiň başynda. Ýokary okuw mekdebimiziň çäginde ýaşlaryň okuwdan daşary gyzyklanýan ugurlary boýunça hem kämilleşmekleri üçin ähli şertler döredilendir. Institutymyzda Serdar Borjakow ýaly yhlasly talyplaryň bardygy aýratyn buýsançly. Biz olara yhlasyňyz myrat tapsyn diýýäris!

    Gurbansähet GURBANSÄHEDOW,
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

    https://iirmfa.edu.tm/tm/gazet/yas-diplomatyn-sesi-internet-gazeti-12-95_1409

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI