Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Inçekesele garşy göreşmegiň Bütindünýä güni
    Inçekesele garşy göreşmegiň Bütindünýä güni surady
    30/11/-0001

    880

    Inçekesele garşy göreşmegiň Bütindünýä güni

    Inçekesele garşy göreşmegiň Bütindünýä güni – Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň başlangyjy bilen 1993-nji ýylyň 24-nji martynda inçekeseli global meseleleriň biri diýip yglan etmek bilen, bu günde dünýä ýüzünde inçekeseli ýok etmek baradaky tagallalary habarly etmegi maksat edindi.
    Bu sene 24-nji mart güni saýlanylmagynyň hem öz sebäbi bardyr. 1882-nji ýylyň 24-nji martynda nemes alymy, mikrobiolog Robert Koh inçekesele sebäp bolýan bakteriýanyň tapylandygyny habar bermek bilen bu keseli anyklamak we bejermek üçin has köp gözleg geçirmäge mümkinçilik döretdi.
    Her ýyl bu senäni dürli şygar astynda geçirmek indi däbe öwrüldi. Bu ýyl bolsa, ýagny 2022-nji ýylda Inçekesele garşy göreşmegiň Bütindünýä güni “Inçekesele garşy göreşmek üçin serişdeleri toplamak” şygary bilen bellenilýär. Bu şygaryň mazmuny, inçekesele garşy göreşi çaltlaşdyrmak we dünýä bileleşiginiň bu keseli ýok etmek baradaky Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ählumumy saglygy goraýyş kadalaryna laýyklykda, durmuşa geçirmeli borçlaryny ýerine ýetirmek üçin gyssagly serişdeleri toplamagyň zerurlygyny aňladýar.
    Ýurdumyzda ýokanç keselleriň öňüni almaklyk baradaky işleri düzgünleşdirmek maksady bilen 2021-nji ýylyň 13-nji martynda “Ýokanç keselleriň öňüni almak” hakynda Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Kanunda ýokanç keselleriň öňüni almak çygrynda döwlet syýasatynyň esasy ýörelgelerini üpjün etmek, ilatyň ýokanç kesellerden goralmagy ugrunda durmuşa geçirmek we bu ugurda döwlet maksatnamasynyň işlenip düzülmegini düzgünleşdirýär hem-de ýokanç keselleriň öňüni almagyň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitleýär.
    Häzirki wagtda ýurdumyzda ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, jemgyýetiň kesellere garşy durmak ukybyny ýokarlandyrmak boýunça giň möçberli toplumlaýyn işler ýaýbaňlandyryldy.
    Türkmenistan “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny ýylyň-ýylyna üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, öz çäginde birnäçe howply ýokanç keselleriň, şol sanda drakunkulýoz, poliomiýelit, gyzzyrma, gyzamyk we gyzylja keselleriniň ýok edilmegini gazandy. Häzirki wagtda dürli görnüşli 14 sany kesele garşy çagalara ýokary hilli waksinalary köpçülikleýin sanjym etmek çäresi ýola goýuldy. Bu işleri halkara derejesinde alyp barmak maksady bilen ýurdumyz köp sanly halkara guramalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk saklap, BMG-niň we onuň iri düzümleriniň – Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň, Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) we beýleki guramalaryň giň ykrarnamasyna mynasyp boldy.

    Satlykdurdy HUDAÝBERDIÝEW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara hukugy fakultetiniň III ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI