465
INSTITUTDA GEÇIRILEN DERS OLIMPIADANYŇ JEMI JEMLENDI
2025-nji ýylyň 30-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde guramagynda “Watanyň daýanjy – bilimli ýaşlar, Arkadagly Gahryman Serdaryň guwanjy ýaşlar!” atly olimpiadanyň I we II tapgyrynyň netijeleri boýunça ýeňijiler yglan edildi.
Olimpiadanyň I we II tapgyrlarynyň jemleri boýunça I orna Ak bugdaý etrabynyň tebigy we takyk ugurly okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 46-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Mähri Durdynazarowa, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Şatlyk şäherindäki takyk we tebigy ugurlardan ýöriteleşdirilen 43-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçylary Annajemal Arslanowa, Merjen Öwezberdiýewa, II orna Mary welaýatynyň Mary şäheriniň 19-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Näzik Amanowa, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň 1-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Bibiaýşa Mekanowa, Mary welaýat Sakarçäge etrap Şatlyk şäher takyk we tebigy ugurlardan ýöriteleşdirilen 43-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Ata Toýlyýew, III orna bolsa Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň 36-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçylary Maýa Akmyradowa, Güljennet Alyýewa, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Şatlyk şäherindäki takyk we tebigy ugurlardan ýöriteleşdirilen 43-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Muhammetnur Maksatmyradow mynasyp boldular.
Olimpiadanyň netijeleri boýunça ýeňiji bolan mekdep okuwçylary institutyň Hormat hatlary we Türkmenistanyñ Kärdeşler arkalaşygynyň gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglanyldy.
Güldäne AHMEDOWA,
Türkmensitanyñ Daşary işler ministrliginiñ
Halkara gatnaşyklary institutynyñ
Halkara gatnaşyklary fakultetiniñ I ýyl talyby.